HABARLAR

Belent ynam bilen ýagty geljege

Hormatly Prezidentimiziň Ministrler Kabinetiniň 8-nji ýanwarda geçirilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly 2021-nji ýyl boýunça ilkinji mejlisinde «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny tassyklamagy türkmen ýaşlarynyň durmuşyndaky giň gerimli özgertmelere täzeçe badalga boldy. Ol «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda bellenilýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny mynasyp netijeler bilen dabaralandyrmakda ýaşlarymyzy belent sepgitlere ruhlandyrdy. Ýaşlar — ýurduň geljegi, ýagty ertirlere bolan ynamymyz. Şoňa görä-de, bu günki gün ýurdumyzyň ygtybarly geljegini üpjün etmek üçin ylymly-bilimli, ýokary hünärli nesilleri terbiýelemek, ýaşlary ilhalar ynsanlar edip ýetişdirmek ugrunda yzygiderli alada edilýär. Olara döwrebap derejede bilim almaklary, ylym we döredijilik bilen meşgullanmaklary üçin ähli şertler döredilýär. Ýaş raýatlarymyzyň doly derejeli hukuk we durmuş goraglylygy üpjün edilip, olaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak maksady bilen, degişli kanunçylyk binýady pugtalandyrylýar. 2013-nji ýylda kabul edilen «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenista

Hikmet hoşalary

■ Adamlaryň köpüsinde şeýle häsiýet bar: kimi-de bolsa birini öz nukdaýnazaryna çekjek bolanlarynda, olaryň özleri juda köp gürleýärler. ■ Dünýäde altyn kän-de, altyna berimsiz dostlar az.

Nurly binalaryň öwüşgini

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde bolşy ýaly, paýtagtymyz Aşgabatda hem gurluşyk işleri giň gerimde ýaýbaňlandyryldy. Şeýle işleriň netijesinde kemala gelen merjen şäherimiziň täsin binagärlik keşbi halkymyzyň göz-guwanjyna öwrüldi. Soňky ýyllarda bina edilýän desgalaryň hasabyna paýtagtymyzyň çägini giňeltmek işleri yzygiderli durmuşa geçirilýär. Munuň aýdyň mysaly bolsa gojaman Köpetdagyň etegindäki gurluşygy batly depginler bilen alnyp barylýan desgalar toplumynda hem duýulýar.

Ýol hereketine bagyşlanan bäsleşik

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň Çagalar awtoşäherçesinde Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň harby okuwçylarynyň gatnaşmaklarynda ýol hereketiniň howpsuzlygyna bagyşlanan «Ýol hereketiniň kadalaryny berjaý etmek biziň borjumyzdyr!» atly bäsleşik geçirildi. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň Çagalar awtoşäherçesiniň, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň, «Esger» gazetiniň redaksiýasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşiniň bilelikde guramaklarynda geçirilen bu bäsleşigiň dowamynda harby okuwçylar ýol hereketiniň howpsuzlyk kadalaryny bilmek we berjaý etmek boýunça nazaryýet we amaly-tejribe usulynda bäsleşip, öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Bäsleşikde ýeňiş gazanan harby okuwçylara Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň Hormat hatlary we TMÝG-niň Aşgabat şäher geňeşiniň taýýarlan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Ýylyň şygary — Watan goragçysynyň ruhy goldawy

Ýurdumyzda uly dabara bilen garşy alnan 2021-nji ýyl hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edildi. Täze ýylyň şygaryna bagyşlanan maslahatlar ýurdumyzyň ähli künjeginde we ähli pudaklarynda giň gerime eýe bolýar. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde täze ýylyň şygaryna hem-de bäş sany iri göwrümli taslamanyň amala aşyrylmagyna bagyşlanyp, dabaraly maslahat geçirildi. Oňa ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary, harby gullukçylarymyz, iri jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, harby aýdym-saz toparlary uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenler täze ýylyň şygarynyň her daban topragyny gözüniň owasy deýin ezizleýän Watan goragçylary üçin ähmiýetiniň has uludygyny bellediler. Sebäbi parahatçylygy goraýjylar — Watan goragçylary. Bir hakykat bar: erkinlik, Bitaraplyk ähli döwürde-de Watan goragçylarynyň milli taglymy bolupdyr. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy, milli ösüşiň täze tapgyrynda esasy ugurlary şöhlelendirýän şygaryň yglan edilmegi asylly däbe öwrüldi. Täze şygarda üstünlikli geçen ýylymyzyň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» a

Watana wepalylygyň buýsanç aýdymy

Ömürleriň badalgasy, barlygymyzyň binýady, müdimiligiň mesgeni bu Watandyr. Watan beýiklikleriň baş ölçegi. Ýogsam pederlerimiz hem bu düşünjäni keramat saýyp, onuň üçin gara başlaryny orta goýup, özlerine berlen iň gymmatly baýlygy — ömürlerini töwekgellige salmazdylar. Elbetde, türkmen ýigidi gerek bolsa şirin janyny ähli zatdan gymmatly keramata bagyş edip biljek merdanadyr. Hawa, Watan, ýurt, toprak barada ýazylanlaryň we onuň waspyna düzülen şygyrlaryň sany-sajagy, belli hasaby ýok. Belli bahasy bolmadyk, hasapsyz gymmatlygy söýmek, ony gözüň göreji deýin goramak bu günki nesilleriň mukaddes borjudyr. Geçmişde ata-babalarymyz mukaddes Watanyň goragyny özleriniň gerçek ýigitlerine, merdana perzentlerine ynanypdyrlar.

