HABARLAR

Taýýarlyk ýaýbaňlanýar

Mähriban Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň kabul eden karary esasynda 2021-nji ýylyň 28-nji martynda boljak Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlaryna ýurdumyzyň ähli künjeginde bolşy ýaly, welaýatymyzda hem taýýarlyk görmek we ony guramaçylykly geçirmek boýunça Merkezi saýlaw toparynyň tassyklan meýilnamasy esasynda işler alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň pähim-parasatly başlangyçlary esasynda ýurdumyzyň Konstitusiýasyna girizilen üýtgetmelere we goşmaçalara laýyklykda, ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyk namalarynyň birnäçesine degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Şolaryň hatarynda «Türkmenistanyň Saýlaw kodeksini» görkezmek bolar. Şuňa laýyklykda, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary diýen ýörite bölüm girizildi. Şol bölümde Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we Saýlaw kodeksine laýyklykda, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary gizlin ses bermek arkaly, göni däl (gytaklaýyn) saýlaw hukugynyň esasynda welaýat halk maslahatlarynyň mejlislerinde geçirilýär.

Kämil ulgamyň ähmiýeti

Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, döwrebaplaşdyrmaga we sanly ulgama geçmäge gönükdirilen giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Sanlylaşdyrmak işi ykdysadyýetiň ähli ulgamlaryna düýpli ornaşdyrylýar. “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň” düzgünleriniň yzygiderli ýerine ýetirilmegi ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösmegine, işewürlik we maýa goýum işjeňligine, dolandyrmagyň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmaga ýardam edýär. Sanly ykdysadyýetiň özi ykdysady we durmuş çäreleriniň ählumumy ulgamy bolmak bilen, internetiň mümkinçiliklerine daýanýan ykdysady nusgany emele getirýär. Bu ýerde, esasan zähmet öndürijiliginiň artmagy, önümçilik harajatlarynyň peselmegi we bäsleşige ukyplylygynyň ýokarlanmagy ýaly mümkinçilikler göz öňünde tutulýar. Sanly ykdysadyýetiň ösýän şertlerinde sarp edijileriň islegleri has çalt we ýokary hil derejesinde kanagatlandyrylýar. Sanly ykdysadyýetiň üstünlikli hereket etmegi üçin, esasan, üpjünçilik ulgamy (internetiň elýeterliligi, programma üpjünçiligi, telearagatnaşyk), elektron işewürligi (hojalyk işini kompýuter torlary arkaly dolandyrmak) we elektron söwda (harytlaryň, hyzmatlaryň intern

Buýsanjymyz çäksizdir

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyz uly ösüşleri gazanýar. Türkmenistan —– Bitaraplygyň mekany ýylynda hem ähli ulgamlarda belent sepgitlere eýe bolduk. Täze ýylymyzyň “Türkmenistan —– parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilmegi bolsa türkmen halkyny diýseň begendirdi. Munuň özi ýurdumyzda parahatçylygyň hem-de ynanyşmagyň höküm sürýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Diýarymyz beýleki döwletler bilen parahatçylykly gatnaşyklary öňe sürýär. Uly ynam bilen gadam basan bu ýylymyzda hem hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän beýik başlangyçlary bilen ähli ulgamlarda gowy ösüşler gazanylar. Abadan durmuşda ýaşamaga, işlemäge döredip berýän mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize, alkyşymyz çäksizdir. Goý, milli Liderimiziň jany sag, belent başy aman bolsun!

Ajaýyp kitaby okap...

Pähime ýugrulan kitap Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän “Türkmenistan —– Bitaraplygyň mekany” atly kitaby türkmen halkymyza hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk toýuna sowgat boldy. Taryhy maglumatlara esaslanýan bu eser hormatly Prezidentimiziň eserleriniň üstüni ýetirdi hem-de Bitaraplygymyzyň beren miwelerini bize we geljekki nesillerimize giňişleýin beýan etjek kitap bolup elimize gowuşdy. Kitapda halkara we milli derejede gol çekilen Bitaraplyk hukuk derejesine degişli esasy resminamalar getirilipdir. Şeýle hem kitabyň sahypalarynda Diýarymyzyň taryhynyň möhüm wakalary beýan edilýär.

Adam. Jemgyýet. Kanun.

Şanly ýylyň belent sepgitleri Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda belent sepgitlere beslenip, taryhy wakalar bilen şöhratlanan Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýyly tamamlandy. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimiziň şöhratly taryhyna altyn harplar bilen ýazylan 2020-nji ýylda ata Watanymyzyň hemmetaraplaýyn gülläp ösmegine, türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň düýpli ýokarlanmagyna gönükdirilen giň möçberli işler rowaç aldy. Garaşsyz döwletimiziň baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň uly toýunyň dabarasy dünýä doldy.

“01” gullugynda

Jogapkärli döwrüň ýokary talaby Golaýda habarçymyz welaýat polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň müdiri, içerki gullugyň maýory Orazmyrat Çaryýew bilen duşuşyp, gyş möwsüminde ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleri barada gürrüň bermegini haýyş etdi.

