HABARLAR

Ykbalyň bagt ýyldyzy hemmelere miýesser etsin

Hamal (guzy 21.03-20.04) Geljek hepdäniň birinji ýarymy hamallar üçin düşümli bolar. Durmuşyňyzda boljak şowly pursatlar köpleri haýran eder. Hamallar geljek hepdede özlerini alyp barmakda ozalky ýörelgelerine eýermeli we sabyr-takatly bolmaly. Hepdäniň ikinji ýarymynda hamallara gyzykly duşuşyklar garaşýar. Hepde at-abraýyňyzy galdyrmakda, kärdeşleriňiz bilen dil tapyşmakda has oňaýlydyr.

Buýsanjymyzyň çägi ýok

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyz Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen belent sepgitlere eýe bolýar. Ýurdumyzda her bir ýylymyz şanly wakalara, ösüşlere beslenýär. 2021-nji ýylymyz hem hormatly Prezidentimiziň makullamagy esasynda “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip atlandyryldy. Munuň şeýle atlandyrylmagy ýöne ýerden däl. Ol biziň ata Watanymyzyň içeri we daşary syýasatynda parahatçylygyň hem-de ynanyşmagyň öňe sürülýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Bu ýylda hem ähli ulgamlarda uly ösüşlere, belent sepgitlere ýetiler. Bu ýylyň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip atlandyrylmagyna buýsanjymyzyň, begenjimiziň çägi ýok. Biz — mugallymlara işlemäge, şeýle abadan durmuşda ýaşamaga döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun!

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinden soňky oýlanmalar

Milli kanunçylygymyza buýsanç Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş kanunlarynyň esasy özeni, ýol-ýörelgesi halallyk, adalatlylyk düşünjeleridir. Hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz, Bitarap Watanymyzda asudalygy, agzybirligi üpjün etmek, ýurdumyzyň ykdysady we syýasy durnuklylygyny gazanmak hakyndaky aladalary eziz Diýarymyzy ygtybarly özgertmeler arkaly öňe gitmegini üpjün edýär.

Öňdebaryjy ulgamyň uly geljegi

Islendik döwletiň ösüşli ýoluny ykdysadyýetiň depginli we durnukly ösdürilmegi kesgitleýär. Döwlet Baştutanymyzyň oýlanyşykly ykdysady syýasaty Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanymyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagyna kuwwatly itergi berýär. Milli Liderimiziň badalga beren düýpli özgertmeleri öňdebaryjy tehnologiýalaryň, innowasiýalaryň uly orna eýe bolmagy bilen sazlaşykly utgaşýar. Aýratynam, bu babatda sanly ykdysadyýetiň jemgyýetimizde durmuşa ornaşdyrylmagy uly ähmiýete eýedir. Arkadag Prezidentimiziň 2019 — 2025- -nji ýyllarda Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda Karara gol çekmegi bilen gürrüňi edilýän meselede giň möçberli işler amala aşyrylyp başlandy. Halk hojalygynyň ähli pudaklarynda kämil tehnologiýalar, innowasiýalar, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ornaşdyrylýar. Milli ykdysadyýetimize, beýleki ulgamlara sanly ykdysadyýetiň barha işjeň ornaşdyrylmagy wagtyň tygşytlanmagyna, bäsleşige ukyply önümleriň, harytlaryň öndürilişini artdyrmaga giň ýol açýar.

Möhüm meselä bagyşlanyldy

Täze ýyl baýramynyň yzysüre TKA-nyň welaýat birleşmesiniň ýygnaklar zalynda okuw-maslahat geçirildi. Bu okuw-maslahat TKA-nyň welaýat birleşmesi tarapyndan guralyp, oňa kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat, etrap, şäher birleşmeleriniň, pudaklaýyn geňeşleriniň ýolbaşçylary we jogapkär işgärleri, KA-nyň ilkinji guramalarynyň başlyklary hem-de işjeň agzalary gatnaşdylar. Okuw-maslahatda hormatly Prezidentimiziň geçen ýylyň 16-njy dekabrynda Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmaklarynda geçiren giňişleýin mejlisinde öňde goýan wezipelerini durmuşa geçirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. “Döwlet bilen halkyň jebisligi eziz Diýarymyzyň rowaçlygydyr” at bilen geçirilen okuw--maslahatda milli Liderimiziň beren tabşyryklaryny durmuşa geçirmekde jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň öňünde durýan möhüm wezipeleri amala aşyrmakda, olary ilkinji guramalaryň başlyklaryna, işjeň agzalaryna ýetirmekde, wagyz etmekde, olaryň işjeňligini has-da artdyrmakda çözülmeli möhüm meseleler barada pikir alşyldy.

