HABARLAR

Täze şäheriň teatry

Arkadag şäheriniň Sabyr Ataýewa köçesiniň ugrunda ýerleşýän bu teatryň ajaýyp binasy ak mermer bilen örtülen. Onuň daş-töweregi gök baglar we suw çüwdürimli meýdançalar bilen gurşalan. 4 gatdan ybarat teatryň 1-nji gatynda giň eýwany, naharhanasy we 500 orunlyk tomaşaçylar zaly bar. 2-nji gatynda mejlisler zaly, administrasiýa we grim otaglary, maslahat zaly, şeýle-de tikin sehi ýerleşdirilen. Artistler üçin kiçi taýýarlyk zaly we ses ýazgy studiýasy teatryň 3-nji gatynda bolup, 4-nji gatynda uly taýýarlyk zaly gurnalan. Mundan başga-da, teatr internet ulgamy, sinhron terjime üçin enjamlar, sanly ulgamda ştanketler, aýlanýan sahna, gerekli bolan döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan.

«Gözel sen» bilen ak pata alan

Halypa bagşymyz Sahy Jepbarow ähli aýdymlaryny şol bir dutarda ýerine ýetiripdir. Munuň sebäbi hem şol dutary oňa öz halypasy Hally bagşy sowgat beripdir. Sahy Jepbarow akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryna birnäçe aýdymlary döredipdir. Olara «Gözel sen», «Türkmeniň», «Ýar ýüzünden», «Bizden ki uýat eýleýir», «Ili gözlär», «Bolar sen», «Boýlaryňa» ýaly aýdymlar degişlidir. Rowaýata görä, «Gözel sen» aýdymyny Sahy Jepbarow halypasy Hally bagşydan pata almak üçin ýerine ýetirip berýär. Aýdym halypasynyň göwnünden turýar. Sahy Jepbarow hem öz şägirtlerine ak pata berjek bolanda şol aýdymy aýtdyrýar eken. Ussat halypamyz Sahy Jepbarowyň döreden eserleri türkmen sungatynyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylyp, öz süýjüligini ýitirmän gelýär.

Ileri tutulýan ugur

Ösüşler bilen gurşalan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda-da döwletimiziň gazanýan üstünlikleri «Agzybirlikde döredijilikli işläp, döwrümizi, döwletimizi has-da beýgeltmelidiris. Geljege ynam bilen garap, öňe tarap buýsançly gadam urmalydyrys» diýip nygtaýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňde goýan beýik maksatlaryna daýanýar. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty ýokarlanyp, rowaç menzillerde ynamly ädimler ädilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan medeniýet ulgamyna-da uly üns berlip, milli medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmek, dünýä ýaýmak ugrunda uly işler alnyp barylýar. Müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýetimizi, sungatymyzy düýpli öwrenmek, ony geljekki nesiller üçin gorap saklamak döwrümiziň medeni syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

Alkyşymyz egsilmeýär

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ajaýyp zamanamyzda döwrebap bilim almagymyz, ylymly-bilimli, ösen tehnologiýalardan ezberlik bilen baş çykarýan adamlar bolup ýetişmegimiz üçin nusgalyk şertler döredilýär. Şol şertlerden peýdalanyp, maňa hem mekdep okuwçylarynyň arasynda her ýylda geçirilýän «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşigine taryh dersinden gatnaşyp, onuň döwlet tapgyrynda bassyr iki ýyllap baýrakly orunlary eýelemek miýesser etdi. Tamamlanan okuw ýylynda bolsa «Ýylyň okuwçysy — 2024» bäsleşiginiň welaýat tapgyrynda baş baýraga mynasyp boldum. «Soňky jaň» dabarasynyň geçirilen gününde orta mekdebi üstünlikli tamamlandygym we ähli okuw derslerinden göreldeli ýetişip, köpçülik çärelerine işeňňir gatnaşandygym üçin hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmatbahaly sowgatlaryň gowşurylmagy başymy göge ýetirip, täze üstünliklere ruhlandyrdy. 

«Çalsana, bagşy!» — 2024

Owazy äleme ýaýran sungat Daşoguz şäheriniň gözel künjeginde ýerleşýän «Türkmeniň ak öýi» binasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän «Çalsana, bagşy!» atly bäsleşigiň welaýat tapgyry ýokary ruhubelentlige beslendi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda baý many-mazmuna eýe bolan bu aýdym-saz bäsleşiginiň esasy maksady merdana halkymyzyň adamzat medeniýetine goşan ägirt uly goşandyny şöhratlandyrmakdan, ussat halypa bagşylarymyzyň gymmatly mirasyny ýaş nesilleriň arasynda wagyz etmekden, zehinli bagşy-sazandalary ýüze çykarmakdan we höweslendirmekden ybaratdyr.

Medeniýet hepdeligine

Bagşyçylygyň gadymy ojagy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen milli medeniýetimiziň galkynmagy, daşary ýurtlaryň Medeniýet günleriniň, dostluk festiwallarynyň ýurdumyzda yzygiderli geçirilmegi, Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň daşary ýurtlarda ýaýbaňlandyrylmagy, medeniýet we sungat ussatlarymyzyň dürli ýurtlarda geçirilýän festiwallara, ýaryşlara gatnaşmagy ýurdumyzda medeniýet ulgamynyň halkara derejede uly üstünliklere beslenmegine ýardam edýär.

