HABARLAR

Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri tamamlandy

Aşgabat, 29-njy oktýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Ermenistan Respublikasynyň ýurdumyzdaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy geçirildi. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň işjeň durmuşa geçirýän medeni diplomatiýasy öz oňyn netijesini berip, dünýäniň we sebitiň ýurtlary bilen köpugurly gatnaşyklary giňeltmäge ýardam edýär. Ynsanperwer ulgamda barha rowaçlanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklar hem munuň şeýlediginiň aýdyň mysalydyr. Türkmenistan we Ermenistan Respublikasy mundan öň hem özara Medeniýet günlerini birnäçe gezek geçiripdiler.

Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda nesil terbiýesi

Sahna örklenen ykbal

Her birimiziň kalbymyzda güýze garaşmak duýgusy bar. Kimsämiz oňa baş baýramymyzyň ýakymyna eýlenmek, kimsämiz täze okuw ýylyna girişmek, kimsämiz bol berekede şaýat bolmak maksady bilen garaşýarys. Sungatyň muşdagy hökmünde köpimiziň güýzde açyljak teatr möwsümine garaşmak edähedimiz hem bar. Teatrdaky eserleriň jadyly täsiri birki sagatlyk hem bolsa seni ähli aladalaryňdan saplap, öz dünýäsine alyp gidýär. Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda ýakynda açylan möwsüm hem sungatyň muşdaklarynyň ählisini begendirdi. Her ýyl bolşy ýaly, teatryň döredijilik topary öz goruna ýene bir täze eseri goşdy. Şu möwsümiň täze spektakly «Sensiz nädip ýaşaryn?» diýlip atlandyrylýar. Başga bir täzelik bolsa bu eseri režissýorlyk dünýäsine ilkinji gezek gadam goýýan ýaş sungat wekiliniň sahnalaşdyrmagydyr. Hawa, täze eser teatryň balet artisti Şöhrat Atabaýewiň ilkinji režissýorlyk işi. Hut şu eser hem Şöhrat bilen söhbedimize sebäp boldy. — Täze eserimiz meşhur dramaturg Aşyr Mämiliýewiň «Söýgi duralgasy» atly eseriniň esasynda sahnalaşdyryldy. Bu eseriň ady okyjylara tanyş bolmagy mümkin. Çünki «Söýgi duralgasy» ýurdumyzyň beýleki käbir teatrlarynda hem sahnalaşdyryldy. Biz hem esere täzeçe çemeleşip, oňa öz özgertmel

Gymmatly hazyna

Medeniýetimiziň, sungatymyzyň gülläp ösýän zamanasynda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde ýurdumyzda halkymyzyň milli gymmatlyklaryny aýawly saklamak, dikeltmek, goramak we giňden wagyz etmek hem-de olaryň üstüni ýetirmek, täze öwüşginli, döwrebap medeni gymmatlyklary döretmek babatda uly işler alnyp barylýar. Milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň, asylly däp-dessurlarymyzyň, ýörelgelerimiziň dünýä ýaýylmagynda, gadymyýetden habar berýän gymmatlyklarymyzyň aýawly saklanylmagynda we geljekki nesillere ýetirilmeginde muzeýlere aýratyn orun degişlidir. Ata-babalarymyzyň döreden milli mirasynyň baý gaznasyny özünde jemleýän muzeýler biziň şu günümiziň gymmatly hazynasydyr. Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýimizde asyrlar aşyp, biziň günlerimize gelip ýeten milli gymmatlyklarymyz saklanýar. Halkyň toplan taryhy-durmuş tejribesini, geçmişini, ýaşaýyş-durmuşyny doly beýan etmäge ýakyndan ýardam edýän taryhy tapyndylar muzeýe gelýänleriň ünsüni özüne çekýär. Adamlaryň  türkmen halkynyň gadymy taryhyna, baý medeniýetine, däp-dessurlaryna bolan düşünjesini artdyrmakda we milli mirasymyzy içgin öwrenmekde, gymmatlyklarymyzy gorap saklamakda hem-de olary geljekki nesillere ýetirmekde  muzeýleriň ähmiýeti uludyr. 

Saz çalsa, saýraman durardy guşlar...

