HABARLAR

Kim­çi – ko­reý­le­riň syr­ly iş­däa­ça­ry

Her hal­kyň özü­ne mah­sus nus­ga­lyk ta­gam­la­ry­nyň bol­şy ýa­ly, ko­reý­ler hem dünýä­niň aş­pez­çi­lik sun­ga­ty­na öz­bo­luş­ly ta­gam­la­ry bi­len go­şant go­şup­dyr. Ko­reý aş­ha­na­sy diý­len­de köp­ler, il­ki bi­len, kim­çi iş­däa­ça­ry­nyň ady­ny tut­ýar. Ko­reý aş­ha­na­sy­nyň iň naý­ba­şy ta­gam­la­ry­nyň bi­ri bo­lan kim­çi sag­lyk üçin iň peý­da­ly iş­däa­çar­la­ryň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Eý­sem, «ko­reý aş­ha­na­sy­nyň tä­ji» ha­sap­lan­ýan bu iş­däa­ça­ryň sy­ry nä­me­de? Bu iş­däa­çar ha­ky­kat­da­nam peý­da­ly­my? Kim­çi­niň dür­li gör­nü­şi bar. Bu gör­nüş­ler iş­däa­ça­ra go­şul­ýan gök-bak­ja önüm­le­ri­ne gö­rä üýt­ge­ýär. Däp bol­şy ýa­ly, bu iş­däa­ça­ra duz­la­nan na­pa ke­le­mi (hy­taý ke­le­mi), turp, ter hy­ýar, kä­şir, ýaş so­gan, sa­rym­sak, zen­je­bil, zeý­tun ýa­gy, gy­zyl burç, sir­ke, kün­ji, şe­ker, süý­ji tü­wi uny we ga­ýa du­zy go­şul­ýar. Adat­ça kim­çi taý­ýar­la­mak bir gün wagt al­ýar. Il­ki bi­len ýum­şak hem uzyn ak bal­dak­ly na­pa ke­le­mi 6 sa­gat tö­we­re­gi duz­ly suw­da sak­lan­ýar. Duz­ly suw ke­lem­dä­ki bak­te­ri­ýa­la­ryň ös­me­g

Bir gün­de aý­la­nyp bol­ýan şä­her­ler

Kä­te uzak ge­ze­len­jiň do­wa­myn­da uly zat­la­ra üns ber­lip, ki­çi­jik zat­la­ra wagt hem gal­ma­ýar. Bir gün­de is­len­dik bir uly şä­he­riň ta­ry­hy, me­de­ni­ýe­ti we tä­sin­lik­le­ri bi­len ta­nyş­mak müm­kin hem däl. Mu­nuň üçin azyn­dan bir hep­de ge­rek. Sy­ýa­hat­çy­la­ryň kö­pü­si uly şä­her­le­re ge­ze­lenç et­me­gi ha­la­ýan hem bol­sa, uzak sy­ýa­hat ada­my ýa­dad­ýar. Şol se­bäp­li köp ýurt­la­ra sy­ýa­hat edýän ja­han­keş­de­ler bir gün­de aý­la­nyp bol­ýan ki­çi­jik şä­her­le­re ge­ze­len­je gi­de­ni­ni kem gör­me­ýärler. Uly bolmadyk şä­her­le­ri ula­ga mün­mez­den py­ýa­da aý­la­nyp bol­ýar. Ga­ze­ti­mi­ziň şu sa­nyn­da bir gün­de ge­ze­lenç edip bol­ýan ki­çi­jik şä­her­ler bi­len ta­nyş­dyr­ma­gy ma­kul bil­dik. Se­go­wi­ýa, Is­pa­ni­ýa­nyň ta­ry­hy me­ka­ny. Mad­rid­den uzak bol­ma­dyk ara­lyk­da ýer­leş­ýän Se­go­wi­ýa er­te­ki­le­ri ýa­dy­ňa sal­ýan tä­sin gur­lu­şa eýe­dir. Se­go­wi­ýa­nyň aja­ýyp suw aka­ba­sy, Al­ka­sar ga­la­sy şä­he­riň meş­hur ýer­le­ri­dir. 6 müň 163 ine­dör­dül ki­lo­metr meý­da­ny eýe­le­ýän asu­da şä­he­riň 52 müň ýa­şaý­jy­sy bar. Se­go­wi­ý

