Zehinli suratkeş

3 Dekabr 2024
209

Ogulsenem Orazmämmedowa Tejen etrabyndaky 38-nji orta mekdepde göreldeli okaýan okuwçylaryň hatarynda tanalýar. Ol okuwdan daşary etrapdaky çagalar çeperçilik mekdebinde okaýar we bu ýerde surat çekmegiň inçe tärlerini öwrenýär. Kiçiliginden onda surat çekmäge bolan höwesiň bardygyny duýan ejesi bu ugurda gyzynyň kämilleşmegi üçin ýakyndan goldaw berýär. Ogulsenem höwesi, yhlasy we tutanýerliligi bilen surat çekmekde uly üstünlikler gazanýar. Oňa mekdebiň mugallymy Gaýly Hojahanow halypalyk edýär. Sungatyň dünýäsine içgin aralaşan ýaşajyk suratkeş diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem daşary ýurtlarda geçirilýän halkara bäsleşiklerine hem gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýar.

Ogulsenem TÜRKSOÝ-yň döredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanyp Türkiýe döwletinde geçirilen halkara surat bäsleşiginde 1-nji orna, geçen ýyl Amyderýanyň güni mynasybetli geçirilen surat çekmek boýunça halkara bäsleşikde bolsa, 2-nji orna eýe bolýar. Yzly-yzyna gazanylan bu üstünlikler Ogulsenemiň surat çekmäge bolan höwesini has-da artdyrýar. Ol häzir Astrahanda ýaş suratkeşleriň arasynda geçiriljek bäsleşige taýýarlanýar.

Ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar