Ýylymyzyň ady — ýolumyza çyrag

8 Ýanwar 2021
1791

Ata Watanymyz parahatçylyk ýoly bilen ösüşleriň belentliklerine, şanly üstünliklere barýar. Ýaňy-ýakynda bolsa hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylyny päk niýetler, ýagşy arzuwlar bilen garşy aldyk. Adyndan belli bolşy ýaly, bu ýylymyz diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, dünýäde parahatçylygyň, asudalygyň ýyly bolar.

Welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde welaýat ýörite sungat mekdebi bilen bilelikde «Parahatçylyk we ynanyşmak adamzadyň baş gymmatlygydyr, baýlygydyr» atly wagtlaýyn sergi açyldy. Adyndan hem belli bolşy ýaly, sergi 2021-nji ýylyň «Türkmenistan ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmagyna bagyşlandy. Welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyplarydyr halypa mugallymlarynyň gatnaşmaklarynda ýylyň nyşany, hormatly Prezidentimiziň atalyk kitaplary, haly önümleri, dutar, gyjak, deprek ýaly milli saz gurallarymyz ýerleşdirilipdir. Şeýle-de keramika, mis küýzeleri we arheologiýa tapyndylar sergä özboluşly gözellik berip, bu ýere gelenleriň ünsüni çekdi.

Maral AKMYRADOWA,
ýörite habarçymyz.