HABARLAR

Täze ýyl harytlarynyň bolçulygy

«7/24.tm»: №52 (239) 23.12.2024 Türkmenistanda Tä­ze ýy­l baýramy döw­let de­re­je­sin­de şat­lyk-şow­hun bi­len bel­le­ni­lip ge­çil­ýär. Hal­ky­myz­da toý-baý­ram­la­ra, şan­ly se­ne­le­re taý­ýar­lyk­ly bar­mak, baý­ram­çy­lyk sa­çak­la­ry­ny dür­li naz-nyg­mat­lar bi­len be­ze­mek asyr­lar­dan do­wam edip gel­ýän asyl­ly dä­bi­miz­dir. Tä­ze ýyl baý­ram­y my­na­sy­bet­li söw­da no­kat­la­ry­nyň hal­kyň sarp ed­ýän gün­de­lik ha­ryt­la­ry, Tä­ze ýyl sow­gat­la­ry we beý­le­ki önüm­ler bi­len has-da baý­laş­ma­gy be­re­ket­li türk­men sa­çak­la­ry­nyň bol­çu­ly­gy­ny öň­kü­den-de art­dyr­ýar. Ak ba­zar­la­ry­myz­da dür­li ha­ryt­la­ryň bol­çu­ly­gy­nyň bol­ma­gy mer­da­na hal­ky­my­zyň Tä­ze ýy­ly ýo­ka­ry de­re­je­de gar­şy al­ma­gy­na uly müm­kin­çi­lik berýär.

TDBSI ab­raý­ly hal­ka­ra bir­le­şi­giň ag­za­ly­gy­na ka­bul edil­di

«7/24.tm»: №52 (239) 23.12.2024 2024-nji ýy­lyň 18-nji de­kab­ryn­da Al­ma­ty şä­he­ri­niň Ga­zak sport we sy­ýa­hat­çy­lyk aka­de­mi­ýa­syn­da Be­den­ter­bi­ýe we sport uni­wer­si­tet­le­ri­niň hal­ka­ra bir­le­şi­gi­niň no­bat­da­ky mej­li­si ge­çi­ril­di. Be­den­ter­bi­ýe we sport uni­wer­si­tet­le­ri­niň hal­ka­ra bir­le­şi­gi­niň çöz­gü­di bi­len Türk­men döw­let be­den­ter­bi­ýe we sport ins­ti­tu­ty ab­raý­ly hal­ka­ra bir­le­şi­giň ag­za­ly­gy­na res­mi taý­dan ka­bul edil­di. De­giş­li şa­ha­dat­na­ma Be­den­ter­bi­ýe we sport uni­wer­si­tet­le­ri­niň hal­ka­ra bir­le­şi­gi­niň ýol­baş­çy­sy K.Za­kir­ýa­now ta­ra­pyn­dan Türk­men döw­let be­den­ter­bi­ýe we sport ins­ti­tu­ty­na we­kil­çi­lik ed­ýän Ta­lyp­lar sport klu­bunyň baş­ly­gy, Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li ta­lyp­lar sport fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň baş kä­ti­bi S.Gur­do­wa da­ba­ra­ly ýag­daý­da gow­şu­ryl­dy.

Tä­ze ýy­lyň aja­ýyp pur­sat­la­ry

«7/24.tm»: №52 (239) 23.12.2024 Tä­ze ýyl — adam­za­dyň uly umyt bi­len bir sa­ça­gyň ba­şyn­da maş­ga­la bo­lup, şat­lyk-şow­hun bi­len bel­le­ýän baý­ramy. Adam­lar gyş gel­di­gi, Tä­ze ýy­la taý­ýar­lyk gör­ýär­ler. Gyş diý­len­de, il­kin­ji pi­kir­len­ýän za­dymyz gar toz­ga­la­ry, olar gy­şyň be­ze­gi. Ça­ga­la­ryň el­le­ri­ne elli­gi­ni ge­ýip, bi­ri-bi­ri­ne gar zy­ňyş­ýan pur­sat­la­ry, gör, nä­hi­li aja­ýyp?! Ola­ryň so­wuk­dan ýa­ňa çek­ge­jik­le­ri­dir ýa­ňak­la­ry gy­za­rsa-da, oýun oý­nap ýö­riş­le­ri­ne so­wu­gy unudýarlar. Se­bä­bi ýe­tip gel­ýän Tä­ze ýy­lyň we gy­şyň şow­hu­ny ça­ga­la­ryň tutuş be­de­ni­ne nur çaý­ýar. Heý­-de, mun­dan ar­tyk bagt bo­lar­my?! Ga­ryň ak­ja reň­ki gi­je­le­ri­ne­-de ga­ra tüm­lü­gi ýag­tyld­ýan nur my­sa­ly. Gi­je­le­ri­ne gar ýa­gan­da, göz­ýe­ti­me il­me­ýän zat­la­ram gö­rüp bol­ýar. Pe­der­le­ri­mi­zem ýö­ne ýe­re «Ak zat al­ny­ňa ýag­şy» di­ýip aýt­man­dy­r-a.

