Biziň döwrümiz ylmyň, tehnologiýalaryň ösen döwri bolup, geçen wakalaryň ýyllaryny, islendik eseriň ýazylan wagtyny, bizi gyzyklandyrýan taryhy şahsyýetleriň, isle, ýazyjy bolsun, isle, alym, olaryň doglan, ýaşan wagtlaryny bilmek iň aňsat zatlaryň birine öwrüldi. Bu zatlary bilmek hem-de bellemek üçin örän oňaýly bolan kalendarlar (senenamalar) ulanylýar.
Häzirki ulanylýan senenamalarymyzyň hasaby nireden gelip çykypdyr? Adamzat taryhynda ulanylan we ulanylýan senenamalarynyň sany onlarçadyr we dürli-dürlidir. Taryhy çeşmeleriň habar bermegine görä, 6 müň ýyldan gowrak taryhy bolan senenamalar öz gözbaşyny gadymy Müsürden alyp gaýdypdyr. Biz makalamyzda giňden ýaýran we uzak ýyllaryň dowamynda ulanylyp gelýän Milady we Hijri senenamasy barada durup geçmekçi.