HABARLAR

Heýkeller dünýäsinde

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda heýkeltaraşlyk sungaty hem pajarlap ösýär. Ýurdumyzyň çar künjüni Garaşsyz Watanymyzyň şöhratly geçmişinden, bagtyýar şu gününden söhbet edýän ajaýyp heýkeller bezeýär. Olaryň arasynda Türkmenistanyň halk suratkeşi Babasary Annamyradowyň zehininden dörän heýkeller hem görnükli orun tutýar. Heýkel diýmek gaýrat diýmek bolsa gerek. Heýkeli döredilýäniňem, ony döredijiniň hem gujur-gaýratynyň artyk bolmagy, megerem, bu sungatda ilkinji şert bolsa gerek. Olar hem özünden öňki halypalardan görelde alandyrlar. Elbetde, ýene olaryň gaýratyndan! Bu pikirler halypa heýkeltaraş Babasary Annamyradow bilen söhbetdeşlikden soň döredi. Elbetde, bilşimiz ýaly, gaýrat düşünjesine bolsa erjelligem, zähmetsöýerligem, sungata wepalylygam — ählisi girýär.

Türkmenistan — Owganystan dostlugyň medeni kökleri

Şanly ýylymyzyň ilkinji günlerinde Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermegi bilen gojaman Jeýhunyň boýuny bezäp oturan gadymy Lebapda Owganystan Yslam Respublikasynyň Akina — Andhoý beketleriniň aralygyndaky 30 kilometr demir ýolunyň, Ymamnazar — Akina, Serhetabat — Turgundy optiki-süýümli halkara aragatnaşyk ulgamynyň, Kerki — Şibirgan ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt elektrik geçirijisiniň we «Malaý» gaz ýatagynda gaz gysyjy desganyň işe girizilmegi parahatçylygy, ynanyşmagy, dost-doganlygy, ynsanperwerligi ýüreginde aýdym, dilinde dessan, kalbynda bossan edip ýaşaýan bagtyýar watandaşlarymyzyň buýsanjyny püre pürledi. Çünki goňşy Owganystan Yslam Respublikasynyň ak asmanyny türkmen energetikasynyň nurlandyryp başlamagy, Beýik Ýüpek ýolunyň sakasyndaky Çynma-Çyna türkmen gazynyň iberilmegi diňe bir bu dostlukly ýurtlaryň däl, eýsem, tutuş Gündogar sebitiniň taryhy üçin şanly waka öwrüldi. Munuň özi, Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde milli Liderimiziň baştutanlygynda aragatnaşyk, ýol, energetika we nebit-gaz ulgamlaryndaky özgerişleriň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Täze elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň hem-de demir ýolunyň ulanylmaga berilmegi Türkmenistan bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň arasynda giň

Bu türkmeniň goşa-goşa täji bar

Asyrlaryň dowamynda halkymyzyň aýdym-saz sungatynyň kämilleşdirilip, şu günlerimize gelip ýetmeginde bagşy-sazandalarymyzyň bitiren hyzmatlary örän uludyr. Aýdym-saz barada Gahryman Arkadagymyz «Türkmen medeniýeti» atly kitabynda şeýle belleýär: «Aýdym-saz sungaty — täzelenişiň we döredijiligiň çeşmesi. Bu gün türkmen toýlarynyň sahnasynda halk aýdymlary, häzirkizaman türkmen kompozitorlarynyň ata Watanymyzy, türkmen halkyny, onuň köp asyrlyk şöhratly taryhyny, tebigatymyzyň gözelligini we Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gazanylýan üstünlikleri wasp edýän kämil, şowhunly eserler aýratyn joşgunlylyk we özüne çekijilik bilen ýerine ýetirilýär. «Jeýhun bilen bahry Hazar arasynda» — keremli Watanymyzda bagtyýarlyga gowşan halkym bu gün bagşy tutup, at çapdyryp, altyn gabak atdyryp, göreş tutduryp uludan toý tutýar». Türkmen aýdym-saz sungatynyň ägirtleri, beýik ýerine ýetirijilik ussatlyklary bilen öçmejek yz galdyran bagşylar Sahy Jepbarow, Magtymguly Garlyýew, Nurberdi Gulow, Ödenýaz Nobatow, Aşyrmämmet Dawudow ýaly halypalar şirin owazlary bilen ýüreklerde ömürlik orun aldylar.

