HABARLAR

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

Akyldar şahyrdan söz açsak... Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli şu ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýlen şygara beslenmegi şahyra goýlan uly hormat-sarpadyr.

Bagşynyň iň agyr synagy

Gaýynatam, Türkmenistanyň halk bagşysy Bally Mätgeldiýew öz şägirtlerine berýän öwütlerinde, öýümize myhman bolan belli bagşy-sazandalar bilen edýän söhbetlerinde bagşy-sazandalaryň edebi hakynda has köp ýanjardy. Ol: «Bagşy öz edebinden çüýreýändir» diýip, köp gaýtalardy. Bir gezek şeýle söhbetleriň birinde: «Toýuň bagşysynyň iň agyr synagy nämedir?» diýip, oturanlara ýüzlendi. Menem boşan çäýnegi alyp, bosagadan ätläp, bir zada güýmenen bolup sägindim. Bu sowal mende-de uly gyzyklanma döretdi. Şägirtleriniň biri «Dessan aýtmak» diýse, biri «Jemleýji aýdym aýtmak» diýdi, gaýynatam olary ünsli diňledi. Soňra birsalym dymdy-da:

Düşündiriş işiniň ähmiýeti

Köçe-ýollarymyzyň hadysasyz bolmagyny gazanmak hemişe derwaýys mesele bolup, döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli bu wezipäniň oňyn çözgütlerine badalga berilýär. Bu mesele “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda-da möhümligine galýar. Bölümçämiziň gözegçileri ýollara we köçelere berk gözegçiligi ýola goýmak bilen, düşündiriş çäreleriniň talabalaýyk alnyp barylmagyna-da uly ähmiýet berýärler. Şeýle çäreleriň çagalar bilen baglanyşykly ýol-ulag hadysalaryny aradan aýyrmakdaky ähmiýetini aýratyn nygtamalydyrys. Şonuň üçinem biz etrabymyzdaky mekdeplerde, çagalar baglarynda düşündiriş işini göwnejaý ýola goýýarys. Çagalar bilen duşuşyklarymyzda diwarlyklardyr beýleki görkezme esbaplarynyň kömegi bilen köçäni ýa-da ýoly kesip geçmegiň, gatnawly köçeleriň gyrasyndan ýöremegiň, çatryklardaky ýolyşyklaryň, ýol belgileriniň çagalara degişlileriniň talaplaryny düşündirýäris.

Bilim edaralarynda ýangyn howpsuzlygy

Golaýda habarçymyz welaýat polisiýa müdirliginiň ÝHB-niň Murgap etrap ÝHB-niň DÝGB-niň uly gözegçisi, içerki gullugyň maýory Kakaly KELOW bilen duşuşyp, bilim-terbiýe edaralarynda ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleri barada gürrüň bermegini haýyş etdi. — Mekdeplerde we çagalar baglarynyň jaýynyň golaýyna barylýan ýollaryň, geçelgeleriň, ýangyna garşy peýdalanmak üçin niýetlenen suw çeşmeleriniň ýagdaýyna yzygiderli gözegçilik edilip durulmalydyr. Ähli howuzlar wagtly-wagtynda suwdan doldurylyp durulmalydyr. Jaýlaryň ätiýaçlyk çykalgalary elmydama açyk ýagdaýda saklanylmalydyr. Olarda ýangyn söndüriji tehnikalar päsgelçiliksiz barar ýaly boşluklar bolmalydyr. Mekdep jaýlarynda himiýa barlaghanalary, fizika otaglary, okuw usulhanalary ýangyn howpuny döredýän esasy ýerlerdir. Adatça, ol ýerlerde ýanyjy materiallar, maddalar, ýeňil ot alýan suwuklyklar, gaz we spirt bilen ýakylýan çyralar, elektrik gurallary hem-de beýlekiler peýdalanylýar. Şonuň üçin tejribe geçirilip gutarylandan soň seljerişhanadaky we ussahanalardaky iş stollary tertibe salynmalydyr hem-de jaýyň içi süpürilip ýygnalmalydyr.

Ýadygärlikler toplumyna syýahat edildi

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň guramagynda Ak bugdaý etrabynyň çägindäki Seýit Jemaleddin ýadygärlikler toplumyna syýahat guraldy. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyna bagyşlanan syýahata Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat, etrap birleşmeleriniň işgärleridir işjeň agzalary gatnaşdy. Syýahatyň barşynda ýadygärlik toplumyna aýlanyp görüldi. Olara ýadygärligiň gurluş aýratynlyklary we oňa degişli toplanan ylmy maglumatlar barada gürrüň berildi. Geçmişde “Gözellik öýi” diýen at bilen meşhurlyk gazanan ýadygärlikler toplumynyň baý taryhynyň bardygy, onuň binagärlik sungatynyň ajaýyplyklaryny özünde jemleýändigi barada aýdylanlar uly täsirleri döretdi.

Halkymyza gymmatly sowgat

Hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň galamyna degişli bolan baý many-mazmunly kitaplar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyz üçin gymmatly hazyna bolup, ulus-ilimiziň ýankitabyna öwrüldi. Şol ajaýyp eserleriň üstüniň Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitaby bilen ýetirilmegi hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllygynyň öňüsyrasynda ildeşlerimiz üçin ajaýyp sowgat boldy. Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynda ata-babalarymyzyň şan-şöhratly geçmişiniň, baý medeni mirasynyň we döwletlilik ýörelgeleriniň, taryhda yz goýan şahsyýetlerimiziň nusgalyk ýolunyň, türkmen halkynyň dünýä siwilizasiýasyna goşan goşandynyň giňden beýan edilmegi ählimizde uly gyzyklanma döredýär. Gahryman Arkadagymyzyň bu kitabynda türkmen halkynyň bahasyna ýetip bolmajak mirasy hasaplanýan taryhy­medeni ýadygärlikler baradaky pikirlerini halkymyz bilen paýlaşmagy bolsa her birimizi begendirýär hem-de buýsandyrýar.