Durmuş goraglylygynyň hukuk kepillikleri

Ýurdumyzda ata-babalarymyzyň agzybirlik, ynsanperwerlik, sahawatlylyk ýörelgeleri mynasyp dowam etdirilýär. Bu ýörelgeleriň jemgyýetçilik gatnaşyklarynda giň gerim almagyna, adamlaryň hal-ýagdaýynyň, ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Ilatymyza ýaşaýyş jaý we durmuş hyzmatlary (saglygy goraýyş, bilim ulgamlary boýunça), azyk bolçulygy, tebigy gazyň, elektrik togunyň, arassa agyz suwunyň we nahar duzunyň bahalarynyň elýeterliligi boýunça hukuk kepillikleri döredilýär. Ata-babalarymyzyň durmuş gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän ahlak ýörelgelerinden ugur alnyp kämilleşdirilýän kanunlar milli bähbitleriň goraglylygyny üpjün edýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň il-ýurt bähbitli özgertmeleriniň özenini, ýagny adam we onuň eşretli ýaşaýşy baradaky belent maksatlaryny şöhlelendirýär. Döwletimizde her bir adamyň durmuş goraglylygyny kepillendirýän, ynsanperwerlige ýugrulan kadalar Türkmenistanyň Konstitusiýasyndan gözbaş alýar. Esasy Kanunymyzyň 54-nji maddasynda raýatlaryň ýaşy boýunça, näsaglan, maýyp bolan, işe ukyplylygyny, ekleýjisini ýitiren, işsiz galan halatynda we gaýry kanuny esaslar boýunça durmuş üpjünçiligine hukugynyň bardygy beýan edilýär. Mundan başga-da ýaş we köp çagaly maşgalalara, ata-enesinden mahr

Milli metbugat: döwrebap şertler we talaplar

Metbugat — döwrüň aýnasy. Döwrüň gündelik keşbi onuň sahypalarynda öz şöhlelenmesini tapýar. Şeýlelik bilen hem döwrüň her demi, ýürek urşy şol sahypalarda taryh bolup galýar. Şu hakda oýlananyňda: «Taryh ilki gazetde ýazylýar» diýen jümle hakydaňa dolýar. Biz bu ýerde döwrüň demi diýip onuň her bir täzeligini, ýürek urşy hökmünde bolsa wakalaryny göz öňünde tutýarys. Olar bir ýerde durman, yzygiderli täzelenip, dowam edip durýar. Döwrüň şol täzelikleridir wakalary bilen döwür bolýandygyny, hut şolar bilen hem dowam edýändigini görüp, duýup bolýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri göwün galkyndyryjy täzelikleri, ykbal özgerdiji wakalary bilen ýurdumyzyň bu günki şöhratly taryhynyň sahypalaryna ýazylýar. Bu ajaýyp döwri esaslandyryjy milli Liderimiz islendik ulgamda alnyp barylýan işlerde döwrüň talabyndan ugur alynmalydygyny hemişe nygtaýar. Şu babatda 2020-nji ýyl döwür bilen aýakdaş gitmekligiň has-da işjeňleşen ýyly boldy diýsek ýalňyşmarys. Bu ýylda ýiti ýokanç kesel zerarly dünýäde dörän ýagdaýlara garamazdan, ýurdumyz ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly ädimlerini birjik-de gowşatmady. Şonuň bilen birlikde-de döwrüň öňde goýan täze wezipelerinden ugur alnyp, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden has işjeň, netijel

Çar tarapdan, çyn ýürekden

Bagtyýarlyk dessany Ýurdumyzda ýyldan-ýyla bagtyýarlyk dessany ýazylýar. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda asyrlara barabar beýik işler bitirilýär. Şol beýik işleriň her biriniň waspy dessana laýyk. Şol beýik işleriň waspyndan bagtyýarlyk dessany döreýär. Biz hem ony ýurdumyzda geçirilýän toý-baýramlarda yzygiderli ýerine ýetirip gelýäris.

Işjeňlige eýe boldy

Welaýatymyzyň etraplarynda we Tejen şäherinde bilim işgärleriniň usuly-amaly okuwlary geçirildi. Bilim işgärleriniň «Halkymyzyň eşretli, bagtyýar durmuşynyň gözbaşy ylym we bilim ulgamlaryny kämilleşdirmekdedir» diýen şygar astyndaky ýanwar maslahatlarynyň çäginde geçirilen usuly-amaly okuwlar olaryň durmuşynda möhüm ähmiýete eýe boldy. AK BUGDAÝ. Etrapda bilim işgärleriniň usuly-amaly okuwlaryna ýokary taýýarlyklar bilen gelindi hem-de guramaçylykly geçirildi. Geçirilen usuly-amaly okuwlara etrapdaky ähli bilim-terbiýeçilik ojaklarynyň öňdebaryjy işgärleri gatnaşdy.