Ruhubelentlige beslenen dabaralar

«7/24.tm»: №52 (239) 23.12.2024 Türk­me­nis­tan­da Tä­ze ýyl baý­ra­my üçin taý­ýar­lyk­lar giň­den do­wam ed­ýär. Bu baý­ram türk­men hal­ky­nyň iň uly we şat­lyk­ly baý­ram­çy­lyk­la­ry­nyň bi­ri hök­mün­de äh­li we­la­ýat­lar­da, şä­her­ler­de we oba­lar­da da­ba­ra­la­ra bes­len­ýär. Tä­ze ýyl baý­ra­my Türk­me­nis­tan­da mil­li we me­de­ni däp­le­riň, hal­kyň bir­li­gi­ni we dost­lu­gy­ny nyg­ta­ýan aý­ra­tyn­lyk­la­ryň bi­ri­ne öw­rül­ýär. Tä­ze ýyl baý­ra­my­nyň öňü­sy­ra­syn­da Aş­ga­bat­da, Ar­ka­dag şä­he­rin­de, we­la­ýat­lar­da kö­çe­ler baý­ram­çy­lyk be­zeg­le­ri bi­len öz­bo­luş­ly gör­nü­şe eýe bol­ýar.

Gylyçdurdy Durdyýew — Ýy­lyň par­lak ýyl­dy­zy

«7/24.tm»: №52 (239) 23.12.2024 2024-nji ýy­lyň 16-njy de­kab­ryn­da Türk­me­nis­ta­nyň Me­de­ni­ýet mi­nistr­li­gi, Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň Mer­ke­zi Ge­ňe­şi hem-de Türk­me­nis­ta­nyň Te­le­wi­de­ni­ýe, ra­dio­gep­le­şik­ler we ki­ne­ma­tog­ra­fi­ýa ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti bi­len bi­le­lik­de mer­da­na hal­ky­my­zyň be­ýik gah­ry­man­çy­ly­gy­ny, wa­tan­per­wer­li­gi­ni, pa­ra­hat­sö­ýü­ji­li­gi­ni, bag­ty­ýar­ly­gy­ny, hoş­ny­ýet­li­li­gi we söý­gi­ni, şeý­le hem Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ga­za­nyl­ýan zäh­met üs­tün­lik­le­ri­ni, mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zy we he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­my­zy hem-de beý­le­ki mil­li baý­lyk­la­ry­my­zy be­lent­den wasp ed­ýän aý­dym-saz eser­le­ri­ni kä­mil de­re­je­de ýe­ri­ne ýe­tir­mek mak­sa­dy bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň ýaş est­ra­da aý­dym­çy­la­ry­nyň we hö­wes­jeň aý­dym­çy ýaş­la­ryň ara­syn­da ge­çir­ýän «Ýy­lyň par­lak ýyl­dy­zy» at­ly bäs­le­şi­giň je­mi jem­len­di.

Hat­ly buk­ja­lar ha­bar ber­ýär

«7/24.tm»: №52 (239) 23.12.2024 «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly ahyr­la­dy. De­kabr aýy­nyň öz or­nu­ny 2025-nji ýy­lyň ýan­wa­ry­na ber­jek gün­le­ri bar­ha go­laý­la­ýar. Şan-şöh­rat­ly wa­ka­la­ra bes­le­nen üs­tü­miz­dä­ki ýy­lyň her bir gü­ni ýat­dan çyk­ma­jak wa­ka­lar bilen şat­ly­gy­my­zy go­şa­lan­dyr­dy. Şol wa­ka­lar­dan söh­bet aç­ýan ha­bar­la­ry oky­jy­lar bi­len paý­laş­ma­gy­my­zy ha­ýyş edip, re­dak­si­ýa­my­zyň elekt­ron sal­gy­sy­na ibe­ril­ýän tes­wir­le­riň we çy­kyş­la­ryň sa­ny bar­ha kö­pel­ýär. «Türk­me­nis­tan Sport» hal­ka­ra žur­na­ly­nyň «7/24.tm» ady bi­len her hep­de­de oky­jy­la­ra elekt­ron gör­nüş­de ýe­ti­ril­ýän ne­şir ar­ka­ly şol wa­ka­lary yzy­gi­der­li oky­jy­la­ra ýe­ti­rip dur­ma­ga ça­lyş­ýa­rys.