At-abraýy dünýä dolan Bitarap Türkmenistan!

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň welaýat komiteti, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölümi, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebi hem-de welaýat ýörite sungat mekdebi bilen bilelikde Balkanabat şäherindäki Nebitçileriň medeniýet köşgünde Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli «At-abraýy dünýä dolan Bitarap Türkmenistan!» atly dabaraly maslahat geçirdik. Onda çykyş edenler: «Bitaraplyk bize asudalykda, agzybirlikde erkana ýaşamaga, mukaddes Garaşsyzlygymyzy berkitmäge giň mümkinçilikleri açdy. Ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän ynsanperwerlik, hoşniýetlilik, birek-birege ynam bildirmek we hormat goýmak ýaly ýörelgeleriň döwletimiziň daşary syýasatynyň düýp özenini düzýändiginiň we ýurdumyzyň halkara derejede alyp barýan işleriniň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilýändiginiň subutnamasy bolup durýar. Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasaty diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, dünýä halklarynyň hem asudalygyna, bagtyýarlygyna we rowaçlygyna gönükdirilýär» diýip bellediler. Dünýä döwletleri bilen syýasy, ykdysady, medeni, ylym-bilim we beýleki ugurlarda hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýmakda uly tagallalary edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Paýtagtymyzda Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisi geçirilýär

Şu gün — 4-nji dekabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi öz işine başlady. Giň gerimli foruma doganlyk ýurduň dürli ugurlarda iş alyp barýan kompaniýalarynyň hem-de birleşmeleriniň 70-den gowragy gatnaşýar. Forumyň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň, ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri, şeýle hem köp sanly işewürler, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary gatnaşdy.

Hajy Bekdaş Weliniň öwütleri

Hajy Bekdaş Weli XIII asyrda ýaşap geçen beýik pelsepeçi, alym hem akyldardyr. Magtymguly Pyragynyň ruhy halypalarynyň biri bolan bu beýik adamyň ynsançylyk, ynsanperwerlik taglymlarynda ylmy taýdan örän çuňluklara ýetendigi bellidir. Muňa onuň çuň pelsepelere ýugrulan öwüt-nesihatlaryny okap çykanyňda hem aýdyň göz ýetirýärsiň. Ynjasaň-da, ynjytma.*  *  *Hiç bir milleti we ynsany aýyplamaň.*  *  *Her näme gözleseň, özüňden gözle.*  *  *Keramat başdadyr, ol täçde däldir.*  *  *Gördügiňi ört, görmedigiňi söýleme.*  *  *Eliňe, diliňe, biliňe eýe bol.*  *  *Ylymdan gidilmeýän ýoluň soňy tümlükdir, ylym ähliniň ilkinji basgançagy edepdir .*  *  *Özüňe agyr geleni özgä ýükleme.*  *  *Asyllynyň aslyny söýmesi geň zat däldir.*  *  *Iman bir hazynadyr.*  *  *Köňül beýik bir şäherdir.*  *  *Her kime kapyrdan-da has ýaman üç duşman bardyr: birinjisi nebsewürlikdir, ikinjisi ulumsylyk we egrilikdir, üçünjisi ýalançylyk we hilegärlikdir.*  *  *Döwlet edep, akyl we gözel ahlakdyr.*  *  *Ýerde agajy dik tutýan kökdür.*  *  *Öz aýypl

Arkadag şäheri – bagtly geljegiň mekany

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen Köpetdagyň eteginde gözel künjekde gurlan Arkadag şäheri ýurdumyzyň häzirki gülläp ösüşiniň ajaýyp nyşany, adam hakynda edilýän aladanyň nobatdaky subutnamasy bolup durýar. Dürli maksatly desgalaryň we binalaryň ençemesini özünde jemleýän bu şäheriň birinji tapgyrynyň gysga wagtyň içinde gurulmagynyň özi haýran galdyryjy wakadyr, şol bir wagtda-da buýsandyryjy we guwandyryjy hakykatdyr. Bu “akylly” şäher Konsepsiýasynyň iň häzirki zaman innowasion şähergurluşyk taslamasynyň ýaş türkmen gurluşykçylary we hünärmenleri tarapyndan ýerine ýetirilmegi buýsanjyňy goşalandyrýar. Munuň özi ýurdumyzda amala aşyrylýan iri taslamalarda ýaşlaryň mümkinçiliklerine uly ynam bildirilýändigine şaýatlyk edýär. Arkadag şäheriniň gurluşygynda ýaşaýjylar üçin iň amatly, rahat we howpsuz şertleri üpjün etmäge gönükdirilen öňdebaryjy kommunikasiýa we maglumat tehnologiýalarynyň peýdalanylandygyny göz öňünde tutsak, onda munuň özi soňky ýyllarda ýurdumyzda zehinli, giň gözýetimli, sowatly we ukyply türkmenistanlylaryň täze ýaş nesliniň dörändiginden habar berýär. Bu nesil döwür bilen aýakdaş gitmäge, ylmyň iň täze gazananlaryny ö