HABARLAR

«Ýaşlar — Watanyň daýanjy» ýapon dilinde

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň çuňňur many-mazmuna ýugrulan «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitaby durmuş ulgamynyň dürli ugurlarynda ajaýyp üstünlikleri gazanýan we eziz Watanymyzyň gülläp ösüşlerine mynasyp goşant goşýan türkmen ýaşlaryna bagyşlanýar. Şu jähetden, 18-nji dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda döwlet Baştutanymyzyň bu eseriniň ýapon dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasynyň geçirilmegi aýratyn ähmiýete eýedir. Geçen ýylyň dekabrynda çapdan çykan we ýaş nesiller üçin möhüm gollanma öwrülen bu kitap daşary döwletlerde hem uly gyzyklanma eýe boldy. Onuň Sukuba uniwersiteti bilen hyzmatdaşlykda ýapon diline terjime edilmegi hem munuň aýdyň güwäsidir. Şoňa görä-de, tanyşdyrylyş dabarasyna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň, halkara guramalaryň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Çärä paýtagtymyza sapar bilen gelen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy Hiroýuki Subaýyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary-da çagyryldy.

Döwletli ýoluň dowamaty

Türkmen halky owal-ahyrda kitaba çuňňur sarpa goýýar. Kitap — dünýäniň syryny açýan gudrat. Türkmençilikde mukaddeslikleri ýüzüňe sylmak parz hasaplanýar. Kitabyň hem ýüze sylynmagy türkmen halkynyň oňa goýýan belent sarpasynyň nyşanydyr. Şoňa görä-de, Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabyny halkymyz uly buýsanç duýgulary bilen ýüze sylyp garşylady. Bu ajaýyp eser ýaş nesillerimiz üçin aýratyn gymmatly sowgat boldy. Gahryman Arkadagymyzyň şöhratly geçmişimiz, milli taryhymyz barada beýan eden parasatly pikirleri, ylmy taýdan esaslandyrylan garaýyşlary biziň her birimiz, ylaýta-da, taryh ugrundan bilim alýan ýaşlar üçin nusgalykdyr. Milli Liderimiziň: «Ýollar we iller, ykballar we ahwallar, hadysalar we netijeler hakda pikir ýöredýärin. Şonda adamzat taryhyndaky iň gadymy medeni ojaklaryň hut şu topraklarda döräp, soňra töwereklere, sebitlere, dünýä ýaýrandygy hakyndaky hakykata buýsanýaryn. Dogrudanam, taryh şu ýerden başlanýar. Taryh şu ýerde dowam edýär» diýmek bilen, geçmiş taryhymyzy milli buýsanç esasynda beýan etmegi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Bu ganatly jümleleriň aňyrsynda Watana bolan söýgi, watançylyk ýaly iň kämil duýgular bar. Çünki milli taryha buýsanç watansöýüjiligiň baş çeşmesidir. Ähli eserlerinde ata Wat

Ýapon dilinde neşir edildi

18-nji dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň ýapon dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyzyň çuň many-mazmunly bu eseri durmuş ulgamynyň dürli ugurlarynda ajaýyp üstünlikleri gazanýan we eziz Watanymyzyň gülläp ösüşlerine mynasyp goşant goşýan türkmen ýaşlaryna bagyşlanýar.

Ýeňijilere sylag gowşuryldy

Golaýda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň «Watan» gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde yglan eden «Taraşlap şaglatgyn köňle geleniň!», şeýle hem, TDP-niň Aşgabat şäher komitetiniň «Watan» gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde yglan eden «Çoh garaşan ajap eýýamyň geldi!» atly bäsleşikleriň jemi jemlendi. Oňa ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, bäsleşiklerde ýurdumyzyň dürli künjeklerinden ýeňiji bolan ildeşlerimiz we bagtyýar talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Döredijilik bäsleşigi geçirildi

Ýakynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Köýtendag etrap birleşmesiniň guramagynda etrapdaky Çagalar we ýetginjekler döredijilik öýünde «Parahatçylyk: çagalaryň sesi» atly surat çekmek boýunça döredijilik bäsleşigi geçirildi. Ýaşlarda watançylyk duýgusyny terbiýelemek, olary döredijilik bilen meşgullanmaga höweslendirmek, we dünýägaraýşyny giňeltmek maksady bilen geçirilen bäsleşige etrapdaky umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwçylary gatnaşdy. Bu ýerde okuwçylar Watana, ene topraga, maşgala, gözel tebigata, milli mirasa bolan söýgini görkezýän suratlary bilen çykyş etdiler. Emin agzalary suratlara olaryň çeperçiligi, manysy we özboluşlylygy boýunça baha berdiler. Netijede, 30-njy orta mekdebiň okuwçysy Behruz Hasanow baş baýraga, birinji orna 26-njy orta mekdebiň okuwçysy Anisa Haýitowa, ikinji orna 2-nji orta mekdebiň okuwçysy Şeker Döwletowa, üçünji orna 8-nji orta mekdebiň okuwçysy Çemen Nazarowa mynasyp boldy. Ýeňijilere ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Wagyz-nesihat çäresi

