HABARLAR

Teýloryň konsertleri üçin 6,5 milliard

«Market Watch» neşiriniň «QuestionPro» seljermeler kompaniýasyna salgylanyp ýazan habaryna görä, meşhur aýdymçy Teýlor Swiftiň «The Eras Touryň» Demirgazyk Amerikadaky konsertlerine tomaşa etmek üçin adamlar 6,5 milliard amerikan dollary möçberinde çykdajy çykarypdyrlar. «The Eras Touryň» çäklerinde oňa tomaşa etmek islänler 2,1 milliard amerikan dollaryny petekler üçin, 1,9 milliard amerikan dollaryny ýol hem-de ýaşamak üçin, 1,1 milliard amerikan dollaryny konsertde geýjek eşikleri üçin, 862 million amerikan dollaryny atributika üçin, 544 million amerikan dollaryny iýmit üçin harçlapdyrlar.

Saglyga peýdaly kofe görnüşleri

Alymlar kofäniň haýsy görnüşleriniň has peýdalydygyny kesgitledier. Has takygy, espresso (latte, kapuçino) esasly içgiler alsgeýmer keseliniň öňüni alýar, süzülen kofe bolsa ýürek-damar ulgamy üçin peýdalydyr. Bu barada Budapeştdäki Zemmelweýs uniwersitetiniň alymy Pal Maurowiç-Horwatyň sözlerine salgylanyp, «Daily Mail» ýazýar. Alymyň aýtmagyna görä, kofäniň organizme oňyn täsiri onuň taýýarlanyş usulyna baglydyr. Iki onýyllygyň dowamynda 500 müň meýletinçiniň iýmitleniş endiklerini öwrenmek arkaly geçirilen ylmy gözlegler süzülen kofäniň ýürege we damarlara peýdalydygyny subut etdi. Günde şeýle içgiden dört bulgur içmek ýürek tutmasyna getirip biljek arterial patologiýa howpuny peseldýär.

Mani ýa-da pul harplygy oýun ýaly usul arkaly üstünlige we üpjünlige tarap

(Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda). 18. ULY BAŞDAN GEÇIRMÄNIŇ AHYRY

Dabaraly çäreler

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi halkymyzyň beýik gymmatlygy bolup, tutuş dünýäde asuda durmuşy, parahatçylygy, halklaryň dost-doganlygyny, ynsanperwerligi, özara bähbitli hyzmatdaşlygy hem-de ösüşi dabaralandyrýan taglymatdyr. Şoňa görä-de, ýurdumyzda Halkara Bitaraplyk güni hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 29 ýyllygy giňden bellenildi. 11-nji dekabrda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň guramagynda Aşgabat şäheriniň 130-njy, 142-nji, 174-nji, 177-nji çagalar bakja-baglarynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli «Açyk gapylar» güni geçirildi. Çäräniň açylyş dabarasynda «Ýaňlansyn dünýäde çaga gülküsi» atly aýdym-sazly çykyşlar, bilim işgärleriniň elde ýasan okuw-görkezme we paýlama esbaplarynyň sergisi guraldy.

Ýaşyl arçam şugla saç!

Welaýatymyzda Baş arçanyň yşyklary ýakyldy Taryhyň çarhy juda tiz aýlanýan ýaly. Eýýäm bir ýyly tamamlap, Täze ýyly garşylamaga gadam basýarys. Berkarar döwletimiziň biri-birinden zyýada ýyllarynyň ýene biri taryha ýazylýar. Halkymyz agzybirlikde Täze ýyly – 2025-nji ýyly garşylaýar. Täze ýylyň dabarasy bolsa arçanyň bezemen keşbi bilen özboluşly sazlaşýar. Hemmeleriň söýüp garaşýan bu ajaýyp baýramynyň öňýanynda arçalaryň yşyklaryny ýakmak hemmeler, aýratynam çagalar üçin has-da täsirlidir.

Hal­kyň ha­ky­da­sy jöw­her eser­de

«7/24.tm»: №51 (238) 16.12.2024 Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­my­zyň äh­li we­la­ýat­la­ry­nyň eda­ra-kär­ha­na­la­ryn­da, bi­lim ojak­la­ryn­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň «Ha­ky­da göw­he­ri» at­ly tä­ze ki­ta­by­nyň ta­nyş­dy­ry­lyş da­ba­ra­la­ry we wagyz-ne­si­hat çä­re­le­ri yzy­gi­der­li ge­çi­ri­l­ýär. Şol san­da ýur­du­my­zyň baý­ry ýokary okuw mek­dep­le­ri­niň bi­ri ha­sap­lan­ýan Türk­men döw­let be­den­ter­bi­ýe we sport ins­ti­tu­tyn­da hem pro­fes­sor mu­gal­lym­la­ryň hem-de ta­lyp ýaş­la­ryň gat­naş­ma­gyn­da bu ba­ba­tyn­da mas­la­hat­lar ge­çi­ril­ýär. Bu çä­re­le­riň ge­çi­ril­me­gi ýaş­la­ryň wa­tan­sö­ýü­ji­lik, yn­san­per­wer­lik, mert­lik, gah­ry­man­çy­lyk ýa­ly asyl­ly ýö­rel­ge­le­ri has-da öz­leş­dir­mek­le­ri üçin uly we­zi­pä­ni ýe­ri­ne ýe­tir­ýär.