Mer­ke­liň ýat­la­ma­lar ki­ta­by çap edil­di

Ger­ma­ni­ýa­nyň öň­ki Kans­le­ri An­ge­la Mer­ke­liň «Er­kin­lik» at­ly tä­ze ýat­la­ma­lar ki­ta­by Kýoln şä­he­ri­niň «Kie­pen­heuer and Witsch» ne­şir­ýa­tyn­da çap edil­di. Ki­tap­da pro­tes­tant ru­ha­ny­nyň gy­zy Mer­ke­liň uly sy­ýa­sa­ta gel­şi ba­ra­da gür­rüň be­ril­ýär. Ki­ta­byň da­şyn­da sy­ýa­sat­çy ze­na­nyň alys­la­ra ga­rap du­ran keş­bi ýer­leş­di­ri­lip­dir. Ki­tap Mer­ke­liň sy­ýa­sy ge­ňeş­çi­si Bea­te Bau­man bi­len bi­le­lik­de ýa­zy­lyp­dyr. Ki­tap köp san­ly su­rat­la­ry, şol san­da öň­ki Kans­le­riň ça­ga­lyk su­rat­la­ry­ny hem öz içi­ne al­ýar. «Dün­ýä­niň 30 ýur­dun­da ne­şir edi­len bu ki­tap «bi­ziň döw­rü­mi­ziň iň tä­sir­li sy­ýa­sat­çy­sy­nyň oý-pi­kir­le­ri­ne we işi­ne çuň­ňur dü­şün­mä­ge ýar­dam be­rer» di­ýip, «Bild» ne­şi­ri ýaz­ýar. Bu ki­tap tiz wagt­da iň köp sa­ty­lan ki­ta­ba öw­rül­di. Ber­lin­de ýüz­ler­çe adam aw­tog­raf al­mak üçin «Duss­mann» ki­tap dü­ka­ny­nyň da­şy­na jem­len­di­ler.

An­to­niu Koş­ta we­zi­pe­si­ne gi­riş­di

Ýew­ro­pa Ge­ňe­şi­niň baş­ly­gy we Bel­gi­ýa­nyň öň­ki Prem­ýer-mi­nist­ri Şarl Mi­şel öz yg­ty­ýar­lyk­la­ry­ny Por­tu­ga­li­ýa­nyň öň­ki Prem­ýer-mi­nist­ri An­to­niu Koş­ta ge­çir­di we oňa Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň döw­let we hö­kü­met baş­tu­tan­la­ry­nyň res­mi ýyg­nak­la­ryn­da ula­nyl­ýan ja­ňy gow­şur­dy. Koş­ta azyn­dan 2,5 ýyl­lap Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň iň ýo­ka­ry sy­ýa­sy gu­ra­ma­sy­na ýol­baş­çy­lyk eder. Ol özü­niň il­kin­ji çy­ky­şyn­da «Dür­lü­lik­de ag­zy­bir­lik» ýö­rel­ge­si­ni do­wam et­dir­me­gi wa­da ber­di.

