HABARLAR

Pähim-parasatyň şuglasy

Golaýda Aşgabat şäher häkimliginiň Mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Gurluşyk we senagat toplumynyň guramagynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu ajaýyp dabara Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem medeniýet we sungat ussatlary gatnaşdylar. Kitap iki bapdan, ýagny «Taryha syýahat», «Ruhy miras» atly baplary öz içine alýar. Gahryman Arkadagymyz kitapda şöhratly taryhymyz hem-de taryhy-medeni ýadygärliklerimiz hakynda birinji babyň bäş bölüminiň dowamynda täsirli maglumatlar esasynda gyzykly gürrüňleri berýär. Şeýle hem, alty bölümden ybarat bolan ikinji bapda bolsa milli mirasymyzy emele getirýän ruhy-medeni gymmatlyklaryň ähmiýetine üns çekilýär. Gahryman Arkadagymyzyň bu kitabynda öz beýanyny tapýan maglumatlaryň bagtyýar halkymyzyň şöhratly taryhyny, milli medeniýetini we ruhy-ahlak gymmatlyklaryny öwrenmäge hem-de dünýä ýaýmaga mümkinçilik berýändigini dabarada çykyş edenler bellediler. Dabara medeniýet we sungat ussatlarynyň belentden ýaňlanan aýdym-sazly çykyşlary bilen utgaşdy. Dabaranyň ah

Gözellik sazlaşygy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzy ykdysady we medeni taýdan kuwwatly döwletleriň hataryna goşmak ugrunda amala aşyrylýan beýik başlangyçlar üstünlikli dabaralanýar. Ak mermerli paýtagtymyzy ösdürmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Sanlyja ýylyň içinde Aşgabat tanalmaz derejede özgerip, paýtagtymyzda dünýä ülňülerine laýyk gelýän döwrebap binalaryň, dürli maksatly desgalaryň hatary ep-esli artdy. Bu binalardyr desgalar ýokary hil ülňülerine laýyk gelýän derejede ygtybarly bolmak bilen bir hatarda, özüniň owadanlygy hem-de paýtagtymyzyň gaýtalanmajak binagärlik keşbine sazlaşýandygy bilen tapawutlanýar. Ak şäherimiz Aşgabadyň gözelligine gözellik goşýan, beýikligi 133 metr bolan, depesinde ýaşyl Tugumyz pasyrdap duran Baş baýdak sütüni, Aşgabadyň Halkara howa menziline barýan ýoldaky Oguz han suw çüwdürimler toplumy, Oguz hanyň ýyldyzy şekilindäki «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkeziniň belent binasy, «Älem» medeni-dynç alyş merkezi ýaly ençeme binalar paýtagtymyzyň binagärlik keşbini bütinleý özgerdýär. Gurulýan desgalaryň binagärlik taýdan kämil bolmagy diňe bir ilde

Bagtyýar ýaşlaryň Diýary

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen berkarar Diýarymyzda ýaşlara okamaga, öwrenmäge kämil hünärmenler bolup ýetişmäge uly mümkinçilikler döredilýär. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda 2016-njy ýylyň ýanwar aýyndan bäri her ýylyň şygary bilen baglanyşdyrylyp «Gujurly ýaşlar» atly döredijilik sergisi geçirilýär. Sergi öz işine ökde, ussat zehinleri ýüze çykarmak maksady bilen guralýar. Döredijilik sergi bäsleşigi 12-nji dekabrda — Halkara Bitaraplyk gününiň toýlanylýan günlerinde jemlenýär. Çünki döredijilik sergi bäsleşigi biz — ýaş suratkeşleriň saýlap alan hünärimize bolan höwesimizi has-da artdyrýar we belent sepgitlere ýetmäge itergi berýär. Suratkeşlerimiz ýagty öwüşginler arkaly ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda ýetilýän üstünlikleri, asuda asmanymyzy, parahat durmuşymyzy, milli gymmatlyklarymyzy, türkmen tebigatynyň gözelliklerini, agzybir halkymyzy, çagalaryň bagtyýar durmuşyny çeper beýan edýärler.

Elektrik energiýasyndan ýerlikli peýdalanyň!

