Sungatyň, döredijiligiň mekany
Zehin ynsana tebigy berilýän ukypdyr. Ol her bir ynsanyň başarnygy bilen ýüze çykýar. Başarnykly bolmak bolsa islendik adamdan höwesi talap edýär. Ýaş nesillerimiziň ukyp-başarnykly, zehinli bolmagy ugrunda eziz Diýarymyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda beýik işler ýola goýulýar. Bagtyýar ýaş nesilleriň tebigy zehinleriniň ýüze çykmagynda taýsyz tagallalar edilýär. Has takygy, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde çagalar bakja-baglary, döwrebap mekdepler, çagalar çeperçilik hem sungat mekdepleri gurlup ulanylmaga berilýär. Olaryň her biri ýokary hilli, dünýä ülňülerine laýyk gelýän tehnologiýalar bilen üpjün edilýär. Bu bolsa ýaş nesillerimiz hakynda edilýän bimöçber aladalardan nyşandyr. Ýaş nesilleriň ukyp-başarnygyny, zehinini ýüze çykarmakda Mary şäherindäki çagalar çeperçilik mekdebiniň orny örän uludyr. Bu çagalar çeperçilik mekdebi 2010-njy ýylda açylyp, onda 25 mugallym yhlas bilen zähmet çekýär. Mekdepde okuwçylara halyçylyk, nakgaşçylyk, keramika, heýkeltaraşlyk hünärleri boýunça bilim berilýär. Täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen bu ýerde çagalaryň, has takygy, 12 ýaşyny dolduran, 13-14 ýaşly okuwçylaryň 250-si dürli hünärler boýunça ussat mugallymlardan sapak alýarlar.