HABARLAR

Eziz diýar toýlara beslenýär

Toý-baýramlar ýurduň parahatçylygynyň, durmuşyň abadançylygynyň we bagtyýarlygynyň nyşanydyr. Şu babatda alanymyzda, biz has-da buýsanmaga haklydyrys. Ýurdumyzda toýlaryň toýa ulaşmagy, olaryň goşa-goşadan toýlanmagy we giň gerimli baýramçylyk dabaralaryna beslenmegi durmuş abadançylygymyzy hem-de bagtyýarlygymyzy dünýä ýaýýar. Muňa Milli bahar baýramynyň — Halkara Nowruz gününiň şu günler dowam edýän dabaraly baýramçylyk çäreleriniň hem-de olaryň köňülleri heýjana salýan şatlygynyň we buýsanjynyň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Şu gezekki Nowruz baýramynyň Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň, Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň giňden baýram edilýän ýylynda toýlanýandygyny bellemek gerek. Baýramçylyk çäreleri bu ýyly hem, şanly seneleri hem şöhratlandyrýar we many-mazmun taýdan baýlaşdyrýar.

Milli medeniýetimize siňen ajaýyp baýram

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan türkmen halkynyň milli däp-dessurlary giň gerime eýe boldy. Milli senelerimiziň sanawyna girýän Milli bahar baýramy durmuşymyza mäkäm ornaşdy. Milli bahar baýramy halklary ýakynlaşdyrýar, gatnaşyklary has-da ýokary derejä göterýän belent sepgitlere tarap täze ýollary açýar. Bu baýramçylyk ruhy we taryhy-medeni umumylyklarymyzy beýan edýän ajaýyp baýramdyr. Onda biz şöhratly pederlerimiziň beýik ynançlaryny we dünýägaraýyşlaryny, asyrlaryň dowamynda kämilleşip gelen medeni we ruhy mirasyny görýäris. Ruhy atamyz Magtymguly Pyragy hem Nowruzyň keramatly we tämizleýji güýjüni öz goşgularynda wasp edipdir. Milli bahar baýramynyň mazmunyny ahlak arassalygynyň, ruhy tämizligiň çesmesi hökmünde çeper sözler bilen açyp görkezipdir.

Hoş geldiň, nowruzym, biziň illere!

At çapdyryp, alyň uly baýragy,Bu bir tebigatyň uly baýramy!Täze günüň, täzelenişiň baýramy,Hoş geldiň, Nowruzym, biziň illere! Sen geldiň, eredi daglaryň gary,Gül açyp başlady ýüregmiň tary,Gülledi, gül açdy baglaryň bary,Hoş geldiň, Nowruzym, biziň illere!

Baýramçylygyň şanyna

Buýsanja beslenen dabara Ýakynda Esenguly çeper halyçylyk kärhanasy kärhananyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy bilen bilelikde Milli bahar baýramy mynasybetli «Bahar gözelligini göllerde jemlän» atly baýramçylyk dabarasyny geçirdi. Dabarada Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda gazanylýan üstünlikler hem-de hormatly Prezidentimiziň tutumly başlangyçlary wagyz edildi.

Ülkäme toý bolup gelen ýazlarym

Pasyllaryň soltany bahar paslynyň gelmegi bilen ýurdumyzyň dagy-düzi ýaşyl donuny ýapynyp, lälezarlyga bürenýär. Eziz Diýarymyzyň şäherdir obalary, gül tebigaty ýazyň ýalkymy bilen has-da ajaýyplaşýar. Dana pederlerimiz: «Ýyl görki bahar-ýazdyr, toý görki aýdym-sazdyr» diýen nakyly döredip, bu paslyň joşguna, şähdaçyklyga, dostluga we dostanalyga başlangyçdygyny belläpdirler. Göwünlere täzeleniş, süňňüňe ýeňillik berýän bahar paslynda halkymyzyň toýlary toýlara ulaşýar. Ýaz paslynyň goýnunda ulus-ilimiz Milli bahar baýramyny, Bütindünýä saglyk gününi, Türkmen bedewiniň we alabaýynyň baýramyny, Aşgabat şäheriniň gününi, Türkmen halysynyň we dokma senagatynyň işgärleriniň gününi giňden belläp geçýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan ýylda bu baýramlaryň we şanly seneleriň ähmiýeti has-da artýar.

