HABARLAR

Merjen dänelerimiz aýdym aýdanda...

«Garaşsyzlygyň merjen däneleri» diýlende, ata Watanymyzyň ösüşlerini, özgerişlerini, ýetilen belent sepgitleri, bagtyýar çagalygy wasp edýän ýaşajyk aýdymçy oglan-gyzlarymyz göz öňüňde janlanýar. Ýurdumyzyň ertiri, geljegi ýaş nesillerimiziň ukyp-başarnygyny, zehinini ýüze çykarmak, olary döredijilige höweslendirmek, sungat äleminde has-da kämilleşdirmek maksady bilen her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen bäsleşige diňe bir jigilerimiz däl, eýsem, hemmeler uly gyzyklanma bilen garaşýar. Ine, 6-njy sentýabrda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň «Nowruz ýaýlasyndaky» «Türkmeniň ak öýi» binasynda bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Ýokary derejede geçirilen bu bäsleşige Arkadag we Aşgabat şäherlerinden we ýurdumyzyň welaýatlaryndan deslapky tapgyrlarda ýeňiji bolmagy başaran mekdep okuwçylarynyň 21-si gatnaşdy. Türkmen milli lybaslarynda bezemen geýnüwli sahna çykan ýaşajyk aýdymçylarymyzyň biri şirin owazy bilen eziz Watanymyz Türkmenistanyň ösüşlerini, özgerişlerini taryplasa, ýene biri tebigatymyzyň ajaýyplygyny, gözelligini wasp etdi. Ýene biri bolsa bagtyýar çagalaryň bilimli-ylymly, kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin döredilýän mümkinçiliklere buýsanjyny aýdymyň üsti bilen diňleýjilere ýetirdi. Ýaňlanýan aýdymlara sazlaşykly ýerine ýe

Opera sungaty — owazly dünýä

Düýn Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Italiýanyň meşhur opera aýdymçysy Matteo Lippi türkmen kärdeşleri Gözel Annahanowa hem-de Bahar Durdyýewa bilen bilelikde, paýtagtymyzyň aýdym-saz muşdaklary üçin konsert berdi. Zehinli dirižýor Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Döwlet simfoniki orkestri çykyşlara sazandarlyk etdi. Italiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň açylmagynyň 10 ýyllygy hem-de belli italýan kompozitory Jakomo Puççininiň 100 ýyllygy mynasybetli berlen konsert Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda ýurdumyzdaky halkara çäreleriň üstüni ýetirdi. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň ýardam bermeginde Italiýa Respublikasynyň ilçihanasy tarapyndan guralan baýramçylyk konserti ýurdumyzda medeni diplomatiýa yzygiderli üns berilýändiginiň nobatdaky ýüze çykmasy boldy. Ony şu ýylyň 20-nji martynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Italiýa Respublikasyna amala aşyran iş sapary hem-de 29-njy maýda daşary işler ministrleri derejesinde Rimde geçirilen «Merkezi Aziýa — Italiýa» mejlisiniň netijeleri hem görkezdi. Iki dostlukly halkyň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklara, türkmenistanlylaryň sungata goýýan hormat-sarpasyna italiýaly tenor Matteo Lippi hem ýokary baha berýär. Ol bu b

Çagalaryň döredijilik ojagy

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndaky çagalar çeperçilik mekdebinde myhmançylykda Çagalaryň döredijiligi — bu olaryň kämilleşmäge we öz ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmaga edýän ilkinji synanyşyklary hasaplanýar. Heniz geljekki ykbalyna hemra boljak hünärini saýlamadyk hem bolsa çaga hemişe islendik käre bilesigelijilikli we döredijilikli çemeleşmäge ukyply. Şol tarapdan hem ýurdumyzda olaryň okap bilim almagy, saýlap alan hünärleri boýunça ökde hünärmenler bolup ýetişmegi üçin ähli şertler döredilýär. Ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň öz söýgi bildirýän ugurlary boýunça bilim almaklary, ilhalar ynsan bolup ýetişmekleri üçin ýurdumyzyň çäginde bilim ojaklary, sungat mekdepleri, okuw we döredijilik merkezleri hereket edýär. Ynha, şeýle mekdepleriň biri-de Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndaky çagalar çeperçilik mekdebidir. Nakgaşçylyk we halyçylyk ugurlary boýunça sungata aralaşmaga isleg bildirýän çagalary taýýarlaýan, olara ilkinji çeperçilik nazaryýetini öwredýän bu mekdep indi ençeme ýyl bäri hereket edip, ömrüni sungat bilen baglanyşdyran nesilleri kemala getirdi. Häzirki wagtda bu çagalar çeperçilik mekdebi ýurdumyzda guralýan sergilere, geçirilýän döredijilik bä

