«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň şygarynyň şanyna Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Diýarym asuda, ýurdum parahat» ady bilen sergi guraldy. Onda ussat nakgaşlaryň, heýkeltaraşlaryň ýerine ýetiren sungat eserleri görkezildi.
Serginiň dowamynda Türkmenistanyň halk suratkeşleri Aýhan Hajyýewiň, Ýewgeniýa Adamowanyň, Annadurdy Almämmedowyň, Öwezmuhammet Mämmetnurowyň, şeýle-de ussat suratkeşler Rustam Abdullaýewiň, Şemşat Mämmedowanyň, Mekan Nurýagdyýewiň, Dmitriý Filipçenkonyň dürli ýyllarda ýerine ýetiren nakgaş eserleri görkezildi.