HABARLAR

Ussatlar unudylmaýar

Türkmenistanyň halk bagşysy Magtymguly Garlyýewiň her obada, ilde sulhy alyşýan dostlary bolupdyr. Halypa bagşy aýdym-saza düşünýän, oňa hormat goýýan adamlar bilen gatnaşyk eder eken. Bilbil owazly bagşy hökmünde tanalan Çuwal halypanyň gadymy Köneürgenç sebitleriniň üstünden ýoly düşäýse, ol hökman kakam Kakabaý Nuryýew bilen didarlaşyp, bir gije myhman bolup, dem-dynç alyp geçer eken. Şonda kä halatlar toý-meýlislerde onuň ýanynda ogly Jumaguly Magtymgulyýew gyjakda sazandarlyk eder eken. Häzirki ýaly, ol döwürlerde-de welaýatymyzda atly, eli saza ýüwrük gyjakçy sazandalar köp bolupdyr. Ýöne halypa bagşy aýdym aýdanda Sapar Bekiden özge sazandany göz öňüne getirmändir. Şeýle-de bolsa, kä ýarym toý-tomaşalarda halypa bagşy söwer ogly, ussat sazanda Jumagula-da ýanynda gyjak çaldyrypdyr. Gyjakçy Jumaguly Magtymgulyýew saz guralynyň sapyna bilbil gondurýanlardandy. Onuň eline dutar ber, hala gyjak ber, asla saz gural dannamasy bolmazdy. Eline düşen saz guralyny saýradardy. Jumaguly halypanyň welaýatymyzyň halypa bagşylarynyň ýanynda köp gezekler gyjakda sazandarlyk edeni häli-häzire çenli ýadymda galypdyr. Onuň agyr göwresi bardy, ýüzi agrasdy. Emma keýpi kök çaglary gyzykly gürrüňleri tapyp, märekäni gyzyl-gyran gülüşdirerdi. Ol degişgen adamdy. Saz çalanda oturan

Watan goragy mukaddesdir

Goja heňňamyň bir hakykaty bar — iň eziz, mukaddes hasaplanylýan zatlar mydama goralyp gelinýär. Şol mukaddeslikleriň ilkinjileriniň hatarynda eziz Watan durýar. Çünki Watan — ynsanyň göbek ganynyň daman mekany, önüp-ösen mesgeni. Hut şonuň üçin-de Watan mukaddes hasaplanylýar, keramatlyk derejesinde sarpalanýar. Şeýle mukaddesligiň goragynda durmak-da uly jogapkärçiligi talap edýär. Şeýle jogapkärçiligi egnine alan, döwlet tarapyndan ynanylan belent wezipäni berjaý edýän Milli Goşunymyzyň şahsy düzümi Watan goragçylarynyň gününi bütin halkymyz bilen bilelikde dabaraly belläp geçýär. Watan goragçylarynyň güni her ýylda täze ýylyň ilkinji aýynda bellenilip geçilýän şanly seneleriň biri. Ähli zatlaryň Watandan başlanyşy ýaly, Watan goragçylarynyň gününiň-de ýurdumyzda täze ýylyň ilkinji aýynda bellenilip geçilmegi hem özboluşly mana eýedir. Hormatly Prezidentimiziň «Watan başymyzyň täjidir!» diýen parasatly jümlelerini atalyk pendi hökmünde kabul edýän harby gullukçylar özleriniň baýramçylyklaryny her ýyl mynasyp derejede belleýärler. Mert pederleriň ruhy bardyr köňülde

Merdanalyk mekdebi

Mukaddes Watany söýmegi, onuň bir bölegidigiňe guwanmagy, ene topragy gözüň göreji deýin gorap, ata ýurduň mertebesini beýgeltmegi körpelikden kalbyma guýan kakam pahyr bolupdy. Ol heniz men dünýä inmänkäm, Beýik Watançylyk urşunda bir elini aldyryp gelen ekeni. Oglanjykkam kakamyň boş ýeňini görüp, munuň sebäbi barada soranym, şu günki ýaly ýadymda. Şonda kakam çaga düşnükli boljak sözler bilen Watany goramak üçin gerek bolsa, şirin janyňy hem aýamaly däldigini düşündiripdi.

Şygryýet älemi

Guwanjym sen, Aşgabat! Gül Watanmyň ýüreginiň owazy,Guwanjym sen, buýsanjym sen, Aşgabat!Goýnuňda bark urýar dagyň howasy,Guwanjym sen, buýsanjym sen, Aşgabat!

Ezizowdan Pyraga çenli

...Bu setirleriň ýazylmagyna irden işe gitmek üçin münen ýolagçy awtobusymdaky waka sebäp boldy. Ir säheriň ümri gojaman Köpetdagy etekläp oturan ak şähere gonak bolupdy: köçelerdir binalar, daragtlardyr ýan ýodalar... ýukajyk çal ýapynja ýapynypdy. Beýle pursatlarda, elbetde, goýazy pikirler seriňe dolýar. Emma onýança awtobusyň radiosyndan aýdym ýaňlanmaga başlady:

Bagtyýarlyk döwrümiziň bagtyýar waspçysy

Sungat ussatlarynyň döredijilik dünýäsi bilen gyzyklananyňda, olaryň ussat bolup ýetişmekleriniň gönezliginiň çagalyk ýyllaryndan gözbaş alýandygyna şaýat bolýarsyň. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde hem şeýle döredijilik we sungat ussatlaryny ýetişdirmekde ýurdumyzda çagalaryň arasynda geçirilýän bäsleşikleriň uly orny bar. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň yglan edýän «Merdana nesil», «Iň eýjejik gyzjagaz», Gulbaba adyndaky Çagalar baýragy hem bu ugurda ýaş zehinleriň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmakda uly ähmiýete eýedir. Ýakynda gowşurylan Gulbaba adyndaky Çagalar baýragynyň ýeňijisi Rahym Ahadow hem döredijilik we sungat dünýäsine ýaňy gadam basan zehinli oglanjyklaryň biri. Rahymyň kalby aýdym-saza teşne. Ol heniz çagajykka deň-duşlary bilen oýnanda hem hemişe aýdymçy ýa sazanda bolardy. Bedräni beýleligine düňderip, saz çalyp, aýdyma gygyryberýän wagtlary az bolmandy. Ol ýatkeşligi bilenem öz ýaşytdaşlaryndan tapawutlanýardy. Bir gezek eşiden aýdymynyň sözlerini, bir gezek okan goşgusyny ikinji gezek ýatdan aýtmagy başarýardy.