Gysga habarlar

«7/24.tm»: №52 (239) 23.12.2024 San­ta-Klaus­la­ryň ha­ýyr-sa­ha­wat yl­gaw ýa­ryş­la­ry

Söz joş edip dillerde

Gündogaryň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejede uludan bellenilýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň tamamlanyp barýan, täze — 2025-nji ýyly uly ruhubelentlik bilen garşy alýan günlerimizde Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynyň giň eýwany Täze ýyl öwüşginine beslendi. Ol ýerde beýik söz ussadynyň ýubileý toýy mynasybetli «Zenan kalby» žurnalynyň redaksiýasynyň Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi geňeşi bilen bilelikde yglan eden «Magtymguly — söz ummanynyň ägirdi» atly döredijilik bäsleşiginiň jemine bagyşlanan dabara geçirildi. Magtymguly atamyzyň goşgy setirlerinde «Köňül gaýnar, söz joş eder dillerde» diýlişi ýaly, şygryýetiň şanly ýylynda dana Pyragyny wasp edip aýdylýan sözler dillerde joş eýleýär. Ol çagalar baglaryna gatnaýan körpejelerden başlap, ýaşlaryň, ýaşuly nesliň, ildeşlerimiziň ählisiniň dilinde dessan bolup ýaňlanýar. Bu hakykaty bäsleşigiň Düzgünnamasynyň metbugatda çap edilmegi bilen, ýylyň başyndan bäri «Zenan kalby» žurnalynyň redaksiýasyna gelen 80-den gowrak hatyň many-mazmuny hem tassyklaýar. Olarda beýik akyldaryň ömri we döredijiligi, şahyrana dünýäsi, ynsanperwerlige, päk ahlaga, watansöýüjilige ýugrulan şygy

Naz-nygmatly toý saçagy

Ata-babalarymyz toý bilen baglanyşykly birnäçe däp-dessurlary nesillerimize miras galdyrypdyrlar. Şolaryň biri-de saçagy bezemek däbidir. Ynanja görä, toý saçagyny dürli naz-nygmatdan näçe dolduryp bilseň, rysgal-döwletiň hem şonça bol bolýar. Bu Täze ýylyň toý desterhanynyň başynda has-da äşgär duýulýar. Sebäbi saçak başynda oturan adamlar täze gelýän, garşylanýan ýylyň-da, edil toý saçagynyň üsti ýaly, bolçulykly ýyl bolmagyny arzuw edýärler. — «Bereketli türkmen saçagy» atly kitapda bellenilişi ýaly, biri-birinden süýji tagamlar türkmende näçe diýseň bar. Olaryň ählisi diýen ýaly sahy topragymyzda bitýän önümlerden taýýarlanýar. Şeýle bolansoň, olarda türkmen ruhunyň, türkmen dünýäsiniň özboluşly ýakymy we özüne çekiji taraplary bar. Men şeýle tagamlaryň 50-ä golaýyny taýýarlap, ildeşlerimize hödür edip gördüm — diýip, köp ýyllaryň dowamynda Kerki şäherindäki işçiler jemgyýetçilik iýmiti kärhanasynda zähmet çeken we ylmy işleri ýazan Çary Rozymyradow gürrüň berýär.

«Ýaşlar — Watanyň daýanjy» ýapon dilinde

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň çuňňur many-mazmuna ýugrulan «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitaby durmuş ulgamynyň dürli ugurlarynda ajaýyp üstünlikleri gazanýan we eziz Watanymyzyň gülläp ösüşlerine mynasyp goşant goşýan türkmen ýaşlaryna bagyşlanýar. Şu jähetden, 18-nji dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda döwlet Baştutanymyzyň bu eseriniň ýapon dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasynyň geçirilmegi aýratyn ähmiýete eýedir. Geçen ýylyň dekabrynda çapdan çykan we ýaş nesiller üçin möhüm gollanma öwrülen bu kitap daşary döwletlerde hem uly gyzyklanma eýe boldy. Onuň Sukuba uniwersiteti bilen hyzmatdaşlykda ýapon diline terjime edilmegi hem munuň aýdyň güwäsidir. Şoňa görä-de, tanyşdyrylyş dabarasyna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň, halkara guramalaryň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Çärä paýtagtymyza sapar bilen gelen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy Hiroýuki Subaýyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary-da çagyryldy.