HABARLAR

Bi­rin­ji or­na çyk­dy

Eme­li aň teh­no­lo­gi­ýa­sy bi­len meş­gul­lan­ýan «Nvidia» kom­pa­ni­ýa­sy örän gys­ga wagt­da ba­zar gym­ma­ty­ny art­dy­ryp, dün­ýä­niň iň gym­mat kom­pa­ni­ýa­sy­na öw­rül­di. Dün­ýä­niň ba­zar ba­ha­sy iň gym­mat kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň il­kin­ji on­lu­gy­na go­laý­da gi­ren «Nvidia» bu ugur­da öň­de­li­gi eýe­le­ýän «Micro­soft»-dan öňe ge­çip, bi­rin­ji bol­dy. Çip önüm­çi­li­gi bi­len meş­gul­lan­ýan teh­no­lo­gi­ýa ägir­di­niň ba­zar nyr­hy 3,32 tril­li­on dol­lar­dan geç­di. Mer­ke­zi eda­ra­sy Ka­li­for­ni­ýa­da ýer­leş­ýän «Nvidia»-nyň teh­no­lo­gi­ýa kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň jem­le­nen ýe­ri bo­lan «Nas­daq» bir­ža­syn­da­ky paý­na­ma­la­ry 3 gö­te­rim gym­mat­lap, 135,96 dol­la­ra çyk­dy. Şeý­le­lik­de, kom­pa­ni­ýa bu ugur­da bi­rin­ji ýe­ri eýe­le­ýän «Micro­soft»-dan öňe geç­di. Pa­ra­hat RAH­MA­NOW,

Aras­sa ener­gi­ýa­da­ky ar­tyş tiz­li­gi

Bü­tin­dün­ýä yk­dy­sa­dy fo­ru­my­nyň taý­ýar­lan mag­lu­ma­tyn­da aras­sa ener­gi­ýa ge­çiş tiz­li­gi pe­sel­ýär. Dün­ýä­niň 120 ýur­du­nyň bar bo­lan ul­gam­la­ry we aras­sa ener­gi­ýa ge­çiş müm­kin­çi­lik­le­ri sel­je­ril­di. Şu ýyl 14-nji ge­zek taý­ýar­la­nan mag­lu­mat­da dün­ýä­de has yg­ty­bar­ly, dur­nuk­ly we el­ýe­ter­li ener­gi­ýa ge­çiş­de ösüş do­wam ed­ýär. Em­ma bu ösü­şiň tiz­li­gi pe­sel­ýär. Mag­lu­mat­da 120 ýur­duň 107-sin­de soň­ky 10 ýyl­da aras­sa ener­gi­ýa ge­çiş­de ösüş ga­za­ny­lyp­dyr. Şeý­le hem gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän ener­gi­ýa pu­da­gy­na glo­bal ma­ýa go­ýu­myň art­ma­gy we soň­ky 10 ýyl­da Sa­ha­ra çö­lü­niň gü­nor­ta­syn­da­ky Af­ri­ka­da ener­gi­ýa öw­rü­li­şi­gin­de uly ösüş ga­za­ny­lyp­dyr. Ener­gi­ýa­nyň aras­sa çeş­me­le­ri­ne geç­mek­de Ýew­ro­pa ýurt­la­ry öň­de­li­gi eýe­le­ýär. Ýurt­lar ba­bat­da aý­dy­lan­da bol­sa, Şwe­si­ýa, Da­ni­ýa, Finl­ýan­di­ýa, Şweý­sa­ri­ýa we Fran­si­ýa öň­dä­ki orun­la­ra ýer­le­şip­dir.

