Ýylyň şygary — Watan goragçysynyň ruhy goldawy

27 Ýanwar 2021
1285

Ýurdumyzda uly dabara bilen garşy alnan 2021-nji ýyl hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edildi. Täze ýylyň şygaryna bagyşlanan maslahatlar ýurdumyzyň ähli künjeginde we ähli pudaklarynda giň gerime eýe bolýar. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde täze ýylyň şygaryna hem-de bäş sany iri göwrümli taslamanyň amala aşyrylmagyna bagyşlanyp, dabaraly maslahat geçirildi. Oňa ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary, harby gullukçylarymyz, iri jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, harby aýdym-saz toparlary uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar.

Maslahatda çykyş edenler täze ýylyň şygarynyň her daban topragyny gözüniň owasy deýin ezizleýän Watan goragçylary üçin ähmiýetiniň has uludygyny bellediler. Sebäbi parahatçylygy goraýjylar — Watan goragçylary. Bir hakykat bar: erkinlik, Bitaraplyk ähli döwürde-de Watan goragçylarynyň milli taglymy bolupdyr. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy, milli ösüşiň täze tapgyrynda esasy ugurlary şöhlelendirýän şygaryň yglan edilmegi asylly däbe öwrüldi. Täze şygarda üstünlikli geçen ýylymyzyň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly şygarynyň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň kabul eden «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamasynyň logiki dowamy bardyr. Maslahatda çykyş edenler 2021-nji ýylyň halkyň erk-isleginiň nyşanyna öwrülen şygarynyň Watanymyzyň ýeten belent sepgitlerini giňden wagyz etmäge, olaryň ähmiýetini açyp görkezmäge, iri möçberli ykdysady özgertmelere hem-de durmuş taýdan öňegidişliklere itergi bermäge, şonuň ýaly-da, ýurdumyzyň Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmäge, döwlet Baştutanymyzyň parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmek boýunça halkara başlangyçlaryny goldamaga gönükdirilendigini nygtadylar.

Şöhrat AMANOW,
maýor.