Söýgüsi ― il, serpaýy ― alkyş

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen Halaç etrabynyň Zelili adyndaky geňeşliginiň çäginde gurlan Berkarar zaman obasy diňe bir döwrebap keşbi bilen däl, eýsem, biri-birine barha ysnyşýan ýaşaýjylarynyň agzybirligi, ýürekdeşligi bilen hem göwnüňi göterýär. Ýaşaýjylaryň hersi bir ýerden göçüp gelen hem bolsalar, olar gysga wagtyň içinde ýürekdeş goňşulara, mähirli obadaşlara öwrülip gitdiler. Bu gün biri-biriniň toý-märekesinde hemmeleriň bilek çyzgap, hyzmat edip ýörenini göreniňde, göwnüň guş bolup uçýar. Men — eýýäm birnäçe ýyldan bäri bu döwrebap obanyň ýaşaýjysy. Oba ilatynyň arasynda agzybirligi, jebisligi, ýaşlaryň arasynda edep-terbiýäni wagyz etmekde oba geňeşliginiň wekilleriniň hem uly paýy bar diýip düşünýärin. Ýaşulular bilen her gezek Geňeşligiň jaýyna baranymyzda, onuň hünärmenleriniň il-günüň aladasyna gurşalanlygyny görüp has guwanýarsyň. Gysga wagtyň içinde il-günüň ýüreginde ýer edip bilen hünärmenleriň biri-de Maýa Akyýewadyr.

Gül Watanyň goýnunda

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň ilkinji günleriniň joşguny bagtyýar çagalaryň kalbyna ýatdan çykmajak duýgulary bagyş etdi. Çagalaryň şadyýan gülkülerine şaýat bolanyňda olaryň bagtyýar döwrüň bagtly balalarydygyna göz ýetirýäris. Gahryman Arkadagymyzyň aladalary bilen eziz Watanymyz bagtyýar çagalygyň ýurduna öwrüldi. Ady dünýä dolan ýurdumyzda ýaş nesiller üns-alada bilen gurşalýar. Zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olaryň sporta, sungata bolan höwesini artdyrmak, ukyp-başarnygyny kämilleşdirmek üçin dürli döredijilik bäsleşikleriniň geçirilmegi-de uly ähmiýete eýedir. Düýn Türkmenabat şäherindäki medeniýet öýünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan okuwda, döredijilikde, sportda we beýleki ugurlarda tapawutlanan ýaşlaryň birnäçesine Gulbaba adyndaky çagalar baýragy gowşuryldy. Olaryň ählisi hem mekdepde göreldeli okamak bilen birlikde jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşyp, dürli bäsleşiklerde ýeňiji bolup, milli aýdym-saz sungatymyzy kämilleşdirmäge, ata Watanymyzyň abraýyny belende götermäge mynasyp goşant goşýan zehinli çagalardyr. Biziň welaýatymyzdan hem bagtyýar çagalaryň ýedisi bu baýraga mynasyp boldy. Olaryň eziz Arkadagymyzyň adyna aýdýan alkyş sözleri bolsa b

Ýylymyzyň ady — ýolumyza çyrag

Ata Watanymyz parahatçylyk ýoly bilen ösüşleriň belentliklerine, şanly üstünliklere barýar. Ýaňy-ýakynda bolsa hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylyny päk niýetler, ýagşy arzuwlar bilen garşy aldyk. Adyndan belli bolşy ýaly, bu ýylymyz diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, dünýäde parahatçylygyň, asudalygyň ýyly bolar. Welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde welaýat ýörite sungat mekdebi bilen bilelikde «Parahatçylyk we ynanyşmak adamzadyň baş gymmatlygydyr, baýlygydyr» atly wagtlaýyn sergi açyldy. Adyndan hem belli bolşy ýaly, sergi 2021-nji ýylyň «Türkmenistan ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmagyna bagyşlandy. Welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyplarydyr halypa mugallymlarynyň gatnaşmaklarynda ýylyň nyşany, hormatly Prezidentimiziň atalyk kitaplary, haly önümleri, dutar, gyjak, deprek ýaly milli saz gurallarymyz ýerleşdirilipdir. Şeýle-de keramika, mis küýzeleri we arheologiýa tapyndylar sergä özboluşly gözellik berip, bu ýere gelenleriň ünsüni çekdi.

“Türkmen arhiwi” žurnalynyň nobatdaky sany

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirligi tarapyndan neşir edilýän «Türkmen arhiwi» taryhy-resminama, ylmy-usulyýet žurnalynyň 21-nji sany çapdan çykdy. Neşiriň nobatdaky sany 2019-njy ýylda kabul edilen resminamalar bilen açylýar. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ylym-bilim ulgamyna degişli Permanlary we Kararlary, ýurdumyzyň Mejlisiniň hem-de Halk Maslahatynyň Kararlary bar.

Zehin zehinden zyýada

Düýn paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde hem-de welaýatlarda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň gowşurylyş dabaralary geçirildi. Bu baýrak 1992-nji ýyldan bäri zehinli çagalara gowşurylyp gelinýär. Şu ýyl bu baýraga çagalaryň 64-si, çagalar döredijilik toparlarynyň 2-si mynasyp boldy. Baýraga mynasyp bolanlaryň arasynda döredijilikde, aýdym-sazda, sportda, ylymda, bilimde tapawutlanan çagalaryň has köp bolmagy ýurdumyzyň ösüşlerine öz mynasyp goşandyny goşjak bagtyýar nesilleriň kemala gelýändigine şaýatlyk edýär.