Tä­ze ki­ta­byň ta­nyş­dy­ry­lyş da­ba­ra­sy

«7/24.tm»: №51 (238) 16.12.2024 Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Türk­men döw­let uni­wer­si­te­tin­de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň «Ha­ky­da göw­he­ri» at­ly tä­ze ki­ta­by­nyň ta­nyş­dy­ry­lyş da­ba­ra­sy ge­çi­ril­di. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ede­bi­ýa­ta, me­de­ni­ýe­te, Mag­tym­gu­ly Py­ra­ga goý­ýan bi­möç­ber sar­pa­sy hem­me­le­re mä­lim­dir. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz «Ha­ky­da göw­he­ri» di­ýip at­lan­dy­ran tä­ze ki­ta­byn­da hem türk­me­niň akyl­dar şa­hy­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dö­re­den eser­le­ri­niň adam­zat gym­mat­lyk­la­ry­na ýe­ti­ren tä­si­ri, şöh­rat­ly ta­ry­hy­my­zyň be­ýa­ny, me­de­ni­ýe­ti­mi­ziň dün­ýä si­wi­li­za­si­ýa­sy­na go­şan go­şan­dy ba­ra­da örän tä­sir­li be­ýan ed­ýär.

Wa­tan­daş­la­ry­my­zy sy­lag­la­mak da­ba­ra­la­ry

«7/24.tm»: №51 (238) 16.12.2024 2024-nji ýylyň 10-njy de­kabryn­da Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dö­re­di­ji­lik mi­ra­sy­ny öw­ren­mä­ge, dün­ýä­de giň­den wa­gyz et­mä­ge, ne­sil­le­ri mil­li gym­mat­lyk­la­ry­my­za, däp-des­sur­la­ry­my­za hor­mat goý­mak ru­hun­da, yn­san­per­wer hä­si­ýet­ler­de ter­bi­ýe­le­mä­ge uly go­şan­dy­ny goş­mak ar­ka­ly dür­li ul­gam­lar­da zäh­met çe­kip, aý­ra­tyn ta­pa­wut­la­nan ra­ýat­la­ry­my­zy hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miziň gol çe­ken res­mi­na­ma­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, Türk­me­nis­ta­nyň «Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň 300 ýyl­ly­gy­na» at­ly ýu­bi­leý me­da­ly, «Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň 300 ýyl­ly­gy­na» at­ly ýa­dy­gär­lik ny­şan­lar bi­len sy­lag­la­mak da­ba­ra­la­ry ge­çi­ril­di.

ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen baýram

«7/24.tm»: №51 (238) 16.12.2024 Halklaryň milli baýramlarynyň adam­za­dyň mad­dy däl me­de­ni mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na girizilmegi mydama bolup duran waka däl. Golaýda şeýle wakalaryň biri bolup geçdi. BMG-niň Bi­lim, ylym we me­de­ni­ýet me­se­le­le­ri bo­ýun­ça gu­ra­ma­sy (ÝU­NES­KO) Aý se­ne­na­ma­sy bo­ýun­ça Hy­taý Tä­ze ýy­ly hök­mün­de bel­li bo­lan Ba­har baý­ra­my­ny (Çuns­ze) adam­za­dyň mad­dy däl me­de­ni mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na goş­dy. Bu ba­ra­da Sin­hua agent­li­gi ha­bar ber­ýär.

Türkmen halkynyň ýyldyz senenamasy

«7/24.tm»: №51 (238) 16.12.2024 Türkmen halkynyň gadymy taryhy bolşy ýaly, milli ýörelgeleri hem özboluşlydyr. Hut şonuň üçin hem pederlerimizden miras galan ýyl­dyz se­ne­na­ma­sy elmydama ýörgünli bolmagynda galýar. Ýyldyz senenamasy gadymy dö­wür­ler­de iň ýör­gün­li wagt ha­sap­la­ma­la­ry­nyň bi­ri bo­lup­dyr. Bu se­ne­na­ma­nyň ýö­re­dil­me­gi hal­kyň çar­wa­çy­lyk we eke­ran­çy­lyk iş­le­ri­ni wagt­ly-wag­tyn­da alyp bar­ma­gy­na amat­ly şert­le­ri dö­re­dip­dir. Mi­la­dy aý-gün ha­sa­byn­da her aý­da 28-29, 30 ýa-da 31 gün bar bol­sa ýyl­dyz se­ne­na­ma­syn­da gün­le­riň sa­ny ýyl­dyz­la­ryň do­gup-ýaş­ma­gy bi­len kes­git­le­ni­lip­dir. Ýyl­dyz se­ne­na­ma­sy Çar­wa now­ru­zy, Now­ruz döw­ri, Ül­ker, Ara­lyk, Üç­ýyl­dyz, Ýal­dy­rak, Mi­zan, Ak­rap, Ga­ra­gyş, Uly çil­le, Ki­çi çil­le, Ahyr­ky ga­ra­gyş ýa­ly dö­wür­le­re bö­lü­nip­dir.