Döwletimiziň bedew bady bilen ösmegi halkyň täze tehniki enjamlary ulanmaga bolan islegini has-da artdyrdy. Biz hem telewizor, wideo, sowadyjy-ýyladyjy, eşik we gap-gaç ýuwujy enjamlaryň, mikrotolkunly peçleriň, aşhana kombaýnlarynyň, tozan sorujylardyr şoňa meňzeş tehniki serişdeleriň elektrik energiýasyny aşa köp sarp edýändigi sebäpli, ýaşaýyş we gulluk jaýlarynda elektrik howpsuzlygyna üns berilmegini, elektrik energiýasyny tygşytly ulanmagyň düzgünlerini ýatladyp geçmegi makul bildik. Elektrik enjamlarynyň birnäçesini bir wagtyň özünde bir elektrik nokadyna birikdirmek talabalaýyk bolman, dürli hadysalara eltmek ähtimallygy ýokarydyr. Daşky gorag örtükleri zaýalanan elektrik geçirijileri, senetçilik usulynda ýasalan elektrik peçlerini ulanmak gadagandyr. Elektrik enjamlaryny çagalaryň özbaşdak ulanmagyna ýol bermeli däl. Birikdiriji nokatlar we ýazdyryjylar çagalaryň elleri ýetmez ýaly, ýörite gorag gapaklary bilen ýapylmaly. Elektrik toguny köp mukdarda sarp edýän enjamlar gurnalanda, olara barýan geçirijileriň şonça mukdardaky kuwwatlylygy göterip bilýän görnüşini ulanmaly. Olary köp wagtlap elektrik ulgamyna birikdirilgi ýagdaýda gözegçiliksiz galdyrmaly däl. Elektrik energiýasy peýdalanylanda ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini öwrenip, berk berjaý etmeli.

Ynsan häsiýetleri barada

Paýhaslar äleminiň pälwany Magtymguly Pyragy ynsanyň gylyk-häsiýetiniň dürli-dürlüdiklerini özüniň çuň mana batyrylan dürdäne goşgy setirlerinde şeýle beýan edýär: «Ýeriň ýerden, äriň ärden parhy köp», «Ýer bilen asman parhy adam adamdan», «Kimiň sözi zäher, bal damar kimden». Adamlar diňe bir ýüz keşpleri, daşky sypatlary boýunça däl, eýsem, hüý-häsiýetleri babatda hem düýpli tapawutlanýarlar. Adam häsiýetini hemmetaraplaýyn öwrenýän psihologiýanyň bölümine harakterologiýa diýip at berilýär. Adamyň ýüz keşbini, hereketlerini synlap, belli bir derejede onuň häsiýetini kesgitlemek, içki dünýäsine «aralaşmak», käbir maglumatlary «okamak» mümkin.

Bazarlar — berekediň nyşany

Bagtyýar zamanamyzda batly depginler bilen beýik ösüşleri nazarlaýan ýurdumyzda halkymyzyň asuda we bolelin durmuşyny üpjün etmek ugrunda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän beýik işler hemmämizi buýsandyrýar. Paýtagtymyzyň berekede, bolçulyga beslenen ak bazarlaryny synlanyňda hem, bu beýik işleriň aýdyň netijelerini görmek bolýar. Gyş paslynyň dowam edýän häzirki günlerinde bagtyýar raýatlarymyzyň ählisini Halkara Bitaraplyk gününiň hem-de Täze ýyl baýramynyň şatlygy gurşap aldy. Bu döwürde ildeşlerimiziň şanly baýramlary mynasyp garşylamaklaryny gazanmak, şeýle hem sowgatlar, arçalar we beýleki bezegler bilen üpjün etmek maksady bilen göçme söwda nokatlary bazarlaryň aýrylmaz bölegine öwrülýär. Paýtagtymyzyň çägindäki bazarlardyr söwda merkezleriniň öňündäki meýdançalarda guralýan göçme söwda nokatlarynda ýokary hilli harytlar halkymyza hödürlenilýär. Bu ýerlerde Täze ýyl sowgatlarynyň, baýramçylygyň özboluşly nyşany bolan arçalaryň, bezeg oýunjaklarynyň we beýleki harytlaryň giň toplumyny görmek bolýar. Şeýle arzyly baýramlaryň bosagasynda ak şäherimiziň gözel künjeginde ýerleşýän, durky täzelenen «Ak ýol» bazarynyň dabaraly ýagdaýda açylyp, halkymyzyň hyzmatyna berilmegi hem paýtagtymyzyň ýaş

Ykbalyň bagt ýyldyzy hemmelere miýesser etsin!