Iki­si bir­wagt­da gül­le­di

Lon­do­nyň Kew bo­ta­ni­ka ba­gyn­da dün­ýä­niň iň ys­ly gül­le­ri ha­sap­lan­ýan «ti­tan arum» we «aris­to­lochia gol­diea­na» gül­le­ri bir­wagt­da gül aç­dy. Ba­gyň ýol­baş­çy­la­ry­nyň aýt­mak­la­ry­na gö­rä, «aris­to­lochia gol­diea­na» üçün­ji ge­zek gül açyp­dyr. Be­ýik­li­gi 3 met­re ýet­ýän gül 48 sa­gat­dan ýa­pyl­ýar. Bu gül il­kin­ji ge­zek 1990-njy ýyl­da, ikin­ji ge­zek 2023-nji ýyl­da açylyp­dyr. Onuň ysy­nyň hi­mi­ki ele­ment­le­ri ýa­dy­ňa sal­ýan­dy­gy bel­le­nil­ýär. Ga­ra­şyl­ma­dyk ýag­daý­da «ti­tan arum» gü­li hem gül açyp­dyr. Bo­ta­ni­ka ba­gyn­da 1889-njy ýyl­dan bä­ri ösüp oturan gül il­kin­ji ge­zek 1926-njy ýyl­da, soň­ky ge­zek 2021-nji ýyl­da gül açyp­dyr. Şeý­le­lik­de, bo­ta­ni­ka ba­gy­nyň ta­ry­hyn­da il­kin­ji ge­zek bu ösüm­lik 5 ýyl­dan az wagt­da gül açyp­dyr. Gö­zel BEK­DUR­DY­ÝE­WA,

1 mil­liard ýew­ro gir­de­jä ga­raş­ýar

Ger­ma­ni­ýa­da ge­çi­ril­ýän 17-nji Ýew­ro­pa çem­pio­na­ty gyz­ga­laň­ly ýag­daý­da do­wam ed­ýär. Hal­ka­ra sport we beý­le­ki bäs­le­şik­ler ge­çi­ril­ýän ýur­du­na uly gir­de­ji ge­tir­ýär. Bu ýag­daý Ger­ma­ni­ýa­da hem şeý­le. Ýur­duň ýol­baş­çy­la­ry «Euro 2024» fut­bol çem­pio­na­ty­nyň sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gy­na gir­de­ji­si­niň 1 mil­liard ýew­ro bol­ma­gy­na ga­raş­ýar­lar. Bu ba­ra­da Mýun­hen­dä­ki Ifo yk­dy­sa­dy bar­lag­lar ins­ti­tu­ty ha­bar ber­ýär. Bi­ler­men­le­riň aýt­mak­la­ry­na gö­rä, myh­man­ha­na we azyk se­na­ga­ty da­şa­ry ýurt­ly sy­ýa­hat­çy­lar­dan iň köp gir­de­ji ga­za­nan pu­dak­lar bo­lar. Ins­ti­tu­tyň bi­ler­men­le­ri 2006-njy ýyl­da ýurt­da ge­çi­ri­len fut­bol bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­tyn­da­ky mag­lu­mat­la­ra esas­la­nyp, ha­sap­la­ma ge­çi­rip­dir­ler. Fut­bol du­şu­şyk­la­ry­nyň geçirilýän döw­rün­de 600 müň­den gow­rak sy­ýa­hat­çy myh­man­ha­na­lar­da 1,5 mil­li­on orun­lyk goş­ma­ça ýer­de dynç alar­lar. Gur­ban NA­ZA­ROW,

Sag­lyk üçin mas­la­hat­lar

To­mus pas­lyn­da Gü­nüň aşa ýi­ti şöh­le­sin­den go­ra­nyň! To­mus aý­la­ryn­da Gü­nüň ult­ra­me­lew­şe şöh­le­le­rin­den go­ran­mak üçin açyk reňk­li nah ma­ta­dan, ýe­ňil we giň ti­ki­len egin-eşik­le­ri ge­ýiň.