Onuň sazlary bihal däldi, özüne kökerýärdi, ýüpsüz baglap goýýardy. «Hansähet ussanyň ussat perzendi, Jepbar bilen baga giren dutarym» — diýip, Geldi Bäşini joşuran, sazy söz bilen duşuran Jepbar Hansähet oglunyň doglan gününiň 100 ýyllyk senesi bu güýzüň gujagyna many-mazmun goşup, saza meňzeş dünýä zerbaplyk çaýyp geldi. «Dutara dil bitiren halypa». Ine, şeýle at bilen golaýda halypanyň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli ýatlama agşamy geçirildi. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň hem-de Ahal welaýat Medeniýet müdirliginiň bilelikde gurnamagynda Änew şäheriniň Medeniýet öýünde geçen bu döredijilik agşamy, oňa gatnaşanlary täsirli duýgular bilen gurşap aldy. Elbetde, dabarada sazandanyň nebereleriniň çykyşlary hem boldy. Halypanyň agtygy Serdar Nurlyýewiň eden söhbetleri ýatlamalar dünýäsiniň zer sahypasy bolup, köňüllerde we aňlarda öçmejek täsirleri galdyrdy.

Pähimli setirler

Ermeni nakyllary Ünsli diňlän — çalt öwrener.

Aşgabatda Ermenistan Respublikasynyň Medeniýet günleri dowam edýär

Aşgabat, 28-nji oktýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Ermenistan Respublikasynyň ýurdumyzdaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy geçirildi. Munuň özi iki döwletiň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň yzygiderli pugtalandyrylýandygynyň ýene-de bir aýdyň güwäsidir. Türkmenistan we Ermenistan köp ýyllardan bäri dürli ugurlarda üstünlikli hyzmatdaşlyk edip gelýärler. Şunda medeni-ynsanperwer ulgama aýratyn ähmiýet berilýär. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary astynda geçýän ýylda guralýan bu döredijilik çäresi iki halkyň mundan beýläk-de ýakynlaşmagynda möhüm ädimdir. Beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň ömür ýoluny we döredijiligini öwrenmek boýunça alnyp barylýan işler dünýä döwletleridir abraýly halkara guramalar tarapyndan uly goldawa eýe bolýar. Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýanyň Aşgabatda geçirilen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara foruma gatnaşmak üçin ýurdumyza amala aşyran saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen geçiren duşuşygynda Magtymguly Pyragynyň ermeni diline terjime edilen goşgular ýygyndysyny sowgat bermegi-de munuň aýdyň mysalydyr. Şeýle hem “Ma

Baýramçylyk duşuşygy

25-nji oktýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň milli Merkeziniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli «Türkmen alabaýy — milli mirasymyz we buýsanjymyz» atly baýramçylyk duşuşygy geçirildi. Ýer ýüzüne gyzyl şapak ýaly lowurdap nur saçýan halylar düşelen zalda diwarlygyň ýüzündäki hormatly Prezidentimiziň portreti we gyr atyň, türkmen alabaýynyň güjükleriniň keşbi milli mirasymyza goýulýan belent sarpany dabaralandyrdy. Baýramçylyga bagyşlanan dabarada Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Orazdurdy Agdyýew, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň bölüm müdiri Bezirgen Ataýew, «Edebiýat we sungat» gazetiniň bölüm redaktory, şahyr Süleýman Ilamanow, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň milli Merkeziniň Gurluşyk we senagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy boýunça utgaşdyryjysy Rahmandurdy Rahmanow, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Medeniýet we köpçülikleýin habar beriş bölüminiň esasy hünärmeni Resul Hojaberdiýew dagy çykyş edip, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkad

Tokio şäherinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

2024-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda Tokio şäherinde Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasy Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabyň ýapon dilindäki neşriniň tanyşdyrylyş dabarasyny gurady. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  Çärä Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Medeniýet we jemgyýetçilik bilen aragatnaşyk bölüminiň müdiriniň orunbasary Sakamoto Hideki, Ýaponiýada akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň, şeýle hem Bilim, medeniýet, sport we tehnologiýa ministrlikleriniň, Ýaponiýanyň merkezi döwlet-jemgyýetçilik teleradiokompaniýasynyň we ýapon jemgyýetçiliginiň wekilleri gatnaşdylar.

Paýtagtymyzda Ermenistan Respublikasynyň Medeniýet günleri dowam edýär

Bilşimiz ýaly, bu günler ýagny, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 27-29-njy oktýabry aralygynda Ermenistan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär. Medeniýet günleriniň çäginde ýagny, 28-nji oktýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde, Ermenistanyň Tatula Altunýan adyndaky döwlet aýdym-saz ansamblynyň çykyşy boldy. Oňa Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we onuň garamagyndaky edaralaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, giň jemgyýetçiligiň wekilleri, ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleri we myhmanlar gatnaşdylar.