HABARLAR

«Aşgabat bahary» kinofestiwaly

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi, şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy, şeýle hem Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygyna bagyşlanyp ýurdumyzyň çäginde geçiriljek «Aşgabat bahary» atly gysga göwrümli çeper filmleriň kinofestiwalyny geçirýär. Kinofestiwal zehinli kinorežissýorlary, dramaturglary, operatorlary, artistleri ýüze çykarmak, şeýle hem Aşgabat şäheriniň gözelligini, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýeten üstünliklerini çeper beýan etmek hem-de çuň many-mazmunly filmleri döretmek maksady bilen geçirilýär.

Wasp eýleýip bagtyýarlyk döwrüni

Gahryman Arkadagymyz ählihalk saýlawlarynda ýeňiş gazanyp, Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişen günlerinden bäri geçen döwrüň içinde ýurdumyzda beýik özgertmeler gazanyldy, ozal görlüp-eşidilmedik sepgitlere ýetildi. Häzirki wagtda Türkmenistan dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşuldy. Milli ykdysadyýetimizde ýokary ösüş depgini saklanylýar, jemi içerki önümiň öndürilişi ýylyň-ýylyna artdyrylýar. Bu türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyny kepillendirýär. Döwlet Baştutanymyzyň parasatly başlangyjy esasynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen üstümizdäki ýylyň ilkinji günleri hem eýýämden üstünliklere beslenýär. Ýurdumyzda gazanylýan ajaýyp zähmet ýeňişleri, il agzybirligi, asuda, abadan durmuşymyz welaýatymyzyň medeniýet-sungat ussatlarynyň döredýän naýbaşy eserlerinde-de öz beýanyny tapýar. Ynha, golaýda welaýat häkimliginiň hem-de welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde guramaklarynda Türkmenabat şäherindäki medeniýet merkezinde geçirilen baýramçylyk konserti hem turuwbaşdan uly ruhubelentlige beslendi. Dabara welaýatymyzyň iri jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, il sylagly ýaşulular, bilim, medeniýet ulgamlarynyň işgärleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Milli buýsanjymyz

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň tebigat bilen sazlaşykly ýaşamak baradaky gadymy ýol-ýörelgeleri täze many-mazmun bilen kämilleşdirilip, olara aýratyn ähmiýet berilýär. Bu günki gün milli buýsanjymyz hasaplanylýan türkmen alabaý itleri we olary ösdürip ýetişdirmegiň dünýä nusgalyk ýörelgeleriniň döwrebap derejede dowam etdirilmegi hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiziň: «Ata-babalarymyz bedewinde myradyny, milli seçgiçiligiň ajaýyp nusgasy bolan alabaýlarymyzda bolsa bagtyny görüpdirler» diýip bellemegi hem türkmen alabaýynyň halkymyzyň durmuşynda eýeleýän ornunyň näderejede belentdigine buýsanç bilen göz ýetirmäge mümkinçilik berýär. Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň 25-nji ýanwarynda paýtagtymyz hem-de onuň töweregi boýunça amala aşyran iş saparynyň barşynda birnäçe möhüm desgalaryň gurluşygy, şol sanda Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň toplumynyň baş meýilnamasy bilen tanyşmagy we alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmegiň ýörelgeleriniň döwrebap derejede dowam etdirilişi bilen gyzyklanmagy hem örän buýsançly boldy. Hormatly Prezidentimiziň Türkmen alabaý itleriniň baýramynyň Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen utgaşdyryp geçirilmeginiň, şol şanly sene mynasybetli baýramçylyk çäreleriniň çägin

Hünär ussatlygy

ÖŇŇIN Gökdepäniň pagta egriji fabriginiň mejlisler jaýynda «Arkadagly Diýarda gözelligiň nusgasy — dokmaçy gelin-gyzlar» atly bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de ýurdumyzyň Dokma senagaty ministrliginiň bilelikde yglan eden bäsleşigiň nobatdaky tapgyry «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň çärelerine baý many öwüşginini berdi. Dokmaçy gelin-gyzlaryň arasynda uly meşhurlyk gazanan hünär bäsleşigi ýylyň-ýylyna aýratyn işjeňlige eýe bolýar. Munuň şeýledigine mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň giňden toýlanyljak ýylynda geçirilen bu gezekki bäsleşik aýdyňlygy bilen äşgär etdi. Onuň welaýat tapgyryna çeper elli gelin-gyzlar gatnaşmak bilen, hünär ussatlygyny we kärine egsilmez söýgüsini açyp görkezdiler. Bu babatda bäsleşigiň geçirilýän ýerinde Gökdepe etrap häkimliginiň, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň, şeýle-de etrapdaky Atamyrat Nyýazow adyndaky Dokma toplumynyň we Gökdepäniň pagta egriji fabriginiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň bilelikdäki tagallalary bilen ähli mümkinçiliklerdir şertler üpjün edildi. Munuň özi bäsleşigiň guramaçylykly geçmegine