Ýol­la­ryň asu­da­ly­gy – dur­mu­şyň ra­hat­ly­gy

Hor­mat­ly Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­my­zyň baş­tu­tan­ly­gyn­da ata Wa­ta­ny­myz uly ösüş­le­re bes­len­ýär. Hä­zir­ki wagt­da gün­sa­ýyn ös­ýän we gi­ňel­ýän şä­her­le­riň ýol he­re­ke­ti­ni ka­da­laş­dyr­mak mak­sa­dy bi­len tä­ze ýol­la­ry gur­mak, bar bo­lan­la­ry­nyň dur­ku­ny tä­ze­le­mek bo­ýun­ça uly iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Şeý­le hem ýol­la­ryň ug­run­da ýo­lag­çy­lar üçin äh­li amat­lyk­la­ry bo­lan du­ral­ga­lar, ge­çel­ge­ler, ýo­ly­şyk­lar we beý­le­ki de­giş­li bel­gi­ler ýer­leş­di­ril­ýär. Aw­tou­lag­la­ryň kö­pel­me­gi ne­ti­je­sin­de gat­na­wyň art­ma­gy bol­sa, sü­rü­ji­le­riň we py­ýa­da­la­ryň has üns­li bol­ma­gy­ny ta­lap ed­ýär. Mu­nuň özi ýol he­re­ke­ti­niň howp­suz­ly­gy­na ün­süň güýç­len­di­ril­me­gi­ni ta­lap ed­ýär. Bu ba­ra­da ýur­du­myz­da ne­ti­je­li iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Ola­ra my­sal edip, gu­rul­ýan döw­re­bap aw­to­ýol­la­ry, köp­rü­le­ri, ýe­ras­ty ge­çel­ge­le­ri gör­kez­mek bo­lar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­lan­gy­jy bi­len ýur­du­myz­da her ýy­lyň sent­ýab­ryn­da «Ýol he­re­ke­ti­niň howp­suz­ly­gy – öm­rü­mi­ziň

Gaý­ta­dan iş­läp baş­la­dy

1977-nji ýyl­da kos­mo­sa uçu­ry­lan «Voya­ger 1» kos­mos en­ja­my bi­len 6 aý ozal ara­gat­na­şyk ke­si­lip­di. NA­SA-nyň ber­ýän mag­lu­ma­ty­na gö­rä, Ýer­den 24,1 mil­liard ki­lo­metr daş­la­şan en­jam bi­len gaý­ta­dan ara­gat­na­şyk ýo­la goý­lup, yl­my mag­lu­mat­lar top­la­nyp baş­lan­dy. «Voya­ger 1»-dä­ki teh­ni­ki bök­denç­li­giň uçuş bi­len bag­ly mag­lu­mat­la­ry top­la­ýan çip­de ýü­ze çy­kan­dy­gy mä­lim edil­di. Şeý­le-de bol­sa, kos­mos en­ja­myn­da­ky nä­saz­lyk do­lu­ly­gy­na ara­dan aý­ryl­man­dyr. In­di bi­ler­men­ler «Voya­ger 1»-iň üç komp­ýu­te­rin­dä­ki wag­ty gör­kez­ýän prog­ram­ma­sy­nyň sinh­ro­ny­ny saz­la­ma­ly bo­lar­lar. Ýaz­gel­di ATA­ÝEW,

