Aýazbabanyň agtygy

14 Dekabr 2024
173

Täze ýyl diýilse, ilki bilen, kim ýadyňyza düşýär?! Bezelen arça bilen eli uzyn hasaly Aýazbaba göz öňüňize gelýärmi?! Gelýändir. Mende-hä şeýle. Täze ýyl golaýladygy, beýleki çagalar bilen birlikde, men hem Aýazbabanyň gelmegine sabyrsyzlyk bilen garaşyp başlaýaryn. Aslynda, Aýazbaba garaşmaýan çaga barmy diýsene.

Aýazbabanyň agtyjagy Garpamygyňkydan hezili ýok. Hemmeler Aýazbaba bilen Garpamyga garaşýarlar. Ynanmasaňyz, synap göräýiň, Täze ýylda Aýazbaba bilen birlikde hökman Garpamygyň hem adyny tutup çagyrýandyrlar. Olar nirä gitseler, hemişe bileje gidýärler, bileje şatlanýarlar. Olary bir-bireksiz göz öňüne getirmegem mümkin däl. Şol sebäpli, Garpamyk hiç wagt Aýazbaba garaşman, ak sakgally babasynyň ýanynda bolýar. Biziň hem Aýazbaba ýaly babamyz bolsady...

Mähriban ANNAMEREDOWA,
Tejen etrabyndaky tebigy ugurly derslere ýöriteleşdirilen 33-nji orta mekdebiň okuwçysy.