Ýaşajyk suratkeşleriň sergisi

Dürli görnüşli reňkleriň bardygyna garamazdan, olary sazlaşykly, ýerli-ýerinde ulanyp, ajaýyp bir şekili kemala getiräýmek aňsat däl. Şeýle dürli reňkleriň kömegi bilen täsin suratlary döredip bilýän ýaş zehinli jigilerimiziň bardygyna biz diýseň guwanýarys. Ine, Balkanabat şäherindäki çagalar çeperçilik mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Hatyja Gurbanowanyň bize çekip ýollan suratlaryny synlanymyzda olarda reňkleriň täsin sazlaşygyna göz ýetirýäris. Biz sungat äleminde gözellikleri döredip bilýän ýaş suratkeş jigimize uly üstünlikleri arzuw edip, onuň çeken suratlaryny size ýetirmegi makul bildik. * * *

Agaçdan nepis şekiller

Golaýda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Awaza — dostluk mekany» atly medeni-köpçülikleýin we sport çäreleri geçirildi. Onuň çäklerinde gurnalan sergileriň birinde agaçdan ýasalan dürli şekiller biziň ünsümizi özüne çekdi. Bu ajaýyp işleriň mekdep okuwçysyna degişlidigini bilenimizde, haýran galdyk. Ýaşlygyna garamazdan, zehinli oglanjygyň eýýäm bir hünäri ele alandygyna diýseň begendik. Geliň, şol ýaş zehinli oglan bilen ýakyndan tanşalyň! Ýaş zehinimiz Magtymguly etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Guwanç Hywalyýew. Ol okuwyndan daşary agaçdan dürli şekilleri ýasamak bilen meşgullanýar. Guwanç agaçlary ýonup, olary dürli şekiljiklere getirmegi başarýar. Sabyrlylygy we irginsiz zähmeti talap edýän bu hünäre bolan höwesiniň haçan dörändigini ondan soranymyzda, biz şeýle jogap aldyk: «Haçan-da men 5-nji synpda okaýarkam telewizorda palçykdandyr toýundan dürli şekilleriň ýasalýan pursadyna gabat geldim. Bu mende uly gyzyklanma döretdi. Bu barada ata-eneme aýdanymda, olar meni Magtymguly etrabyndaky çagalar sungat mekdebine ýazdyrdylar. Şeýdip, men çagalar sungat mekdebiniň heýkeltaraşlyk bölüminde okadym. Birbada palçykdan şekil ýasamak maňa gyzykly bolan hem bolsa, soň mende agaçdan dürli şekilleri ýasamaga bolan höwes artdy. Ine, onso

Ýanka Kupala (1882-1942)

Meşhur belarus şahyry, terjimeçisi, dramaturgy Ýanka Kupala 1882-nji ýylyň 7-nji iýulynda Minsk oblastynyň Molodençnyý etrabynyň Wýazynka obasynda dünýä inýär. Ýanka Kupala onuň edebi tahallusy bolup, şahyryň ady Iwan Dominikowiç Lusewiçdir. Onuň ilkinji goşgular ýygyndysy «Tüýdük» diýlen at bilen 1908-nji ýylda çap edilýär. Ýanka Kupala belarus edebiýatynyň nusgawy şahyry hasaplanylýar. Belarus Respublikasynyň halk şahyry, Belarus Ylymlar akademiýasynyň akademigi Ýanka Kupala «Gusliçi», «Harlanan höwürtge», «Aresaý derýasynyň boýunda», «Tarasyň täleýi» ýaly eserleriň awtorydyr. Ol Puşkiniň, Şewçenkonyň, Nekrasowyň, Krylowyň eserlerini belarus diline terjime eden şahyrdyr. 1920—1930-njy ýyllarda şahyryň birnäçe ýygyndylary neşir edilýär. Belarus edebiýatynyň we belarus edebi diliniň düýbüni tutujylaryň biri bolan Ýanka Kupala 1925-nji ýylda «Halk şahyry» diýlen hormatly at dakylýar. Belarus Respublikasynda şahyryň adyny göterýän okuw mekdepleriniň, kitaphanalaryň, muzeýleriň we köçeleriň birnäçesi bar. Şahyryň şygyrlary iňlis, arap, italýan, hytaý, nemes, rus, fransuz, hindi, ýapon dillerine terjime edilendir.