Kalby joşgunly, ylhamy daşgynly

Şahyr Öwez Gurbanýazow bilen tanyşlygymyz geçen asyryň 70-nji ýyllarynyň ahyryndan, has takygy, 1979-njy ýyldan gaýdýar. Orta mekdebi tamamlap, etrap «Dostluk» gazetiniň redaksiýasyna işe geldim. Şonda redaktor Täjibaý Jumanyýazow meni işgärler bilen tanyşdyrdy. Ortadan uzyn boýly, daýanykly, bugdaýreňk, agras ýüzli ýigidiň ýanyna baranymyzda: — Öwez-ä özüňem tanaýansyň. Senem ýazyp-pozup ýörsüň-ä — diýip, mylaýym ýylgyrdy.

Toý toýlaýar Diýarym

Indi birnäçe ýyldan bäri tomsuň ilkinji aýynda ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni uludan bellenilýär. Dabarasy dag aşýan bu baýramyň gerimi tutuş bir hepdä ýaýraýar. Şu günler ýurdumyzyň iň owadan, dünýäni haýrana goýýan, ýaş şäheri bolan Arkadag şäherinde Medeniýet hepdeligine uludan taýýarlyk görülýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bu ajaýyp toý ulus-ilimizi joşguna besläp, watandaşlarymyzyň ruhuny galkyndyrar. Arkadag şäherinde geçirilýän baýramçylyga welaýatymyzyň medeniýet we sungat işgärleri hem işjeň gatnaşýarlar. Hepdeligiň dowamynda welaýatymyzyň sungat ussatlarynyň, döredijilik we tans toparlarynyň Arkadag şäheriniň bezemen sahnalarynda çykyş ederler. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň halk artisti Dilber Rahmanowa we Türkmenistanyň at gazanan artisti Daňatar Gurbanow ýaly ussatlar hem bar.

Saz sungatynyň perwanasy

Sungat özüne ýakyn ynsanlary saýlaýar. Hut şonuň üçin hem olaryň döredijiliginde ynsan kalbynyň gözelligini, durmuş häsiýetlerini hatda duýgularyň näzikligini duýmak bolýar. Öz ukybyny zähmet bilen utgaşdyryp, işine bar yhlasyny siňdirýän sungat adamlaryny göreniňde bolsa olaryň şeýle tebigy zehine eýe bolmaklarynyň syryna akyl ýetirýärsiň. Çärjew etrabyndaky çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Ilgar Atahanow hem saz sungatyna ýüreginiň töründen orun beren ynsanlaryň biri. «Ozal akan ýerden akarmyş aryk» diýlişi ýaly, Ilgarda aýdym-saza höwes ir kemala gelýär. Kakasy Rozymurat aga-da sungat işgäri bolansoň, perzendiniň saz ugrundan bilim almaga yhlaslydygyny duýup, ony etrabyň çagalar sungat mekdebine okuwa berýär. Sungat ojagynda halypalaryň berýän sapaklary, aýdym-sazyň jadylaýjy owazy, döredijilik adamlary bilen ýakyn aragatnaşyk bu ugra höwesjeň Ilgaryň ylhamyna ganat baglaýar. Ol çagalyk ýyllarynda sungata aralaşan ilkinji pursatlarynyň özünde aýratyn täsir galdyrandygyny häli-häzirlerem uly buýsanç bilen ýatlaýar. Ilgar orta mekdebi üstünlikli tamamlap, hünär saýlamaly bolanda, ykbalyny başga ugra baglamak barada birjik-de pikir etmedi. Şeýlelikde, kalby sungata söýgüden we juwanlyk joşgunyndan püre-pür ýigide welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyby bolmak b

Kalba keşdelenilýän aýdymlar

Aýdym-saz — jadyly gudrat. Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň öň ýanynda şol jadyly gudratyň aşygy — Saýat etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň mugallymy, Türkmenistanyň at gazanan artisti Jumamyrat Gurbanow bilen duşuşyp, onuň alyp barýan döredijilik işleri barada söhbetdeş bolmagy makul bildik. Jumamyrat aganyň kakasy Gurban aga naý, tüýdükde saz çalyp, aýdym aýdýan eken. Ol kakasyny özüniň ilkinji halypasy hasaplaýar, aýdym-saza ykbalyny baglamagynda kakasynyň uly paýynyň bardygyny aýdýar. Ýaşlyk ýyllarynda ol halypalardan köp zatlary öwrenip, toý-baýramçylyklarda çykyş edip ugraýar. 1992-nji ýylda geçirilen «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginde ýeňiji bolmagy onuň il içinde has-da adykmagyna sebäp bolýar. Ussat aýdymçy hoş owazly aýdym-sazlary bilen ýurdumyzda gazanylýan ösüşleri belentden wasp edýär. Milli aýdym-saz sungatymyzy ösdürmäge goşan goşandy üçin 2002-nji ýylda «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ada mynasyp bolmagy ussat aýdymçyny täze döredijilik gözleglerine ruhlandyrýar. Ol şu döwürde 30-dan gowrak ilhalar aýdymlary döretdi. Aýdymçynyň ýerine ýetirýän «Lebabyma», «Diýarym», «Derýa», «Ýar biziň sary», «Ajap zamanda», «Näz bilen», «Türkmenistanym», «Lukmanlarymyz»,