Kitap — bilimleriň çeşmesi Golaýda Murgap etrap merkezi kitapahanasynda TDP-niň etrap komitetiniň, TKA-nyň etrap birleşmesiniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň bilelikde guramagynda “Kitap — bilimleriň çeşmesi” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Oňa etrapdaky edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdylar.

Joşgunly dabaranyň ruhubelentligi

Täze, 2025-nji ýyl baýramçylygyna bagyşlanyp, Sarahs şäheriniň merkezi seýilgähindäki Täze ýyl arçasynda dabara geçirildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Sarahs etrap birleşmesiniň hem-de Zenanlar birleşiginiň etrap bölüminiň bilelikde guramagynda geçirilen dabara aýratyn ruhubelent joşguny bilen alamatlandy. Oňa dürli pudaklarda, edara-kärhanalarda işleýän öňdebaryjy zähmetkeşler, etrap jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdy. Medeniýet-sungat ussatlarynyň, çeper höwesjeňleriň baýramçylyk mynasybetli taýýarlan çykyşlary dabara baý many goşdy. Turuwbaşdan şatlyk-şagalaňa beslenen dabarada Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletli işleri, bagtyýar halkymyz joşgunly wasp edildi.

Öwüt-ündewler aýdyldy

Sarahs etrabyndaky 1-nji orta mekdepde etrap bilim bölüminiň, etrap polisiýa bölüminiň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa ýokary synp okuwçy ýaşlar gatnaşdy. Täze ýyly mynasyp garşylamak, baýramçylyk dabaralarynyň ýokary derejede geçirilmegini gazanmak maksady bilen geçirilen duşuşykda etrap polisiýa bölüminiň kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işi boýunça bölümçesiniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň çykyşlaryna giň orun berildi. Çykyş edenler ýaşlary bezeýän ýagşy gylyk-häsiýetler, asylly ýol-ýörelgeler, sagdyn durmuş ýörelgeleri barada aýdyp, mekdep okuwçylaryna gymmat öwüt-ündewlerini aýtdylar. Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli geçiriljek çärelerde we köpçülik ýerlerinde özüňi alyp barmagyň, tertip-düzgüni berjaý etmegiň ähmiýeti hakda aýdylanlar uly täsirleri döretdi.

Baýramçylyk dabaralarynyň joşguny

Änew şäheriniň merkezi seýilgähini Ak bugdaý etrabynyň Täze ýyl arçasy bezeýär. Etrap derejesindäki baýramçylyk dabaralaryň aglabasy şu ýerde geçirilýär. Täze ýyl golaýlaşdygyça baýramçylyk arçasynyň töwereginiň mähellesi artýar. Etrap bilim bölümi hem-de jemgyýetçilik guramalary tarapyndan ýaýbaňlandyrylýan Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli aýdym-sazly dabaralar al-asmana göterilýär. Başy Gök direýän, owadan bezegleri bilen ýakymly täsirleri döredýän Täze ýyl arçasyndaky dabaralara okuwçy ýaşlar we bagtyýar körpeler höwesli gatnaşýarlar.

Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli dabara

Sarahs etrabynyň merkezindäki “Bagt” toý mekanynda Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli dabara geçirildi. Owadan toý zaly ak saçly enelere, dili senaly ýaşululara, bagtyýar ýaşlara, edara-kärhanalaryň öňdebaryjy zähmetkeşlerine, naşyja çagalara gujagyny giňden açdy. Baýramçylyk dabarasynyň bezelen sahnasynda etrabyň aýdym-saz, tans-halk döredijilik toparlarynyň sungat çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Gözel Watanymyzyň gün-günden gözelleşýän keşbi, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il bähbitli, ýurt ähmiýetli alyp barýan işleri, halkymyzyň dürli ugurlarda ýeten belent sepgitleri bu ýerdäki joşgunly çykyşlarda belentden wasp edildi. Artistleriň ýerine ýetiren gülküli sahnalary hem gyzgyn garşylandy.