HABARLAR

Göreçleriň söhbedi

Ýyllar soňra ýol üstünde saý-sebäpden sataşdyk. Görer göze adatydy görnüşiň. Birmahalky mähribanlykdandyr-da. Has oraşan duýlup dur ahwalyň. Eginleriň gysylypdyr. Göreçleň-de ýok öňki öwüşgin. Heniz doly aňlamadym sebäbin. Durmuş deňziniň tolkunlary zyňdymy del kenara?! Ýa-da orta ýola ýetip, ýitirdiňmi küregiň?! Ýa bolmasa, ýüzüp bilmän, gark bolmakdan haýykýarmy ýüregiň?! Garaz, halyň teňdigini habar berdi dideleriň. Olar, han-ha, maňa bakyp şindilerem gözleýär bir mähribanlyk. Söýgi çeşmäm takyrapdyr, gandyrmaz ol teşneligiň. Ýüregiňem ýoly ýapyk, mäkämlenen kilt bilen... Ädimlerimiz aralygy tiz-tizden kesişdirdi. Ahyrsoňy, olar biziň ýolumyzy tapyşdyrdy. Nazarymyz bir-birine dikildi. Ýöne welin, bu bakyşyň... jadyly däl öňki ýaly. Ýylanmady didaryňdan, ýüregiňem şol bir bolşy. Sende welin, başga bir hal ot gorsadýar gursagyňda. Oýtumyna çöken gözleň bu ahwalyň aýan edýär. Diliň halym sorap durka, gözleň söýgä elin serýär. Dilegiňe düşünen gözlem senden şeýle sowal edýär:

Alyslara uzaýan ak ýollar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ulag düzümini döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek bilen bagly giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Paýtagtymyzda, welaýatlarymyzda döwrebap ýaşaýyş jaýlary, medeni-durmuş saglyk maksatly binalar, desgalar bilen birlikde ähli amatlyklary bolan awtomobil ýollary, köprüler we täze logistik merkezler gurulýar. Dogana-dosta sary uzaýan ak ýollaryň ugrunda döwrebap duralgalaryň, ýerasty, ýerüsti geçelgeleriň, hereketiň kadaly ýola goýulmagyna mümkinçilik berýän ýolyşyklarynyň we beýleki degişli ýol belgileriň bolmagy sürüjilere we pyýadalara oňaýly şertleri döredýär. Ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek meselesi hormatly Prezidentimiziň hemişe üns merkezinde bolmak bilen, bu asylly we döwletli iş hil taýdan täze derejelere çykýar. Sanly ulgamy ösdürmegiň Konsepsiýasynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde köçe ýol hereketine gözegçilik işlerinde wideogözegçilik ulgamynyň ornaşdyrylmagy sürüjileriň we pyýadalaryň ýol hereketiniň kadalaryny doly we dogry berjaý etmegini gazanmaga uly ýardam edýär.

Öri meýdan maldarçylygy bilen baglanyşykly adalgalar

Araby goýun — 1) garaköli tohumly goýunlaryň gara bagana berýän görnüşini türkmen halkynyň atlandyryşy; 2) garaköli tohumly goýnuň halk arasynda tutulýan ady. Aran — 1) bir zadyň ujuna dakylýan gaňrakly ilgençek. Aran ýyrtyjy haýwanlary (möjek, tilki we ş.m.) tutmak üçin ulanylýan gapanyň zynjyrynyň ujuna dakylyp, onuň gapdalynda ýere gömülip goýulýar. Gapana düşen haýwan ony süýräp gidende aranyň gaňyrçaklary çöp-çalama ilişip, ony saklaýar; 2)guýulara, çuň suwlara gaçan zatlary almak üçin ulanylýan gaňrakly ilgençek.

Aşgabat — dost-doganlyk merkezi

22-nji martda ýurdumyzda Milli bahar baýramynyň — Halkara Nowruz gününiň uludan baýram edilen gününde ir bilen Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna baryp, behişdi bedewler bilen didarlaşdy. Milli Liderimiziň şol ýerde şöhraty dünýä dolan Akhan atly atyň neslinden bolan taýçanaga Aşgabat diýip at bermegi hem-de döredijilik bilen meşgullanyp, merjen paýtagtymyz Aşgabat baradaky eserini ýazyp gutarmagy her bir türkmenistanlynyň kalbyna joşgun berdi. Paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görülýän günlerde täze taýçanagyň dünýä inmegi hormatly Prezidentimiziň ylhamyna joşgun berip, «Ak şäherim Aşgabat!» atly goşgyny döretdi. Aziýaň dür-merjeni, Ak şäherim Aşgabat! Dost-doganlyk merkezi, Ak şäherim Aşgabat!