Täzelenişiň baýramy

Nowruzyň gelmegi bilen Zeminde täzeleniş bolup geçýär. «Nowruz» pars sözi bolup, türkmençä terjime edilende «täze gün» diýen manyny aňladýar. Nowruz — ählumumy sazlaşygyň we täzelenişiň baýramçylygydyr. Çünki bu döwürde gije bilen gündiz deňleşip, gyş öz ornuny bahar paslyna berýär, baglar pyntyklap, güller açylýar. Bu sazlaşyga bagyşlap, Biruni, Ferdöwsi, Omar Haýýam ýaly beýik danalar ölmez-ýitmez eserleri döredipdirler.

Dag obasynyň Nowgüli

(Hekaýa) Ýolagçy awtobusynyň aýnasyndan daşaryny synlap oturan ýaş ýigidiň gözleri daş-töwerekdäki gözelliklerdedi. Onuň bu bolup oturyşy göýä bahar paslynyň ajaýyp gözelligi bilen jadylanan ýalydy. Ine-de, ulag iki tarapy hem dagdyr baýyrlyk bilen gurşalan ýol boýunça ýokarlygyna galyp ugrady. Ýigit şondan soň tutuş göwresi bilen ulagyň aýnasyna tarap öwrülip, bu gözellikleri has uly höwes bilen synlamaga başlady. Baýyrlaryň ýüzünde reňbe-reň açylan çigildemler, gülälekdir jümjümeler jadylaýjy gözelligi bilen diňe bir kalby hyjuwdan doly ýaş ýigidi däl, eýsem, islendik adamyny hem özüne bendi edip biljekdi.

Nowruz geldi äleme

Halkara Nowruz baýramçylygy ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda uly dabara, şatlyk-şowhun, ruhubelentlik bilen bellenilýär. Halkymyzda «Ýylyň gelşi Nowruzyndan belli» diýlen aýtgy hem bar. Gadymyýetden gelýän Nowruz baýramçylygy «Täze ýyly», «Täze güni» aňladyp, adamlar öýüniň içini, daşyny, köçesini tämizläp, ýagşy arzuw-niýet bilen, täze ýyla gadam basýar.  Bu baýramçylygy agzybirlikde, jebislikde jemlenişip bellemek adamlary has-da ýakynlaşdyrypdyr.

Baharyň buşlukçysy

Ata-babalarymyzdan miras galan milli baýramlarymyz, däp-dessurlarymyz häzirki döwürde halkymyzyň ruhy dünýäsiniň çyragyna öwrülip, täze many-mazmun, kämil öwüşginler bilen has-da ösdürilýär. Nowruz bilen baglanyşykly gadymy däplerimiz hem ajaýyp döwrümize laýyk ýörelgeler bilen baýlaşdyrylyp, ýokary guramaçylyk derejesinde bellenýän toý-dabaralarymyza aýratyn bezeg berýär. Pasyllaryň soltany owadan bahar pasly älem-jahany gülzarlyga, läle-reýhana besledi. Her bir paslyň öz gözelligi, jana tenekar howasy bar. Emma bahar pasly özüniň ajaýyplygy we täsirli mylaýymlygy bilen adamlaryň göwün guşuny ganatlandyrýar. Ýaz gelende tebigat janlanýar. Bu pasylda älem-jahan gözelligini artdyryp, ynsan kalbyny heýjana getirýär, ajaýyp duýgulary oýarýar.

Mähir ojagy

Islendik ugurda gowy netije gazanmak, ilki bilen döredilýän mümkinçiliklere bagly. Çagalaryň arasynda geçirilýän dürli bäsleşikleriň her ýyldaky ýeňijileriniň arasynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Zaid bin Sultan Al-Nahaýýan adyndaky Döwletliler köşgüniň ýaşlarynyň hem bolmagy, ol ýerdäki köptaraplaýyn giň şertlerden ruhlanyp, alnyp barylýan joşgunly zähmetiň subutnamasydyr. Muňa ýakynda şol ýerde myhmançylykda bolanymyzda ýene bir ýola göz ýetirdik. 300-e golaý çaga terbiýelenýän bu köşgüň 2009-njy ýylda ozalky binalarynyň durky täzelenip, goşmaça döwrebap binalar bilen üsti ýetirildi. Ilki bilen, köşgüň baş binasynda ýerleşýän otaglaryna, kitaphana, muzeýe aýlanyp gördük. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher zehininden dörän eserleri, çeper hem halk döredijiligine degişli kitaplar, daşary ýurt dilindäki çeper eserler, köşgüň uçurymlarynyň sünnäläp döreden dürli ölçegdäki nakgaş eserleriniň, ýaşajyk fotosuratçylarynyň düşüren baý many-mazmunly suratlarynyň diwarlary bezäp durmagy ýakymly duýgulary bagyşlady.