Bäsleşikleriň jemi jemlenildi

Ýakynda Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçylarynyň arasynda «Ýylyň terbiýeçisi» we «Ýylyň psihology» atly bäsleşikleriň jemi jemlenildi. Harby bölümleriň serkerdeleriniň işjeň gatnaşan bu bäsleşikleri Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde geçirildi. Onuň baş maksady, terbiýeçi hem-de psiholog serkerdeleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, şahsy düzüm bilen işleşmegi içgin öwrenmegi gazanmak, olaryň arasynda terbiýeçilik işleriniň geçirilişini kämilleşdirmek, şeýle hem hünärine ukyply, ezber serkerdeleri ýüze çykarmak, tapawutlanan harby gullukçylara mynasyp baha bermekden ybaratdyr. Ýokary ruhubelentlikde geçirilen bäsleşiklerde serkerdeler harby bölümlerinde ýylyň dowamynda alyp baran işleriniň jemi boýunça harby düzgün-tertibiň ýagdaýy, geçirilen terbiýeçilik, wagyz-nesihat hem-de ahlak-psihologik çäreleriň netijeleri, köpçülikleýin çärelerini geçirýän otaglarynyň ýagdaýy, şeýle-de paýlanyp berlen mowzuklar boýunça taýýarlan referatlaryny aragatnaşyk tory arkaly hödürlediler. Hödürlenen işler, ýazylan referatlar eminler topary tarapyndan seljerilip, ýeňijiler kesgitlenildi. Ýeňiji bolan serkerdelere Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar

Watana sungatdan serpaýyn ýapan, harby gulluk bilen mertebe tapan

Hünäri boýunça inžener geodeziýaçy bolsa-da, harby ulgamda işlemegi özüne mertebe bilen serhetçi serkerde 1976-njy ýylyň 21-nji noýabrynda gadymy Tejen topragynda dünýä inýär. Bu gün oňa Serhet goşunlarynyň ähli şahsy düzümi uly hormat bilen «Ýoldaş polkownik!» diýip ýüzlenýär. ...Maşgalada on çaganyň içinde ösüp-ulalan, edil beýleki oba oglanlary ýaly, malyň yzynda çörňeşip, daýhançylyk işinde taplanan, ata-enäniň terbiýe mekdebinde terbiýelenen Çarymyrat ýigit çykanda Aşgabada ýokary bilim almaga gelýär. Ýokary okuw mekdebinde bilime teşne ýigit ugurtapyjylygy bilen mugallymlaryna özüni aldyrmagy başarýar. Ol şol döwürlerde hem aýdym-sazly dabaralara, döredijilik bäsleşiklerine we ýörite gurnaklara gatnaşýar. Okumyşlygy bolsa, geljekki şahyr ýigidi gündogar we dünýä edebiýaty bilen ýakyndan tanyşmaga itergi berýär. Heniz talyplyk ýyllarynda sungatyň inçe ýoluna düşen Çarymyrat kämilligiň mertebeli menzillerini nazarlaýar.

Watana wepaly merdana nesil

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Diýarymyz «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda bedew bady bilen täze sepgitlere ugur aldy. Geçen 2020-nji ýyl hem taryhy wakalara baý ýyllaryň biri boldy. Bilşimiz ýaly, Russiýa Federasiýasynyň paýtagty Moskwa şäherindäki «Gyzyl meýdançada» merdana türkmen ýigitleri Türkmenistanyň Döwlet baýdagy hem-de hormatly Prezidentimiziň atasy, ussat mugallym, watançy esger ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň gulluk eden 206-njy atyjylyk diwiziýasynyň 748-nji atyjylyk polkunyň söweşjeň baýdagy bilen Beýik Ýeňşiň 75 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli guralan dabaraly ýörişe gatnaşdylar. Bu ýörişden dabaraly ýagdaýda geçen Watan goragçylary ildeşlerimiziň merdana watan gerçeklerine bolan buýsanç duýgularyny goşalandyrdy. Çünki Watanymyzyň bagtyýarlygy, biziň manyly ýaşaýşymyzdyr. Mähriban Watany bagtyýar etmek bolsa, onuň merdana ogullarynyň gerdenine düşýär. Ýaş nesillere watançylyk terbiýesini bermekde hormatly Prezidentimiziň görkezýän göreldeleri aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň halkyna sowgat eden kitaplarynyň ählisi terbiýeçilik temasynda bolup, olar harby gullukçylaryň gündelik durmuşynda ulanýan gollanmalaryna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň: «Ömrüň manysy

«Iň göreldeli serhet gala»

Ýakynda şeýle at bilen Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň ähli serhet galalarynyň arasynda yglan edilen bäsleşigiň jemi jemlenildi. Şeýlelikde, eminler toparynyň gelen netijesi boýunça «Iň göreldeli serhet gala» adyna podpolkownik Azat Almazowyň serkerdelik edýän serhet birikmesine degişli bolan uly leýtenant Döwlet Hallyýewiň serkerdelik edýän serhet galasy mynasyp boldy. Şeýle hem podpolkownik Magtymguly Nurberdiýewiň serkerdelik edýän serhet birikmesine degişli bolan uly leýtenant Agamyrat Baýryýewiň serkerdelik edýän serhet galasy 2-nji, maýor Amangeldi Ilmyradowyň serkerdelik edýän serhet birikmesine degişli bolan uly leýtenant Kerim Töräýewiň serkerdelik edýän serhet galasy 3-nji orny eýelediler. Maksatmyrat ATABALOW,maýor.