Merjen paýtagtymyzyň geçmişi we şu güni

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary bilen dabaralanýan goşa toýly ýylymyzyň 24-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz merjen paýtagtymyzyň häkimliginde iş maslahatyny geçirdi. Mähriban Arkadagymyz iş maslahatynyň dowamynda Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk toýuna mynasyp derejede taýýarlyk görmek hem-de ak mermerli paýtagtymyzyň binagärlik keşbini mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işlere degişli ýolbaşçylaryň ünsüni çekdi. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory, hormatly Prezidentimiziň geçiren iş maslahatynda Merkezi Aziýanyň merjeni, Watanymyzyň ýüregi Aşgabadyň gaýtalanmajak binagärlik keşbi bilen dünýäniň iň owadan hem-de ýaşamak üçin amatly şäherleriniň birine, halkara ähmiýetli maslahatlaryň, forumlaryň yzygiderli geçirilýän sebit merkezine öwrülendigini aýratyn nygtamagy bizi juda buýsandyrdy. Aşgabat baý taryhy bolan şäherdir. Taryhy maglumatlar bu ýeriň asyrlaryň jümmüşinde mes toprakly, bereketli sähra, durmuş gaýnap joşýan kerwen ýollarynyň çatrygy bolandygyny tassyklaýar. Geliň, ak şäherimiz Aşgabadyň taryhyna degişli şeýle wakalary gysgaça ýatlap geçeliň!

Jemgyýetçilik guramalarynda

Dabaraly maslahat geçirildi Kaka etrabynyň Medeniýet öýünde «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly mynasybetli «Parahatlyk ýürekleriň aýdymy — Türkmenistan dost-doganlyk mekany» atly aýdym-sazly maslahat geçirildi.

Nemonyň başdan geçirmeleri

«Nemonyň gözleginde» atly multfilm «Pixar Animation» studiýasy tarapyndan döredilýär. Bu animasiýa eseri ilkinji gezek 2003-nji ýylyň 30-njy maýynda ýaýlyma berilýär. Studiýanyň animasiýa dörediji hünärmenleri bu multfilmde masgarabaz balygy baş keşbi janlandyrsa has şowly çykjakdygyna ynanypdyrlar. Bu hakykatdan hem şeýle boldy. Multfilm Nemo atly kiçijik masgarabaz balygyň hem-de kakasy Marliniň başdan geçirmeleri esasynda döredildi. Marlin öz ogly Nemony diýseň gowy görýär. Ol elmydama öz ogluna gözegçilik edýär. Emma günlerde bir gün Nemo balykçynyň toruna düşüp, kakasyndan aýra düşýär. Balykçy diş lukmany bolup işleýär. Ol Nemony iş otagyndaky akwariuma goýberýär. Şeýlelik bilen adyndan hem belli bolşy ýaly, Marlin öz oglunyň, ýagny Nemonyň gözlegine başlaýar.

Gadymy milli tanslarymyz

Adamzadyň ir döwürlerden dürli ynançlara uýup ýerine ýetirýän hereketleri, ýyllaryň geçmegi bilen tans sungatyna öwrülipdir. Milli tans sungatymyzy sazandadyr bagşylar, dessançylar we beýleki halk döredijiligini ýaýradyjylar dilden-dile, nesilden-nesle geçirip, biziň döwrümize ýetiripdirler.

Şan-şöhratly bedewim

Berkarar ýurdumyzda mähriban Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgelerini täzeden dikeldip, türkmen halkynyň milli senetleri, şol sanda atşynaslyk sungaty has-da ösdürilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda ahalteke bedewleriniň at-owazasyny belende götermek maksady bilen, giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyz: «Behişdi bedewlere olaryň dörän mekanynda — türkmen topragynda häzirki döwürde aýratyn belent sarpa goýulýar» diýip belleýär. Ýurdumyzda türkmen atlarynyň arassa ahalteke tohumlaryny gorap saklamak we olara ideg etmek üçin ähli şertler döredilýär. Däp bolşy ýaly, her ýylyň aprel aýynda türkmen bedewiniň baýramy uly dabara bilen bellenilýär. Welaýatlarda we paýtagtymyzdaky atçylyk sport toplumlarynda ýylyň-ýylyna däbe öwrülip geçirilýän at çapyşyklary biziň her birimizi biparh goýmaýar. Bu at çapyşyklaryna tomaşa etmäge raýatlarymyz uly höwes bilen gatnaşýar.

Sazyň gudraty

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň her bir güni şatlyk-şagalaňa beslenýär. Şu ýylyň fewral aýynyň 18—28-i aralygynda Italiýanyň Sanremo şäherinde onlaýn aragatnaşygy arkaly aýdym-saz ugrundan halkara bäsleşik geçirildi. Oňa dünýä boýunça 37 döwletiň aýdym-saz söýüjileri — aýdymçylar, sazandalar, hor toparlary wideogörnüşler arkaly özleriniň eserleri bilen gatnaşdylar. Bu bäsleşige gatnaşyp, güýjüni synap görmek höwesi Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň üçünji ýyl talyby Aýlar Annamyradowany hem biparh goýmady. Ol konsertmeýster Jennet Hudaýgulyýewanyň pianinoda sazandarlyk etmeginde wiolonçel saz guralynda meşhur rus kompozitory Dmitriý Şostakowiçiň «Birinji konsertiniň birinji bölümini» wideoşekili bäsleşige hödürledi. Türkmen gyzynyň bu saz guralyna ussatlarça erk edip, saz söýüjileriň ýüregine aralaşyp bilmegi köpleri haýran galdyrdy. Oňa onlaýn arkaly sagbolsun aýdanlaryň sany köp boldy. Pasyllaryň soltany baharyň ilkinji günlerinde Sanremodan gelen hoş habar diňe bir Aýlary däl, eýsem, ähli türkmen halkyny buýsandyrdy. Ildeşimiz şol uly bäsleşikde ikinji orny eýelemegi başardy.