Gahryman Arkadagymyz ählihalk saýlawlarynda ýeňiş gazanyp, Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişen günlerinden bäri geçen döwrüň içinde ýurdumyzda beýik özgertmeler gazanyldy, ozal görlüp-eşidilmedik sepgitlere ýetildi. Häzirki wagtda Türkmenistan dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşuldy. Milli ykdysadyýetimizde ýokary ösüş depgini saklanylýar, jemi içerki önümiň öndürilişi ýylyň-ýylyna artdyrylýar. Bu türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyny kepillendirýär. Döwlet Baştutanymyzyň parasatly başlangyjy esasynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen üstümizdäki ýylyň ilkinji günleri hem eýýämden üstünliklere beslenýär.
Ýurdumyzda gazanylýan ajaýyp zähmet ýeňişleri, il agzybirligi, asuda, abadan durmuşymyz welaýatymyzyň medeniýet-sungat ussatlarynyň döredýän naýbaşy eserlerinde-de öz beýanyny tapýar. Ynha, golaýda welaýat häkimliginiň hem-de welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde guramaklarynda Türkmenabat şäherindäki medeniýet merkezinde geçirilen baýramçylyk konserti hem turuwbaşdan uly ruhubelentlige beslendi. Dabara welaýatymyzyň iri jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, il sylagly ýaşulular, bilim, medeniýet ulgamlarynyň işgärleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar.