HABARLAR

Bagtyýarlyk döwrüne buýsanç

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni esaslandyryjy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda bu gün halkymyz ösüşiň häzirki zaman derejesiniň miwelerini öz durmuşlarynda görüp, duýup ýaşaýarlar. Taryh üçin gysga döwrüň içinde ýetilen belent sepgitler halk hojalygynyň ähli ulgamlaryny gurşap almak bilen, döwletimiziň dünýäde ygtybarly orun eýelemegini üpjün etdi. Bu gün ata Watanymyz Türkmenistan özüniň ak mermere beslenen binalary bilen Ginnesiň rekordlar kitabynda mynasyp orun eýeleýär. Döwre ýaraşykly gurlan we gurulýan şeýle binalar gözel paýtagtymyz Aşgabatdan başlap, ähli sebitleriň merkezlerini, oba-kentleri gurşap alýar. Biziň welaýat merkezimizde hem daşyndan howalanyp görünýän, ak mermer binalaryň hatary sanardan köp. Olar diňe bir daşky görnüşi bilen däl, eýsem, içerki guramaçylygy, ýagny döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylandygy bilen hem gymmatlydyr. Welaýat kitaphanasy şeýle binalaryň hatarynda esasy orny eýeleýär. Açylyp duran kitap görnüşinde gurlan bu mermer binanyň içinde kitaphana işi ýokary guramaçylyk derejesinde alnyp barylýar. Kitap okamaga, döwürleýin neşirler bilen hemişe tanyş bolmaga islegiň özümde ýaşlykdan gelýän adatdygy üçin, bu kaşaň binada yzygider bolup, ruhy islegimi kanaga

Joşgunly aýdym-sazlar

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölümi tarapyndan Halkara zenanlar güni mynasybetli gyzykly çäreler geçirilýär. Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesiniň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky Medeniýet köşgünde geçirilen baýramçylyk dabarasy hem şeýle dabaralaryň biri boldy. Welaýat Medeniýet müdirligi bilen bilelikde guralan dabara bagtyýar zenanlar gatnaşdy. Şanly senä bagyşlanan dabara gatnaşyjylar ol ýerde giň gerimde ýaýbaňlandyrylan milli öwüşginli sergi bilen tanyşdylar. Sergide gelin-gyzlarymyzyň çeper elleri, yhlasy, ukyp-başarnygy bilen döredilen gözel we nepis haly önümleri, el işleriniň dürli görnüşleri görkezildi. Gelin-gyzlaryň bezeg şaý-sepleri sergä has öwüşgin berdi.

Sahnada — eýjejik gyzjagazlar

KAKA. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň 2 — 4-nji synplarynda okaýan gyzjagazlaryň arasynda yglan edilen «Iň eýjejik gyzjagaz — 2021» atly şadyýan bäsleşigiň etrap tapgyry gyzykly geçdi. Oňa etrabyň ähli orta mekdeplerinde bolan gözden geçirilişlerinde öňe saýlanan okuwçy gyzjagazlar gatnaşdy. Bäsleşik gyzyklylygy bilen tapawutlandy. Onda okuwçy gyzjagazlar degişli şertler esasynda çykyş etmek bilen, aýdym-saz babatdaky zehinini açyp görkezdiler, milliligimize bolan söýgüsini beýan etdiler. Olaryň ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşlary has-da täsirli boldy.

Reňkli Sapaklar bilen çekilýän suratlar

Suratkeşligiň adaty bolmadyk bir ugry bar. Oňa string-art diýilýär. Şeýle usulda surat çekýänlere-de string-artçy diýilýär. Özem bu sungat amatly, az çykdajyly. Beýleki suratkeşler ýaly kagyz, çotga, reňk almak üçin pul harçlamak aladalary ýok. «Be, onda string-artçy suraty nähili çekýärkä?» diýen sowalyň dörejegi öz-özünden düşnükli. Olar suraty sapak bilen çekýär. Şonuň üçin suratkeşligiň bu ugry el işiniň bir görnüşi-de hasaplanýar. «String» sözi iňlisçe sapak, kiriş diýmegi aňladýar. String-art XVI asyrda Angliýada döräpdir. Iňlis dokmaçylary tagtanyň ýüzüne çüý kakyp, şol çüýlere dartylan sapaklar bilen dürli şekil ýasapdyrlar. Şeýle usul öýüň bezeg işinde giňden peýdalanylypdyr.

Berkararlyk mukamlary

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Diýarymyzda milli sungatymyzyň ösdürilmegi, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegi hem-de täze zehinleriň ýüze çykarylmagy bilen baglanyşykly meseleler Arkadag Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Sungat äleminde öçmejek yz goýan, milli medeniýetimiziň ösdürilmegine we dünýä derejesine çykarylmagyna mynasyp goşant goşan halypalara bildirilýän hormat bizi täze ýeňişlere, döredijilik belentliklerine ruhlandyrýar. Ata Watanymyzda ussat halypa-sazandalaryň hatarynda uly hormatdan peýdalanýan mukamçy-kompozitor, Türkmenistanyň halk artisti Orazmyrat Annanepesow yhlasy we irginsiz zähmeti bilen milli sungatymyzyň ösdürilmegine mynasyp goşant goşýar.

Sungatyma sarpa bar

Türkmen aýdym-sazy özüniň gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Merdana halkymyz ussat bagşy-sazandalaryna uly sarpa goýup, şu güne çenli olaryň atlaryny dillerinden düşürmän gelýärler. Milli medeniýetiň, sungatyň hak howandary Gahryman Arkadagymyzyň döwet-galamyndan dörän «Ile döwlet geler bolsa...» atly kitabynda ussat halypalaryň aýdym-saz ugrundan bitiren işleri, döreden aýdym-sazlary, mukamlary barada giňişleýin gürrüň edilýär.  Halkymyza gymmatly mirasy galdyran halypa bagşylaryň ýoly bu günki gün mynasyp dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň ähli künjeginde açylan döwrebap sungat mekdeplerinde ýaş zehinlere sungatyň inçe syrlary öwredilýär. Biziň çagalar sungat mekdebimizde hem milli Liderimiziň döredip berýän ähli mümkinçiliklerinden peýdalanyp, ýaş zehinler sungatyň dürli ugurlary boýunça tälim alýarlar. Bagşyçylyk ugrundan kämilleşýän okuwçylarymyz ýylyň-ýylyna döwlet derejesinde geçirilýän aýdym-saz bäsleşiklerine gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Okuwçylarymyzyň üstünlikleri bizi has-da begendirýär we geljekki zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar.

Beýik akyldaryň hormatyna

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaralaryň we medeni çäreleriň geçirilmegine uludan taýýarlyk görülýär. Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 30-njy ýanwarynda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisinde Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramy, Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni, şeýle hem paýtagtymyzda akyldar şahyryň täze ýadygärliginiň açylmagy mynasybetli wideoaragatnaşyk arkaly medeni çäreleri geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada bellenilip geçildi. Mähriban halkymyz Medeniýet we sungat işgärleriniň gününi we dünýäniň şygyr sungatyny baýlaşdyrmakda we ösdürmekde uly hyzmatlary bitiren söz ussady Magtymguly Pyragynyň şygryýet baýramçylygyny uly şatlyk-şowhun bilen belläp geçýär. Halkymyz tarapyndan Magtymguly Pyragynyň şygryýet baýramçylygynyň bellenilip geçilmeginiň düýp özeninde beýik söz ussadynyň şygyrlarynda aýdyň beýanyny tapan, halkymyzyň döwletlilik, berkararlyk baradaky arzuwlary bar. Halkymyz akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna uludan taýýarlyk görýär. Şahyryň eserleri diňe b