Watan – eýýamlaryň baky aýdymy

Eziz Watanymyzyň at-owazasynyň dünýä dolmagyna, bedew bady bilen gülläp ösmegine, ykdysady taýdan has-da kuwwatlanmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň mundan beýläk-de ýokarlanmagyna gönükdirilen ägirt uly taryhy ýeňişler bilen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýuny garşy almak, ýurdumyzyň her bir raýatynyň watançylyk ruhuny has-da belende götermek we ýaş nesli ata Watanymyza wepalylyk ruhunda terbiýelemek Gahryman Arkadagymyzyň döwlet syýasatynyň özenini düzýär. Her bir zadyň gymmaty, owadanlygy oňa sarp edilen zähmetiň, siňdirilen yhlasyň möçberi bilen kesgitlenilýär. Şu nukdaýnazardan mähriban Watanymyzy dünýäde parahatçylygyň we ynanyşmagyň nusgalyk merkezine öwren hormatly

Akyl - paýhasyň güýji — ýaşaýşyň täji

Ir zamanda bir ýetim ýetginjek bolup, ol iliň hyzmatyny edip, iýjegini gazanýan eken. Ýöne ol, täleýi ters gelip, gözagyry derdinden batyl bolýar. Bu ýagdaýa juda gynanan ýetginjek gije-gündiz Haka sygynyp, ýene-de gözüniň görmegini dileg edip, ýalbarypdyr. Ahyry onuň ýanyna bir ýagşyzada gelip: — Saňa üç zat getirdim — saglyk, maşgala, baýlyk. Ýöne sen şularyň haýsy-da bolsa birini saýlamaly — diýipdir.

Türkmeni jandan söýen alym

(Dowamy. Başlangyjy gazetiň geçen sanynda). Altyndepäni öwrenmek — ömrüniň manysy

Medeniýet — halkyň ruhy baýlygy

Döwlet Baştutanymyz medeniýet ulgamyny we köpçülikleýin habar beriş serişdelerini kämilleşdirmek boýunça iş maslahatyny geçirdi 7-nji fewralda hormatly Prezidentimiz käbir Hökümet agzalarynyň, medeniýet ulgamynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, pudaklaýyn düzümleriniň ýolbaşçylarynyň, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda medeniýet ulgamynda we köpçülikleýin habar beriş serişdelerini ösdürmek boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garaldy, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramynyň giňden bellenilýän ýylynda öňde durýan wezipeler kesgitlendi.

Jahana nusgalyk sungat

Golaýda Aşgabat şäher häkimliginiň «Bagt köşgi» toý-dabaralary merkezinde «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzda uly dabara bilen belleniljek Halkara zenanlar güni mynasybetli «Arkadagly Diýarda gözelligiň nusgasy — dokmaçy gelin-gyzlar» atly baýramçylyk bäsleşiginiň Aşgabat şäheri boýunça jemleýji tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän zenanlaryň arasynda geçirilen bäsleşik gyzgalaňly häsiýete eýe boldy. Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde guramagynda geçirilen, jemi dört tapgyrdan ybarat baýramçylyk bäsleşiginde zenanlar hormatly Prezidentimiziň halkymyza peşgeş beren «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynyň özlerinde galdyran täsirleri, gadymy we häzirki zaman nagyşlarynyň gelip çykyşy, döreýşi dogrusynda gyzykly gürrüň bermekde, el hünärlerini görkezmekde özara bäsleşdiler. Şeýle hem, jemleýji tapgyrda nagyşlar bilen baglanyşykly yrymlary, däp-dessurlary, nagyşlaryň taryhyndan gürrüň berýän rowaýatlary, aýdyşyklary, gazallary, goşgy setirlerini çeper sahnalaryň we aýdym-sazlaryň üsti bilen ýerine ýetirdiler

Şygryýet älemi

Watan waspy Watan, waspyň sözlesem,Dagyň, düzüň keramat.Derde eýleseň melhem,Otuň, çöpüň hemaýat.