Zergärlerimiz hormatly adyň eýesi boldular

23 sagat öň
8

Welaýatymyzyň zergärleriniň ikisi ― Saýat etrabyndaky 28-nji orta mekdebiň mugallymy Ogulnur Öräýewa bilen Hojambaz etrabynyň Döwletli şäherçesiniň medeniýet merkeziniň suratkeş-bezegçisi Hemra Taganow «Çeper döredijiligiň halk ussady» diýen hormatly adyň eýesi boldular. Bu at her ýyl Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan pederlerimizden gelýän el işlerimizi häzirki günlerde hem kämil dowam etdirýän we ýaş nesle geçirmekde uly tagalla edýän ildeşlerimize berilýär.

Lebaply zergärler bilen birlikde ýurdumyzyň beýleki sebitlerinde ýaşaýan, işleýän amaly-haşam sungatynyň ussatlarynyň hem 8-si bu hormatly adyň eýesi boldular.