So­si­al-de­mok­ra­tik par­ti­ýa­sy ýe­ňiş ga­zan­dy

1-nji de­kabr­da Ru­my­ni­ýa­da ge­çi­ri­len par­la­ment saý­law­la­ryn­da So­si­al-de­mok­ra­tik par­ti­ýa­sy 23 gö­te­rim­den gow­rak ses alyp, ýe­ňiş ga­zan­dy. Bu ba­ra­da ýur­duň Mer­ke­zi saý­law to­pa­ry ha­bar ber­di. Bu saý­law­lar­da Ru­my­ni­ýa­nyň ra­ýat­la­ry gel­jek 4 ýyl üçin De­pu­tat­lar pa­la­ta­sy­nyň we Se­na­tyň ag­za­la­ry­ny saý­la­dy­lar. Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, So­si­al-de­mok­ra­tik par­ti­ýa­sy her iki pa­la­ta­da-da öň­de­li­gi eýe­läp, Se­nat­da 23,71 gö­te­rim, We­kil­ler pa­la­ta­syn­da 23,07 gö­te­rim ses al­dy. Şeý­le-de «Ru­myn­la­ry bir­leş­dir­mek üçin bi­le­le­şik» (AUR) 17,44 gö­te­rim, «Ru­my­ni­ýa­nyň wengr­le­ri­niň de­mok­ra­tik bi­le­le­şi­gi» (UDMR) 16,62 gö­te­rim, Mil­li-li­be­ral par­ti­ýa­sy (NLP) 14,93 gö­te­rim ses bi­len Se­na­ta gir­di­ler. Şeý­le hem 16,98 gö­te­rim bi­len AUR, 16,49 gö­te­rim bi­len UDMR we 14,31 gö­te­rim bi­len NLP We­kil­ler pa­la­ta­sy­na gir­di. We­kil­ler we se­na­tor­lar we­zi­pe­le­ri­ne 10 mü­ňe go­laý adam da­laş ed­ýär, ýö­ne ola­ryň ba­ry-ýo­gy 456-sy par­la­men­te gi­rer.

Olaf Şols da­laş­gär hö­dür­len­di

Bir­nä­çe hep­de do­wam eden içer­ki mas­la­hat­lar­dan soň, Ger­ma­ni­ýa­nyň So­si­al-de­mok­ra­tik par­ti­ýa­sy (SPD) Kans­ler Olaf Şol­sy gel­jek ýyl ýurt­da ge­çi­ril­jek Pre­zi­dent saý­law­la­ryn­da esa­sy da­laş­gär hök­mün­de hö­dür­le­mek ka­ra­ry­na gel­di. Bu ba­ra­da Olaf Şol­suň SPD-niň egin­deş ýol­baş­çy­la­ry Lars Kling­baýl we Zas­kiýa Es­ken bi­len bi­le­lik­de gat­na­şan met­bu­gat mas­la­ha­tyn­da mä­lim edil­di. Sy­ýa­sy bar­lag­lar ins­ti­tu­ty IN­SA-nyň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, hä­zir­ki wagt­da iň meş­hur ne­mes sy­ýa­sat­çy­sy go­ran­mak mi­nist­ri Bo­ris Pis­to­ri­us­dyr. Mu­ňa ga­ra­maz­dan, Bo­ris Pis­to­ri­us wi­deo ýüz­len­me­sin­de ady­ny da­laş­gär­le­riň sa­na­wyn­dan aýyr­ýan­dy­gy­ny, şeý­le­lik bi­len Olaf Şol­suň da­laş­gär­li­gi­ne ýol aç­ýan­dy­gy­ny aýt­dy.

COP16 öz işine başlady

2-nji de­kabr­da Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň paý­tag­ty Er-Ri­ýad­da Birleşen Milletler Guramasynyň Çölleşmä garşy göreşmek boýunça Konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 16-njy maslahaty (СOP16) öz işi­ne baş­la­dy. Mej­lis­de top­ra­gy gurplan­dyr­mak we gu­rak­çy­ly­ga gar­şy gö­re­şi ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça glo­bal ta­gal­la­lar ba­ra­da mas­la­hat edi­ler. «Bi­ziň Ýe­ri­miz. Bi­ziň gel­je­gi­miz» şy­ga­ry bi­len ge­çi­ril­ýän maslahat 13-nji de­kab­ra çen­li do­wam eder. Bu forum ýer äti­ýaç­lyk­la­ry­na bagyşlanan BMG-niň Çöl­leş­mä­ gar­şy gö­reşmek boýunça Kon­wen­si­ýa­sy­na gatnaşyjy taraplaryň Ýa­kyn Gün­do­gar­da we De­mir­ga­zyk Af­ri­ka se­bi­tin­de ge­çi­r­ýän il­kin­ji mas­la­ha­tydyr.

