HABARLAR

Seýrek sesiň eýesi

Sungatda öz ýoluňy tapmak, döretmek ylahy zehini, aýratyn başarnygy talap edýär. Şeýle zehinli ýaşlaryň biri-de Begençmyrat Çaryýewdir. Biz okyjylarymyzyň isleglerini nazarda tutup, Begençmyrat bilen gürrüňdeş bolup, onuň döredijiligi we durmuş ýoly hakynda söhbet etmegi makul bildik. — Begençmyrat, söhbedimiziň başyny aýdym-saz sungatyna gelişiňizden başlaýalyň!

Ýylyň terbiýeçisi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamyny kämilleşdirmek babatda alyp barýan syýasatynyň talaplaryna laýyklykda, ýaş nesle döwrebap, milli ruhda bilim-terbiýe bermekde döredijilikli işleýän, çagalaryň tebigy zehinlerini we ukyplaryny ösdürmekde baý iş tejribesini toplan öňdebaryjy bilim-terbiýeçilik işgärlerini ýüze çykarmak, olaryň iş tejribesini giňden ýaýratmak maksady bilen geçirilen «Ýylyň terbiýeçisi — 2021» atly bäsleşigiň welaýat tapgyryna onuň etrap-şäher tapgyrlarynda ýeňiji bolan tejribeli terbiýeçiler gatnaşdylar. Balkanabat şäherindäki 20-nji çagalar bagynda geçirilen bäsleşikde oňa gatnaşanlar bäsleşigiň şertine görä sapak geçip, ýaş nesilleri terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýe bolan häzirki zaman innowasion tehnologiýalaryndan, okuw-görkezme esbaplaryndan peýdalanyp, toplan öňdebaryjy iş usullaryny görkezdiler. Ösüp gelýän körpe nesli Watana wepaly ýaşlar edip terbiýeläp ýetişdirmekde, olaryň sagdyn ruhly, berk bedenli bolmaklaryny gazanmakda okuw-terbiýeçilik işleriniň guralyşyny çykyşlaryň üsti bilen beýan etdiler. Emin agzalary terbiýeçileriň sözleýiş medeniýetine, sapaklaryny guraýyşlaryna hem-de wagtdan ýerlikli peýdalanyşlaryna baha berdiler. Bäsleşigiň jemi jemlenilende, Türkmenbaşy şä

Şirwan perdeden ýaňlanan aýdymlar

Balkanabat şäherindäki «Bagt köşgi» toý dabaralary merkezinde welaýat häkimliginiň hem-de welaýat medeniýet müdirliginiň guramaklarynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýy mynasybetli «Garaşsyzlyk bagtyň dünýä ýaň edip, ol şirwan perdäňe galsana, bagşy» ady bilen geçirilen baýramçylyk konserti uly ruhubelentlige, şatlyk-şowhuna beslendi. Çäräniň dowamynda welaýatymyzyň meşhur bagşy-sazandalarynyň, sungat ussatlarynyň mukaddes Garaşsyzlygymyzy, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ösüşlere beslenýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyny, eziz Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan ägirt uly işleri, dost-doganlygy wasp edip ýerine ýetiren joşgunly çykyşlary tomaşaçylaryň göwün guşuny ganatlandyryp, olara ruhy lezzet paýlady. Welaýat merkeziniň hem-de etrap-şäherleriň çagalar toparlarynyň milli saz gurallarynda ýerine ýetiren aýdym-sazlary hem baý mazmunly bolup, tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylandy.

Bagşyly il — bagtly il

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ile döwlet geler bolsa...» atly kitabynda örän jaýdar belleýşi ýaly, adamlaryň ruhy kämilligi halkyň taryhyny we sungatyny bilmekden başlanýar. Şoňa görä-de öz halkyňyň sazyny bilmek we ýürekden söýmek, onuň gelip çykyşyny öwrenmek möhümdir. Dogrudan-da, asyrlaryň jümmüşinden gaýdyp, biziň günlerimize gelip ýeten aýdym-sazlar, goşgudyr gazallar milletiň ruhy-ahlak baýlygynyň bir bitewi bölegidir.

Bagtyýarlyk joşguny

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde žurnalistika kafedrasynyň guramagynda 9 — 15-nji mart aralygynda žurnalistika hepdeligi geçirildi. Žurnalistika hepdeligini geçirmegiň esasy maksady ýaş zehinleriň ýüze çykmagyna ýardam etmekden ybaratdyr. Hepdelige ýaş žurnalistleriň ählisi hem işjeň gatnaşdylar. Žurnalistika hepdeliginiň dowamynda bu ugurda okaýan talyp ýaşlar özleriniň dürli çykyşlary arkaly ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Talyplarymyz hepdelik mynasybetli özbaşdak taýýarlan tejribelik gazetdir žurnallary bilen çykyş etdiler. Döredijilikli geçirilen hepdelik ýaşlaryň döwrümiziň beýik ösüşlerine ses goşmagyna ýardam etdi. Žurnalistika hepdeligine işjeň gatnaşan talyplara Hormat hatlarydyr sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Goý, biz — ýaşlara bilim almaga, öwrenmäge, döredijilikli zähmet çekmäge ähli şertleri döredip berýän hormatly Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

Wagyz-nesihat çäreleri

Baýramçylyk dabarasy Golaýda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň Aşgabat şäher häkimligi hem-de Aşgabat şäher häkimliginiň medeniýet müdirligi bilen bilelikde guramagynda «Arkadagly Watana hoş gelipsiň, Nowruzym!» atly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Paýtagtymyzyň «Altyn ýyldyz» medeni-dynç alyş merkezinde geçirilen bu çärä TDP-niň işjeň agzalary, şäher häkimliginiň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň wekilleri gatnaşdylar.