Ýan­gyn howp­suz­ly­gyn­da ber­jaý edil­me­li düz­gün­ler

Oduň gö­zeg­çi­lik­siz gal­dy­ryl­ma­gy ada­ma we daş­ky gur­şa­wa düýp­li ze­per ýe­ti­rip bil­ýär. Şo­nuň üçin, jem­gy­ýe­tiň her bir ag­za­sy ýan­gyn howp­suz­lyk düz­gün­le­ri­ni ber­jaý et­mek me­se­le­si­ne has oý­la­ny­şyk­ly we jo­gap­kär­li çe­me­leş­me­li­dir. Dur­muş­da hä­zir­ki za­man elekt­rik en­jam­la­ry iş­jeň ýag­daý­da ula­nyl­ýar. Köp­lenç ýan­gyn how­pu­na gün­de­lik ula­nyl­ýan en­jam­la­ryň iş­le­di­lip, gö­zeg­çi­lik­siz gal­dy­ryl­ma­gy se­bäp bol­ýar. Öý­den, iş ýer­le­rin­den çyk­maz­dan öň, otag­la­ry göz­den ge­çir­me­gi unut­ma­ly däl. Otag­lar­da bar bo­lan äh­li elekt­rik bi­rik­di­ri­ji­le­riň boş­du­gy­na, elekt­rik gyz­dy­ry­jy en­jam­la­ryň ýa­ny­jy ma­te­ri­al­la­ryň üs­tün­de dur­ma­ýan­dy­gy­na, ola­ryň gyz­gyn­lyk be­ri­ji­le­ri­niň ýa­ny­jy ma­te­ri­al­la­ra deg­me­ýän­di­gi­ne do­ly göz ýe­tir­me­li. Aş­ha­na ota­gy göz­den ge­çi­ri­len­de gaz, elekt­rik pli­ta­la­ryň öçü­ri­len­di­gi­ne üns ber­me­li. Şe­mal ar­ka­ly ýo­kar­ky gat­lar­dan dür­li ga­lyn­dy­lar ota­ga gir­mez ýa­ly pen­ji­re­le­ri do­ly ýap­ma­ly.

Tebigat barada kanun kabul edildi

Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi te­bi­ga­ty di­kelt­mä­ge de­giş­li tä­ze ka­nun ka­bul et­di. Bu ka­nun bi­len on­ýyl­ly­gyň ahy­ry­na çen­li Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­ne ag­za ýurt­la­ryň gu­ry ýerleriniň we de­ňiz­le­ri­niň azyn­dan 20 gö­te­ri­mi­niň gaý­ta­dan di­kel­dil­me­gi mak­sat edi­nil­ýär. Bu ba­ra­da köp wagt­dan bä­ri gep­le­şik­ler ge­çi­ril­ýär­di. Ýew­ro­pa Par­la­men­tin­de bu ka­nun bi­len bag­ly ge­çi­ril­ýän gep­le­şik­le­re ýol­baş­çy­lyk ed­ýän is­pa­ni­ýa­ly de­pu­tat Se­zar Lue­na bu gü­nüň Ýew­ro­pa üçin te­bi­ga­ty go­ra­mak we aýap sak­la­mak­dan, gaý­ta­dan di­kelt­mä­ge ge­çi­len äh­mi­ýet­li gün­le­riň bi­ri­di­gi­ni bel­le­di. Yh­las ATA­ÝEW,

Maýa goýumyň üçden birini çekdi

Pan­de­mi­ýa­dan soň­ky dö­wür­de ABŞ glo­bal ma­ýa go­ýu­myň üç­den bi­ri­ni özü­ne çek­di. Hal­ka­ra pul gaz­na­sy­nyň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä ABŞ pan­de­mi­ýa­dan ozal glo­bal ma­ýa­nyň 18 gö­te­ri­mi­ni al­ýar­dy. ABŞ-nyň ma­ýa go­ýu­my çek­me­gin­de ýurt­da gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän ener­gi­ýa we ýa­rym­ge­çi­ri­ji önüm­çi­li­gi­ne gol­daw ber­ýän ka­nu­nyň güý­je gir­me­gi­niň tä­sir­li bo­lan­dy­gy bel­le­nil­ýär. My­sal üçin, Gü­nor­ta Ko­re­ýa­nyň «Sam­sung Electro­nics» kom­pa­ni­ýa­sy Te­has­da­ky çip önüm­çi­li­gi­ni art­dyr­mak üçin 6,4 mil­liard dol­lar gol­daw alyp­dyr. Arzuw Guwanjowa,