Ýylyň şygarynyň şanyna

Düýn Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde täze ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygaryna bagyşlanan sergi geçirildi. Oňa muzeý işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, jemgyýetçilik guramalarynyň, kitaphana ulgamynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Giň gerimde ýaýbaňlandyrylan sergide ýurdumyzyň taryhy ýadygärlikleriniň fotosuratlary, milli gymmatlyklarymyzyň şekilleri, sünnälenip çitilen türkmen halylary, özboluşly nusga eýe bolan milli lybaslarymyz, ussat zergärlerimiziň zenanlara hem-de halkymyzyň buýsanjyna we şöhratyna öwrülen bedewlere niýetläp ýasan şaý-sepleri görkezildi we olar sergä gatnaşanlarda uly gyzyklanma döretdi.

Hünär kämilliginiň köşgi

«Jahan» döredijilik merkezinde myhmançylykda bolanymyzda, ýaş zehinlerimiziň ençemesiniň öz höwes edýän ugurlaryndan başlangyç hünär öwrenýändiklerine, ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirýändiklerine şaýat bolduk. Aýdyň ertirlerimiziň eýeleri bolan balalarymyzyň bagtyýarlygy üçin döredilýän mümkinçilikler ýurdumyzyň röwşen geljegine bolan ynamyňy has-da artdyrýar. Arzuwlary ganatly ýaşlarymyzyň ajaýyp döwrümize bolan buýsançlary, kalp joşgunlary, Gahryman Arkadagymyza aýdýan alkyş sözleri bagt mukamy bolup ýaňlanýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigine

ASYRLARYŇ ŞAÝADY Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ähli ugurlarda ösüşlere beslenýän ata Watanymyzda halkymyzyň milli medeniýetini we sungatyny ösdürmäge, geçmiş taryhyny çuňňur öwrenmäge ýokary derejede üns berilýär. Şöhratly geçmişimiziň sahypalaryna nazar salanymyzda taryhyň dürli döwürlerinde ýurdumyzyň çäklerinde uly-uly şäherleriň, bilim ojaklarynyň bolandygyna we bu toprakda dünýä medeniýetine we sungatyna, ylymlaryň dürli ugurlaryna saldamly goşant goşan alymlaryň, beýik şahsyýetleriň ýaşap geçendiklerine göz ýetirýäris. Şol döwürlerden habar berýän gadymy ýadygärlikleriň köpüsi hem-de geçmişde öçmez yz goýan beýik şahsyýetlerimiz baradaky gymmatly maglumatlar asyrlar aşyp, nesilden-nesle geçip, özüniň baý taryhy gymmatlygyny ýitirmän, biziň günlerimize hem ýetip gelipdir.

Sungatda taplanýan zehin

Mähriban çagalar, siz «Nejep oglan» dessany barada nämeler bilýärsiňiz? Belki, ony okansyňyz, ol boýunça sahnalaşdyrylan oýna tomaşa edensiňiz. Dessanyň wakalary göz öňüňize gelýändir. Oýnuň gahrymanlary ýadyňyza düşdümi? Mümkin, dessan barada ýene-de bilmek isleýänsiňiz. Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginde «Nejep oglan» çeper filmi surata düşürildi. Dessan boýunça filmiň edebi esasyny Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gowşutgeldi Daňatarow ýazdy. Filmiň režissýory Wepa Işangulyýew, operatory Nurmuhammet Borjakow, suratkeşi Baýram Patyşagulyýew, kompozitory Türkmenistanyň at gazanan artisti Omar Igamow hem-de filmiň gurnaýjysy Allamyrat Kerimow. Tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylanan bu filmi teleýaýlym arkaly köpiňiz görensiňiz. Filmde Nejebiň keşbinde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň milli saz gurallary orkestriniň artisti, solisti Söhbet Annamyradow, Nejebiň çagalyk keşbinde deň-duşuňyz Mekan Amanow surata düşdi. Kino sungatymyzyň täze zehinleriniň ýüze çykmagy, olaryň başlangyç ädimlerde şowly çykyşlary bilen tanalmaklary, milli sungatymyzyň ösmegi, bu ugurdan ýaşlar üçin döredilýän mümkinçilikleriň netijesidir. Ýaşajyk kino artistimiz bilen ýakyndan tanyşdyrmagy makul bildik.