Syýahatçylyk ulgamyna bagyşlandy

Golaýda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň syýahatçylyk müdirliginiň, şeýle-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň agza döwletleriniň Halkara Ykdysady Forumynyň çäklerinde Syýahatçylyk onlaýn kongresine gatnaşdylar. Onlaýn duşuşygyň dowamynda oňa gatnaşanlar milli ykdysadyýetleri pugtalandyrmak we halklaryň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek üçin dünýä syýahatçylygynyň eýeleýän ägirt uly ornuny göz öňünde tutup, ony ösdürmegiň zerurdygy, şeýle-de halkara jemgyýetçiligiň ünsüni çekmäge gönükdirilýän forumlaryň örän möhümdigi barada nygtadylar. Ýurdumyzda milli maksatlary we bähbitleri nazara alyp, syýahatçylygyň we şol sanda halkara syýahatçylygyň ösmegine aýratyn üns berilýär. Diýarymyzda häzirki zaman gözel künjekleri, köp sanly taryhy we medeni ýadygärlikleri, gaýtalanmajak keşpdäki dürli tebigy künjekleri özüniň aýratyn özboluşlylygy bilen tapawutlanyp, jahankeşdeleriň üns merkezindedir diýip, çykyş edenler belledi.

Gülün ýaýdy bahar-ýaz

Türkmenistan DiýaraBahar geldi, janelek.Gülleň balyn dadyp ýörbalary hem kebelek. Baga, sähra çyk seýle, Bize güller garaşýar.Gözel Diýarymyzabahar-ýazlar ýaraşýar.

Köpgyraňly zehin

Hormatly Prezidentimiziň: «Biz öz medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmäge goşant goşan adamlarymyza guwanmaga haklydyrys» diýen parasatly sözleri bize milli medeniýetimizde we sungatymyzda görnükli yz galdyran ussatlaryň döredijilik ýoly dogrusynda söhbet açmaga giň ýol açýar. Şeýle ussatlaryň biri Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant obasynda doglan Annagurban Annarejebowdyr. Gadymy oguzlaryň ösüp-örňän mekany bolan bu toprakda il-ulsa ruhy güýç beren aýdym-sazlar Annagurbanda ýaşlykda sungata bolan höwesi oýarýar. Okuwdan boş wagtlary aňňat-aňňat gum depeleriniň arasynda düýe yzynda gezip ýören oglanjyk ýanynda göterýän radiosynda Mylly aganyň, Çary Täçmämmedowyň säher-saba ýaňlanýan şirin sazlaryny, Magtymguly Garlynyň, Girman bagşynyň, Gurt Ýakubyň aýdymlaryny diňläp, kalbyny gandyrýar. Annagurban heniz oba mekdebinde okaýarka dürli aýdymlary labyz bilen ýerine ýetirip, deň-duşlaryndan saýlanýar. Aýdym-saza bolan höwes onda bu ugurda okamak-öwrenmek höwesini döredýär. Şeýlelikde ol üç okuw mekdepde — Gara Seýitliýew adyndaky medeni-aň bilim tehnikumynda, Daňatar Öwezow adyndaky sazçylyk mekdebinde hem-de Türkmen döwlet sungat institutynyň wokal bölüminde okap bilim alýar. Okuw mekdepleri Annagurbanda hiç kimiňkä meňzemeýän tebigy sesiň bardygyny

Medeniýet — ruhy dünýämiziň hazynasy

Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda berkarar Watanymyz bedew bady bilen ynamly öňe barýar, ýurdumyzda badalga berlen, her adamyň bähbitlerini araýan ägirt uly işler barha rowaç alýar. Gysga döwrüň içinde eziz Diýarymyzda bolup geçen özgertmeler, sözüň doly manysynda, halkyň ýüreginiň beýany boldy. Döwletimiziň syýasy, ykdysady, medeni we beýleki ugurlardaky ösüşleri her bir raýatyň bagtyýarlygyna, eşretli durmuşyna gönükdirilendir. Ýurdumyzyň medeniýet ulgamyndaky döwrebap ösüşler hem örän buýsandyryjydyr. Hormatly Prezidentimiziň medeniýet ulgamynyň işiniň kanunçylyk binýadyny, şeýle-de maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek, milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, türkmen halkynyň köp asyrlyk taryhynyň dowamynda döredilen örän baý medeni mirasyny aýawly saklamak, dikeltmek, hemmetaraplaýyn öwrenmek, geljekki nesillerimize ýetirmek we mundan beýläk-de baýlaşdyrmak ugrundaky tagallalary bu ugurda aýratyn bellenilmäge mynasypdyr