HABARLAR

Täze ýyl baýramçylygynyň gyzgalaňly söwda pursatlary

Täze ýyl. Hemmelere bagt we şatlyk, ýagşy umyt-arzuwlary eçilýän, çagalaryň köp garaşan Täze ýyl baýramy hem ýetip geldi. Bu baýramçylyk ajaýyp bir dünýewi baýramçylyk bolup, dünýäniň ähli künjeklerinde giňden bellenilýär. Elbetde Täze ýyl baýramy maşgala baýramy. Halkymyzda toý-baýramlary uly şatlyk-şowhun bilen garşy almak, baýramçylyk saçaklaryny dürli naz-u-nygmatlar bilen bezemek asylly däpleriň biridir. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda, şol sanda Aşgabat, Arkadag şäherlerinde ýetip gelýän Täze ýyl baýramçylygyna bagyşlanan baýramçylyk söwda nokatlary ýola goýuldy. Bereketli bol harytly, elýeter bahaly bazarlar ýurdumyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň bagtyýarlygyny has-da ýokary derejelere göterýär.

Bitarap Diýara Täze ýyl geldi!

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Sarahs, Tejen etrap birleşmeleriniň hem-de medeniýet bölümleriniň bilelikde guramagynda Tejen etrap merkezindäki «Bagt ýoly» toý mekanynda «Bitarap Diýara Täze ýyl geldi!» ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi. Agzalan jemgyýetçilik guramasynyň işgärleridir işjeň agzalarynyň we beýleki myhmanlaryň gatnaşmagynda bolan dabara şatlyk-şowhuna beslendi. Baýramçylyk dabarasynda Täze, 2025-nji ýyl mynasybetli gutlaglar we ýagşydan ýagşy arzuwlar aýdyldy, aýdym-sazly çykyşlara tomaşa edildi. Sarahs we Tejen etraplarynyň artistleriniň ýerine ýetiren degişme sahnalary, halkyň söýgüsini gazanan bagşy-sazandalaryň mahmal owazly, şirin mukamly aýdym-sazlary gyzgyn garşylandy. Joşgunly aýdym-sazlar bilen sazlaşan milli öwüşginli tans we halk döredijilik çykyşlary ýakymly duýgulary döretdi. Dabaranyň dowamynda öňdebaryjy zähmetkeşlere baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy.

Şanly ýyla bagyşlandy

Ýakynda Kaka etrabynyň jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de medeniýet bölüminiň bilelikde guramagynda etrabyň Medeniýet öýünde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli aýdym-sazly dabara geçirildi. Etrabyň dürli ýerlerinden gelen bagtyýar ýaşlaryň ruhubelentlikde gatnaşmagynda geçen dabarada Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden bellenilen ýylynda eziz Diýarymyzda bolup geçen taryhy wakalar, beýik akyldar şahyrymyzyň edebi mirasyna bagyşlanan giň göwrümli çäreler hakda täsirli gürrüň edildi.

Täsir galdyran syýahat

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň guramagynda Ak bugdaý etrabynyň çägindäki Seýit Jemaleddin ýadygärlikler toplumyna syýahat guraldy. Oňa Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat we Ak bugdaý etrap Geňeşleriniň işgärleridir işjeň agzalar gatnaşdy. Änew şäherinden uzak bolmadyk ýerde ýerleşýän Seýit Jemaleddin ýadygärlikler toplumy gadymy türkmen topragynyň şan-şöhrata beslenen taryhynyň beýanydyr. XV asyrda bina edilen bu ýadygärlikler toplumy binagärlik sungatynyň gaýtalanmajak keşbini özünde jemleýär. Oňa gyzyklanmanyň ýokary bolmagy hem ýönelige däl.

Hoş geldiň, Täze ýyl, salam Täze ýyl!

Babadaýhan etrabynyň Toý mekanynda «Hoş geldiň, Täze ýyl, salam Täze ýyl!» ady bilen etrap häkimliginiň, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de medeniýet bölüminiň bilelikde guramagynda baýramçylyk dabarasy geçirildi. Täze ýyl toý saçagynyň giňden ýazylmagynda geçen dabara edara-kärhanalaryň, guramalaryň işgärleri, bagtyýar ýaşlar, ýaşuly nesliň wekilleri gatnaşyp, baýramçylyk gutlaglaryny beýan etdiler, Täze — 2025-nji ýylyň her bir öýe rysgal-bereket, nur eçilmegini arzuwladylar, ýurdumyzyň ösüşleri hakda gürrüň etdiler.