«Gorkak batyr»

Tomus paslynyň tamamlanmagy bilen ol hakyndaky ýatlamalar hem gutaraýanok. Şeýle dälmi?! Tomsuň hezilligi, onda ýaşalan günleriň gyzyklylygy seni biygtyýar özüne çekýär. Ine, çölde goýun bakýan atasynyň ýanynda tomus günleriniň iň täsirli, ýatdan çykmajak pursatlaryny başdan geçiren oglanjyk baradaky çeper filme hemmäňiz tomaşa eden bolsaňyz gerek. Bu filmde tomsuň jöwzaly günlerinde gyzgyn çölüň içinde atasynyň ýanynda galan oglanjygyň başdan geçirýän täsin wakalary, gyzykly pursatlary beýan edilýär. Bu oglanjygyň ady — Çaman. Aslynda, onuň öz sözleri bilen aýtsak, oňa «Çaman serdar» hem diýýärler. Bilýäňizmi näme, Çamanyň ýerine ýetirýän filminiň ady — «Gorkak batyr». Bu filme tomaşa eden bolsaňyz, ondaky oglanjyk beýle bir gorkagam däl. Ol ilkibada suwly guýa girende, garaňkylykdan gorkup aglasa-da, çölde mallara möjek daranda, ýorgandan çykman otursa-da, soňabaka ol has-da dogumlanyp, atasynyň iň ýakyn kömekçisine öwrülýär. Gyzgyn çölüň içinde çopan goşunda ýeke özüň galmak, düýäň üstüne münüp, uzak menzilden suw alyp gelmek, otda gaýnap duran kündügi dökmän, ataňa çaý demläp bermek... bularyň ählisi birbada aňsadam däl. Ýöne biziň baş gahrymanymyz ol işleriň hötdesinden gelmegi başarýar. Heniz kiçijek bolsa-da, atasyna kömekl

Medeni habarlar

«Ýaňlan, Diýarym! — 2024» 7-nji sentýabrda paýtagtymyzyň «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde «Ýaňlan, Diýarym! — 2024» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň we Aşgabat şäher häkimliginiň bilelikde guramagynda geçirilen bäsleşikde ýurdumyzyň welaýatlaryndan, Aşgabat, Arkadag şäherlerinden döwlet tapgyryna saýlanan 14 aýdymçy halk we häzirki zaman aýdymlaryny ýerine ýetirdiler. Emin agzalarynyň gelen netijesine görä, ýeňiji bolanlara Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we diplom gowşuryldy. Jemleýji tapgyra gatnaşanlaryň ählisi döwlet Baştutanymyzyň adyndan ýadygärlik sowgatlara mynasyp boldular.

Dessançy bagşy

Suratda: (sagda) dessançy bagşy Kerwen Ýowbasarow. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň bagşyçylyk sungaty kafedrasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Kerwen Ýowbasarowyň dessançylyk sungatyna bolan söýgüsi çagalykdan başlanýar. Ol orta mekdepde okaýan mahaly «Görogly» şadessanynyň «Harmandäli», «Bezirgen», «Göroglynyň öýlenişi», «Arapreýhan», «Kempir» şahalaryny ýatdan bilipdir. Halypa Ilaman Annaýew «Harmandäli» şahasyny iki bölege bölüp aýdypdyr. Onsoň mekdep okuwçysynyň şadessanyň şonça şahasyny ýatdan bilmegi her bir adamy geň galdyryp biler.

El hünäri il gezer

Düýn Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariatynyň, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäher Halk çeperçilik we amaly-haşam sungatyny dikeltmek, gorap saklamak, öwrenmek hem-de ösdürmek boýunça merkeziniň bilelikde guramagynda «Garaşsyzlyk ýyllarynda milli senetçiligiň ösdürilişi hem-de dünýä tejribesini öwrenmegiň derwaýys meseleleri» atly utgaşykly görnüşdäki maslahat, şeýle-de ussatlyk sapaklary geçirildi. Türkmen milli senetçiligini ösdürmegiň we amaly-haşam sungatynyň dünýä tejribesini öwrenmegiň meselelerine bagyşlanan çärede sungaty öwrenijilerdir senetçileriň türkmen amaly-haşam sungaty baradaky täsirli çykyşlary boldy. Çeperçilik akademiýasynyň mugallymlary wideoaragatnaşyk arkaly daşary ýurtly maslahata gatnaşyjylara milli halylaryň dokalyşyny, keramika we zergärçilik önümleriniň ýasalyşyny görkezdiler. Ýokary ussatlyk hem çeperçilik bilen ýerine ýetirilen el işleri daşary ýurtly hünärmenlerde uly gyzyklanma döretdi.