Azyk howpsuzlygy üçin çözgüt
Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi Nýu-Delide oba hojalygy boýunça ykdysatçylaryň halkara maslahatyny açyp, azyk howpsuzlygy babatda öň bütin dünýäde alada döredip gelen Hindistanyň indi ählumumy azyk we iýmit howpsuzlygyny üpjün etmek barada çözgütleri teklip edip bilýän ýurda öwrülendigini belledi. Modi Hindistanyň şunuň ýaly halkara maslahatyny soňky gezek 65 ýyl mundan öň geçirendigini ýatlap geçdi. Onuň sözlerine görä, şol döwürde Respublika azyk we oba hojalyk pudagynda kyn günleri başdan geçirýän täze garaşsyz ýurtdy. – Bu gün Hindistan azyk harytlaryny bol öndürýän döwlet bolup, ýurdumyz süýt, kösükli önümler, däne, miwe, gök-bakja, pagta, şeker, çaý, balyk önümçiligi boýunça dünýäde ikinji orunda durýar – diýip, Modi nygtady. Ol öz ýurdunyň azyk ulgamyny üýtgedip gurmakdaky tejribesiniň ählumumy Günorta üçin bähbitli boljakdygyna umyt bildirdi.