Azi­ýa­nyň ösüş ban­ky­nyň tä­ze baş­ly­gy

Azi­ýa ösüş ban­ky­nyň (AÖB) Do­lan­dy­ry­jy­lar ge­ňe­şi 59 ýaş­ly Ma­sa­to Kan­da­ny Azi­ýa ösüş ban­ky­nyň 11-nji baş­ly­gy we­zi­pe­si­ne saý­la­dy. Ma­sa­to Kan­da 2025-nji ýy­lyň 24-nji few­ra­lyn­da işe baş­lap, bu we­zi­pä­ni 2026-njy ýy­lyň 23-nji no­ýab­ry­na çen­li do­wam et­di­rer. Ol hä­zir­ki wagt­da Ýa­po­ni­ýa­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri­niň we ma­li­ýe mi­nist­ri­niň ýö­ri­te ge­ňeş­çi­si­dir. «Ma­sa­to Kan­da­nyň hal­ka­ra ma­li­ýe pu­da­gyn­da­ky uly tej­ri­be­si we kö­p u­gur­lar­da su­but edi­len ýol­baş­çy­ly­gy glo­bal yk­dy­sa­dy kyn­çy­lyk­la­ry çöz­mä­ge we hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ny ös­dür­mä­ge kö­mek eder» di­ýip, ban­kyň do­lan­dy­ry­jy­lar ge­ňe­şi­niň baş­ly­gy Fa­bio Pa­net­ta aýt­dy.

Ikin­ji gezek bellendi

Bü­tin­dün­ýä Söw­da Gu­ra­ma­sy­nyň Že­ne­wa­da­ky ştab-k­war­ti­ra­syn­da ni­ge­ri­ýa­ly ze­nan Ngo­zi Okon­jo-Iwea­la­ gu­ra­ma­nyň baş­ly­gy we­zi­pe­si­ne ikin­ji ge­zek bel­len­di. Bu ka­rar BSG-niň Baş Ge­ňe­şi­niň no­bat­dan da­şa­ry mas­la­ha­tyn­da ka­bul edil­di. Gu­ra­ma tä­ze baş di­rek­tor bel­le­mek me­se­le­si res­mi taý­dan 8-nji okt­ýabr­da baş­lan­dy. Da­laş­gär hö­dür­le­mek möh­le­ti gu­ta­ran­dan soň, ikin­ji dört ýyl­lyk möh­le­ti eýe­le­mä­ge taý­ýar­dy­gy­ny tas­syk­lan Ngo­zi Okon­jo-Iwea­la bu we­zi­pe üçin ýe­ke-täk da­laş­gär bo­lup gal­dy. N. Okon­jo-Iwea­la­nyň ikin­ji möh­le­ti 2025-nji ýy­lyň 1-nji sent­ýab­ryn­da baş­lar. Ni­ge­ri­ýa­da dog­lan Ngo­zi Okon­jo-Iwea­la Bü­tin­dün­ýä Söw­da Gu­ra­ma­sy­na ýol­baş­çy­lyk edip gel­ýän il­kin­ji ze­nan we il­kin­ji af­ri­ka­ly­dyr. Ösüş me­se­le­le­ri bo­ýun­ça yk­dy­sat­çy hök­mün­de Ngo­zi Okon­jo-Iwea­la Bü­tin­dün­ýä Ban­kyn­da 25 ýyl do­lan­dy­ry­jy mü­dir bo­lup iş­läp­di.

Gru­zi­ýa­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri tas­syk­lan­dy

Gru­zi­ýa­nyň par­la­men­ti ýur­duň Prem­ýer-mi­nistri we­zi­pe­si­ne Irak­li Ko­bak­hid­ze­ni gaýtadan tas­syk­la­dy. Mas­la­hat ýur­duň iň ýo­ka­ry ka­nun çy­ka­ry­jy eda­ra­sy­nyň web sa­hy­pa­syn­da gö­ni ýaý­lym­da gör­ke­zil­di. – 84 adam ses ber­di, sak­la­nan ýok. Ka­rar ka­bul edil­di – di­ýip, par­la­men­tiň baş­ly­gy Şal­wa Pa­pu­aş­wi­li ses be­riş­li­giň ne­ti­je­le­ri­ni jem­le­di.