Islegimiz rowaçlyga telwasdyr

2024-nji ýyl meniň üçin juda düşümli ýyl boldy. Şu ýyl maňa biologiýa dersi boýunça geçirilen bäsleşikleriň birnäçesinde öňdäki orunlara mynasyp bolmak başartdy. Şolaryň hatarynda iňlis dilinde geçirilýän FISO halkara internet olimpiadasyny, UNIPO halkara taslama bäsleşigini, «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiginiň jemleýji tapgyryny we ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesi tarapyndan geçirilen internet olimpiadalaryny görkezip bolar. Täze ýylda ak mekdepden uçurym bolmaga taýýarlanýaryn. Nesip bolsa, bu üstünlikleri dowam etdirip, lukmançylyk hünäri boýunça okuwa girmegi meýilleşdirýärin. Goý, Täze ýyl her kim üçin düşümli ýyllaryň biri bolsun! Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda täze üstünlikler täze ýylyň her gününi bezesin!

Zergärlerimiz hormatly adyň eýesi boldular

Welaýatymyzyň zergärleriniň ikisi ― Saýat etrabyndaky 28-nji orta mekdebiň mugallymy Ogulnur Öräýewa bilen Hojambaz etrabynyň Döwletli şäherçesiniň medeniýet merkeziniň suratkeş-bezegçisi Hemra Taganow «Çeper döredijiligiň halk ussady» diýen hormatly adyň eýesi boldular. Bu at her ýyl Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan pederlerimizden gelýän el işlerimizi häzirki günlerde hem kämil dowam etdirýän we ýaş nesle geçirmekde uly tagalla edýän ildeşlerimize berilýär. Lebaply zergärler bilen birlikde ýurdumyzyň beýleki sebitlerinde ýaşaýan, işleýän amaly-haşam sungatynyň ussatlarynyň hem 8-si bu hormatly adyň eýesi boldular.

Baýramçylyk dabarasy geçirildi

Saýat etrabynyň merkezindäki «Balsaýat» toý mekanynda geçirilen baýramçylyk dabarasy «Hoş gelipsiň, Täze ýyl, gül Diýara!» diýlip atlandyryldy. Ony etrap häkimligi syýasy partiýalaryň we iri jemgyýetçilik guramalarynyň ýerli edaralary hem-de medeniýet bölümi bilen bilelikde gurady. Baýramçylyk dabarasyna etrabyň çägindäki edara-kärhanalaryň öňdebaryjylary hormatly myhman boldular. Aýdym-sazly çykyşlaryň arasynda olaryň baýramçylyk gutlaglary hem diňlenildi. Çykyşlarda aýdylyşy ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly Saýat etraby üçin düşümli ýyllaryň biri boldy. Etrabyň zähmetkeşleri iki ýylyň sepgidindäki baýrama öz sowgatlary bilen geldiler. Şu ýyl etrapda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen täze umumybilim berýän orta mekdep hem açylyp, ulanylmaga berildi.

Ýürekdeş duşuşyklar

Welaýat adalat bölüminiň mejlisler jaýynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň gatnaşmaklarynda ýygy-ýygydan geçirilýän duşuşyklar ildeşlerimiziň uly gyzyklanmasyna eýe bolýar. Bu duşuşyklara Türkmenabat şäher prokuraturasynyň işgärleri hem işjeň gatnaşýarlar. Her aýda iki gezek geçirilýän duşuşyklarda dürli meseleler we ugurlar boýunça kanuny gözükdirmeler berilýär. Şunda milli parlamentimiz tarapyndan üsti ýetirilen we täze kabul edilen kanunçylyk namalaryndan aýratyn ugur alynýar. Şeýle hem bu duşuşyklarda ildeşlerimiz degişli gulluklaryň işgärlerine özlerini gyzyklandyrýan sowallar bilen ýüzlenip, olara kanagatlanarly jogap alýarlar. Bu duşuşyklar berkarar döwletimizde bagtyýar ýaşaýşy we kanunçylyk namalarynyň berk goraglylygyny üpjün edýär.

Göwher sözüň ýakymy

Welaýat kitaphanasynda Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Oňa Türkmenabat şäherindäki bilim-terbiýeçilik edaralarynyň işgärleri, orta hünär okuw mekdepleriniň talyp ýaşlary, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň wekilleri gatnaşdylar. Çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabynyň akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dünýä derejesinde uludan bellenilýän günlerinde halkymyza sowgat berilmeginiň uly many-mazmuna eýedigi bellenildi. Kitaba salgylanylyp, Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň adamzat gymmatlyklaryna ýetiren täsiri, şöhratly taryhymyzyň beýany, milli medeniýetimiziň dünýä siwilizasiýasyna goşan goşandy barada getirilen maglumatlar dabaranyň täsirini has-da artdyrdy. Dabaranyň dowamynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň mundan beýläk-de döwet galamynyň ýiti bolmagyny, ajaýyp eserleriniň höwrüniň köp bolmagyny arzuw etdiler.