Hereketiň hem owazyň ýakymly sazlaşygy

Türkmen halk döredijiligi şahyrana eserlere baýlygy, özüniň akgynlylygy, çeperçiligi bilen tapawutlanýar. Türkmen edebiýatynda halk döredijiliginiň iň gadymy görnüşleriniň biri zikirdir. Zikir özüniň müň ýyldan hem gowrak taryhynda köp özgerişlere duçar bolýar. Ol soňky ýüzýyllykda öňki mazmunyny bütinleý özgerdip, «küştdepdi» diýen at bilen ilatyň arasynda dabaralarda täze mazmunda ýaýrap başlaýar.

Mukaddes borjumyz

Häzirki döwürde ata-babalarymyzyň parahatçylyksöýüjilik we merdi-merdanalyk, gahrymançylyk ýörelgeleri Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby gullukçylary tarapyndan mynasyp dowam etdirilýär. Merdana pederlerimiziň mertlik mekdebiniň dowamaty bolan ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleri goranyş häsiýetli, söweşjeň ukyply milli goşunymyzdyr. Şeýle kämil goşunda gulluk edip, ýurdumyzyň goranmak ukybyny artdyrmak, döwletimiziň asudalygyny, halkymyzyň parahatçylygyny goramak ýaly mukaddes borjy amala aşyrýan Watan goragçylarymyz hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň baştutanlygynda aýratyn üns we alada bilen gurşalandyr. Eziz Arkadagymyzyň giň gerimli harby özgertmeleri netijesinde milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça amala aşyrylýan işler aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Eziz Arkadagymyz Watan goragçylarynyň maddy we ruhy üpjünçiligini sazlaşykly guramagyň netijeli ugurlary bilen birlikde, milletimiziň adyny edermenlikleri bilen taryhyň altyn sahypalaryna ýazan gahryman serkerdelerimiziň şöhratly däplerini wagyz etmekde, watansöýüjiligiň we serkerdelik tälimleriniň belent nusgasyny görkezmekde bahasyna ýetip bolmajak işleri amala aşyrýar. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň harby uçary dolandyrmakda

Ýürege ýakyn aýdymlar Türkmenistanyň halk artisti Toýguly Jepbarow bilen söhbetdeşlik

Nurberdi Gulow: «Aýdym aýdanyňda kämil derejede aýtgyn, goý, senden soň şol aýdymy hiç kim seniňki ýaly edip aýdyp bilmesin» diýerdi. Aýdymçynyň ýerine ýetirýän aýdymlarynyň ýüreklerde orun almagyna, adynyň döwürler aşmagyna sebäp bolýan zat onuň başgalaryňka meňzemeýän özboluşly owazy. Şol owazy hem akyldar şahyryň: «Taraşlap şaglatgyn, köňle geleniň...» diýşi ýaly, kalbyňda sünnäläp, irginsiz yhlas siňdirip, halka ýetirmek gerek. Halkymyzyň aýdym-saz sungatynyň ussatlyk mekdebini geçen halypa aýdymçy, Türkmenistanyň halk artisti Toýguly Jepbarow joşgunly aýdymlary bilen diňleýjileriň söýgüsini gazanyp gelýär. Ýakynda onuň bilen aýdym-saz sungatyna gelşi, ýerine ýetirýän aýdymlary dogrusynda söhbetdeş bolduk.

Sungata siňen ömür

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:— Biz öz medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmäge goşant goşan adamlarymyza guwanmaga haklydyrys. Milli sungatymyzyň taryhyny içgin öwrenmäge, halypalarymyzdan miras galan ýol-ýörelgeleri dowam etdirmäge hem-de olary geljekki nesillerimize ýetirmäge ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň bu ugurda alyp barýan işleri barha rowaçlanýar. Milli medeniýetimiziň synmaz sütüni bolup durýan teatr sungatynyň özboluşly şöhratly ýoly bar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly: «Teatr dünýä medeniýetiniň hemişelik, aýrylmaz bölegidir hem-de jemgyýetimiziň aňyýetini ösdürmekde möhüm orny eýeleýän sungatdyr». Türkmen teatr sungatynyň dünýä nusgalyk milli mekdebiniň döremegine, has-da kämilleşip belent derejelere ýetmegine mynasyp goşant goşan sungat ussatlarymyz ýagşylykda ýatlanýar. Ine, şeýle halypalarymyzyň biri-de türkmen teatr sungatynda öçmejek yz goýan Galpak Herräýewdir. Ol Tejen etrabynyň Babadaýhan geňeşliginde dünýä inip, başlangyç bilimi oba mekdebinde alypdyr. Onda artistçilik ukyby çagalykdan duýlupdyr. Şol wagtlar oba klublarynda ýörite kino görkezilýär eken. Galpak Herräýew bu habary eşidip diýseň begener eken. Ol ekranda görýän zatlaryna şeýle bir ünsli tomaşa edip, kino g