Düýn Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde täze ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygaryna bagyşlanan sergi geçirildi. Oňa muzeý işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, jemgyýetçilik guramalarynyň, kitaphana ulgamynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Giň gerimde ýaýbaňlandyrylan sergide ýurdumyzyň taryhy ýadygärlikleriniň fotosuratlary, milli gymmatlyklarymyzyň şekilleri, sünnälenip çitilen türkmen halylary, özboluşly nusga eýe bolan milli lybaslarymyz, ussat zergärlerimiziň zenanlara hem-de halkymyzyň buýsanjyna we şöhratyna öwrülen bedewlere niýetläp ýasan şaý-sepleri görkezildi we olar sergä gatnaşanlarda uly gyzyklanma döretdi.