Hormata mynasyp gözeller

Ýakynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi tarapyndan yglan edilen «Ýylyň zenany — 2021» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Oňa bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynda Aşgabat şäherinden we welaýatlardan ýeňiji bolan zenanlar gatnaşdy. Halkara zenanlar güni mynasybetli yglan edilýän bu bäsleşik zenanlaryň alyp barýan işine we jemgyýetde tutýan ornuna laýyklykda ýedi — «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe alyp barýan ýokary guramaçylyk ukyby üçin», «Berkarar döwletimizde el hünärini dikeldýändigi we kämilleşdirýändigi üçin», «Ruhy gymmatlyklarymyzy we milli medeni mirasymyzy dünýä ýaýmakdaky asylly işleri üçin», «Çaga terbiýelemekde görkezen yhlasy üçin», «Berkarar döwletimizde harby we hukuk goraýyş ulgamynda görkezen işjeňligi üçin», «Obany ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin» we «Ýurduň bazar ykdysadyýetiniň we telekeçiligiň ösmegine goşan goşandy üçin» diýen ugurlary öz içine aldy. Bäsleşigiň dowamynda bu ugurlar boýunça deslapky tapgyrlarda üstünlikli çykyş edip, Aşgabat şäherinden we welaýatlardan öňe saýlanan zenanlarymyz hem-de olaryň alyp barýan işleri hakynda wideorolikler görkezildi.

Mähribanlykdan döreýän gudrat

Her bir güni toýdur baýramlara, taryhy wakalara beslenýän eziz Diýarymyza bahar paslynyň gelmegi bilen daş-töweregimiz gülzarlyga beslendi. Şeýle owadan hem ýakymly pursatlarda Halkara zenanlar gününiň giňden bellenilmegi olara goýulýan sarpanyň uludygyny görkezýär. Bu günki gün bahar bägülleri ýaly owadan hem näzik zenanlarymyz dürli pudaklarda zähmet çekýärler. Olar erkek adamlar bilen bir hatarda ýurdumyzyň ösmegine saldamly goşant goşýarlar. Dünýäniň bezegi bolan mährem eneler barada söz açylanda bolsa olaryň mähir-mylakatlylyk bilen çaga terbiýesine uly üns berýändigi biygtyýar göz öňüňde janlanýar. Mährem enelerimiz, owadan zenanlarymyz ykdysadyýetde, medeniýetde gazanylýan üstünliklere-de mynasyp goşant goşmagy başarýarlar. Gahryman Arkadagymyzyň ýaşamak, işlemek, nesil terbiýelemek babatda döredip berýän giň mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanmagy başarýan zenanlarymyz durmuşymyzyň bezegi hem baýlygy. Sekiz we ondan köp çagany dünýä inderip, kemala getiren enelerimize «Ene mähri» diýen hormatly adyň dakylyp, ähli amatlyklary döredilen jaýlardan öýleriň berilmegi mährem enelerimiz barada edilýän aladanyň aýdyň nyşanydyr. Bahar baýramy mynasybetli çagalar bagyna gatnaýan gyzjagazlardan başlap, ýurdumyzyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän zenanlaryň

Asyrlary aşan nepis sungat

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkynyň maddy hem ruhy gymmatlyklaryna, medeni mirasyna uly sarpa goýulýar. Döwlet Baştutanymyzyň tagallalary bilen türkmen medeniýetiniň gymmatlyklaryna aýawly göz bilen garalýar, olar içgin öwrenilip, geljekki nesillere ýetirmekde nusgalyk işler alnyp barylýar. Şu günki günde ýurdumyzyň ösen dokma senagatynyň taryhy döwürlerde geçen ýoluna aýdyň göz ýetirmekde, şöhraty äleme dolan türkmen zenanlary tarapyndan kämilleşdirilip sungat derejesine ýetirilen haly senediniň gymmatyna düşünmekde bize Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi», «Janly rowaýat», «Arşyň nepisligi», «Türkmen medeniýeti», «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» ýaly ençeme eserleri uly gollanma bolýar.