Hamal (guzy 21.03-20.04) Geljek hepdede hamallar erjellik bilen işlän ýagdaýlarynda has köp işleri bitirmäge ukyplydyklaryna ýene-de bir gezek göz ýetirerler. Meýilnamalaryňyz babatynda näçe tejribeli bolsaňyz, şonça-da çaltlyk bilen ilerläp bilersiňiz. Çünki tejribe bilen döredijilik birleşeninde has öndürijilikli işlenýär.

Kalbymyz buýsançdan doly

Halkymyzyň owadan kalby ýaly, tutýan toýlary hem joşgunly, ajaýyp. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ajaýyp zamanamyzda bedew batly ösüş-özgerişlikleriň buşlukçysy bolup, köňüllere şatlyk paýlaýan baky Bitaraplygymyzyň şanly 29 ýyllyk toýunyň öň ýanyndaky bagtyýar günlerde maňa hem «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalynyň gowşurylmagy buýsançly başymy göge ýetirdi. Bu döwlet sylagy üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýaryn. Magtymguly Pyragy dünýä edebiýatynyň genji-hazynasyna ägirt uly goşant goşdy. Akyldaryň edebi mirasy umumadamzat gymmatlyklarynyň bir bölegi bolup, özüniň ähmiýetini ýitirmän, döwürlere şöhlesini saçýar. Üstümizdäki ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip atlandyrylmagy hem bu gün dana şahyryň hatyrasynyň belent tutulýandygynyň alamatydyr. Bu ýylyň ýeňişli ýollary jemgyýetimizde bolup geçýän taryhy wakalar bilen şöhratlanýar. Ýurdumyzda gazanylýan beýik ösüşler, ýetilýän belent sepgitler göwünleri galkyndyrýar. Şeýle bagtyýar döwürde dana, akyldar şahyrymyzyň öz gymmatyny ýitirmeýän şygyrlary il-ýurt bähbitli durmuşa geçirýän işlerimizde ebedi ýol-ýörelgämizdir, ruhy goldawymyzdyr.

Çäksiz alkyş aýdýaryn

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldar şahyrymyzyň şan-şöhraty dünýä doldy. Tamamlanyp barýan ýylda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň baý we gymmatly edebi mirasyny öwrenmekde, aýawly saklamakda we wagyz etmekde uly işler edildi. Ýurt berkararlygyny, azat, erkin durmuşy arzuwlan dana şahyrymyzyň şygyrlary kalbymyzda müdimilik ýaşaýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalynyň eýesi bolmak bagty maňa-da miýesser etdi. Şeýle belent derejeli sylag-hormata mynasyp bolmak biziň her birimizi bagtyýar edýär. Baky berkarar döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň 29 ýyllyk toýunyň bosagasynda akyldar şahyrymyzyň hormatyna döredilen ýubileý medalynyň gowşurylmagy şatlygymyzy artdyryp, kalbymyzy egsilmejek buýsanja besledi.

Şanly taryhymyza buýsanç döredýän eser

Biz merdana halkymyzyň şanly taryhyna buýsanmaga doly haklydyrys. Sebäbi halkymyzyň taryhy şöhratly wakalara beslenendir. Belli şahsyýetlerimiz hem özleriniň beýik işleri bilen taryhda uly yz galdyrmagy başarypdyrlar. Olaryň nusgalyk ýol-ýörelgeleri nesiller üçin ajaýyp mekdepdir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň çapdan çykmagy halkymyzy begendirmek bilen, şöhratly taryhymyza buýsanjy artdyrdy. «Häzirki wagtda tutuş dünýäde türkmen halkynyň taryhyna uly gyzyklanma bildirilýär, ýurdumyzyň döwletli döwranyna, ösüşli gadamlaryna ýokary baha berilýär» diýip nygtaýan Gahryman Arkadagymyzyň täze eserindäki şanly taryhymyz baradaky maglumatlar, täsirli gürrüňler okyjyny özüne çekýär. Bu gün geçmişden galan ýadygärlikler, ýazuw çeşmeleri, türkmen topragyna syýahatçylyk eden şahslaryň galdyran ýazgylary, halk arasyndaky gürrüňler taryhymyzyň beýany bolup hakydalara dolýar. Täze kitap hem taryhy maglumatlaryň çeşmesi hökmünde uly ähmiýete eýedir. Halkyň geçmişi onuň medeniýetinde, sungatynda, milli mirasynda giňden şöhlelenýär. Hut şonuň üçinem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe medeni we ruhy gymmatlyklarymyza aýratyn sarpa goýulýar we olaryň köpöwüşginliligini gorap saklamak boýunça