Gözelligiň gözleginde

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaş nesilleriň sagdyn hem erkana ösüp ulalmaklary, göreldeli okamaklary we dürli ugurlar boýunça zehindir başarnyklaryny ösdürmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilendir. Şeýle mümkinçilikleriň netijesinde ylham-zehininden gözellik döredýän jigilerimiziň biri-de Aşgabat şäherindäki 53-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Şanazar Eminowdyr. Žurnalymyzyň şu sahypasynda Şanazaryň çeken suratlarynyň käbiri bilen tanyş edýäris.

Gurjakgoş

Nesil terbiýesinde milli däp-dessurlaryň ähmiýeti barada söhbet Ýaş nesillerde ýokary ahlaklylyk, ruhubelentlik, bilesigelijilik, bilimlere ymtylmak ýaly düýpli häsiýetleri kemala getirmek döwrüň möhüm wezipesi. Bu barada hormatly Prezidentimiz 8-nji ýanwarda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ilkinji mejlisinde aýratyn durup geçdi. Ata-babalarymyzdan gelýän milli däp-dessurlary, türkmençilik ýoluny ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmegiň wajypdygyny aýtdy. «Türkmenistan ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda geçiriljek ähli çärelere ýaşlaryň işjeň gatnaşmalydygyny aýratyn nygtady. Bu möhüm işde bilim-terbiýeçilik edaralarynyň işgärleriniň, mugallymdyr terbiýeçileriň paýyna aýratyn jogapkärçilik düşýär. Yhlasly zähmeti, ugurtapyjylygy, ýeterlik bilim-tejribesi bolan şeýle ynsanlar ýaş nesilleriň kalbynda milli ýörelgelerimize bolan çäksiz söýginiň çyragyny ýakýarlar. Gyşyň sowujak howasynda ýylyjak pejiň gapdalynda oturan Nabat daýza ik egirýärdi. Onuň arzuwly kalby bireýýäm inçelik bilen tow berlen ýüpünden jorap örüp, balalarynyň aýagyny ýyladýardy. Gözi-gulagy bolsa, «Gurjakgoş» oýnaýan gyzjagazlaryň şowhunyndady. Bu wagt Ogulnurdyr Güljemal gyýkyndy matalardan tikilen naşyja ýorgan-ýa

Bagtyýar günleriň bagtly ýaşlary

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesle uly üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynda ýaş nesil babatdaky aladanyň möhüm orun eýeleýändigi bizi ýokary ruhubelentlikde döwrebap ylym-bilim almaga borçlandyrýar. Ýurdumyzyň ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy wezipesi adamyň we jemgyýetiň ösmegine ýardam etmekden, onuň intellektual hem-de zähmet mümkinçiliklerini kemala getirmekden, ýaşlara döwrebap bilim bermekden ybaratdyr. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji günlerinde Arkadag Prezidentimiz «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» tassyklamak hakynda Karara gol çekdi. Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýaşlar barada döwlet derejesinde maksatnamanyň kabul edilmegi we ony üstünlikli durmuşa geçirmek üçin Diýarymyzyň ähli ulgamlary bilen agzybirlikde işleriň alnyp barylmagy hem bizi — ýaşlary guwandyrýar.