Joşgunly aýdym-sazlar

4 Mart 2021
950

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölümi tarapyndan Halkara zenanlar güni mynasybetli gyzykly çäreler geçirilýär. Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesiniň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky Medeniýet köşgünde geçirilen baýramçylyk dabarasy hem şeýle dabaralaryň biri boldy. Welaýat Medeniýet müdirligi bilen bilelikde guralan dabara bagtyýar zenanlar gatnaşdy.

Şanly senä bagyşlanan dabara gatnaşyjylar ol ýerde giň gerimde ýaýbaňlandyrylan milli öwüşginli sergi bilen tanyşdylar. Sergide gelin-gyzlarymyzyň çeper elleri, yhlasy, ukyp-başarnygy bilen döredilen gözel we nepis haly önümleri, el işleriniň dürli görnüşleri görkezildi. Gelin-gyzlaryň bezeg şaý-sepleri sergä has öwüşgin berdi.

Beýleki habarlar