«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi
Her ýyl ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde guralýan «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigi ýaş zehinleriň sungat älemine barýan ýolunda möhüm badalgadyr, halypa-şägirtlik ýolunyň iň gowy däpleriniň dabaralanmasydyr. Telebäsleşigiň 7-nji sentýabrda paýtagtymyzyň «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde geçirilen jemleýji tapgyry munuň şeýlediginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi. Oňa deslapky tapgyrlarda saýlanyp alnan iň ökde ýaş zehinleriň 14-si gatnaşyp, ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Ýeňijilere ýörite diplomlar hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry gowşuryldy. Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylaryň ählisine döwlet Baştutanymyzyň adyndan ýadygärlik sowgatlarynyň gowşurylmagy bolsa aýdymly köňüllere ganat berdi. Ýeňiji bolan ýaş zehinleriň ýürek buýsançlaryny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.