HABARLAR

Halkymyzyň gadymy oýny «Ýaglyga towusmak»

Çagalar üçin niýetlenen milli oýunlaryň biri-de ýaglyga towusmakdyr. Bu oýun sport meýdançasynda hem oýnalýar. Ýaglyga towusmak oýnuny oýnamak üçin adyndan belli bolşy ýaly, dürli reňkli ýaglyklar ulanylýar. Oýunçylar iki topara bölünýär. Meýdançanyň ortasynda dürli beýiklikde birnäçe reňkli ýaglyklar asylýar. Oýunçylaryň esasy maksady has ýokarda ýerleşýän ýaglygy towsup almak bolup durýar. Oýunçy has ýokarda ýerleşýän ýaglygy alanda 3 utuk, ortada ýerleşýän ýaglygy alanda 2 utuk, aşakda ýerleşýän ýaglygy alanda bolsa 1 utuk gazanýar. Toparlar gezekli gezegine towusmak bilen ýaglygy almaga çalyşýarlar. Oýunda has köp utuk gazanan topar ýeňiji bolýar. Oýnuň esasy düzgüninde her oýunçynyň ýaglygy almaga bir gezek synanyşmaga hukugy bar. Eger-de oýunçy ýaglyga el degrip bilmese ýa-da ony alyp bilmese gezegi beýleki topara berýär. «Ýaglyga towusmak» gadymy milli oýunlarymyzyň biridir. Oýunda çagalaryň beýiklige bökmek, ylgamak endikleri ösdürilýär, dostluk, jebislik duýgulary kämilleşdirilýär.

Maslahat geçirildi

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyzyň saglygyny goramak, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini durmuşa ornaşdyrmak ugrunda uly işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda raýatlaryň abadan, bolelin, bagtly ýaşaýşynyň ähli zatdan ileri tutulmagy, hukuklarynyň, azatlyklarynyň goralmagy eziz Diýarymyzda «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgäniň aýdyň dabaralanmasydyr. Döwletiň iň gymmatly baýlygy adam we onuň saglygydyr. Şol sebäpli halkyň saglygyny goramak, uzak ýaşamagyny gazanmak ugrunda döwlet tarapyndan giň mümkinçilikler açylýar.

Arkadagly watanda

Golaýda TKA-nyň welaýat birleşmesiniň hem-de Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň guramagynda 2021-nji ýylyň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip atlandyrylmagy mynasybetli “Bagtyýar biz Arkadagly Watanda” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Ady agzalan orta hünär okuw mekdebinde geçirilen çäräni TKA-nyň welaýat birleşmesiniň baş hünärmeni Eziz Meredow açdy hem alyp bardy. Çärede TKA-nyň Murgap etrap birleşmesiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Gurbanmuhammet Muhammetorazow, ylym we bilim işgärleriniň KAIG-nyň başlyklarynyň Türkmengala etrap geňeşiniň başlygy Atamyrat Ýagşyýew, Mary şäheriniň 2-nji saglyk öýüniň şepagat uýasy Gülälek Kadyrowa, Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy Bägül Ataýewa, Mary etrabyndaky 8-nji orta mekdebiň mugallymy Muhammet Allakuliýew çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda dost--doganlyk, watansöýüjilik, parahatçylyk we ynanyşmak gatnaşyklarynyň ösdürilmeginiň hormatly Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde giň gerime eýe bolýandygy dogrusynda gürrüň etdiler. Şeýle-de, häzirki wagtda howanyň düzüminiň üýtgemegi sebäpli, agyz-burun örtügini dakynmak, 2 metr aralygy saklamak we arassaçylyk düzgünlerini doly we dogry berjaý etmek dogrusynda durlup geçildi.

Adam. Jemgyýet. Kanun.

Durnukly ösüşiň ähmiýeti Garaşsyz, Bitarap döwletimizde hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda durnukly we asuda durmuşyň pugtalandyrylmagynda, sebitiň we dünýäniň döwletleri bilen dost-doganlykly, özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmekde uly işler bitirilýär. Şeýle bähbitli ýol-ýörelgäniň milli Liderimiziň goldamagynda “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen täze ýylda-da rowaçlyklara beslenjekdigine berk ynam täze üstünliklere ruhlandyrýar. Ajap eýýamymyzyň ýyllary Garaşsyz döwletimiziň Bitaraplygyň mekanyna, parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watanyna öwrülýändigine şaýatlyk edýär.

Taryhy-medeni gymmatlyklara sarpa

Türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasyny, taryhy ýadygärliklerini aýawly saklamaga we öwrenmäge, ýurdumyzyň muzeý işini ösdürmäge döwlet syýasatynyň möhüm ugry hökmünde aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň häzirki zaman muzeýleri diňe bir milli mirasymyzyň saklanylýan ýeri bolmak bilen çäklenmän, eýsem, olar halkara medeni alyş-çalyşlary ýola goýmak üçin hem oňaýly merkez bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, halkara syýahatçylygy ösdürmekde-de muzeýlere aýratyn orun degişlidir.

Täsirli geçen duşuşyk

Sarahs etrabyndaky ýöriteleşdirilen 11-nji orta mekdebiň ýokary synp okuwçylarynyň we mugallymlarynyň gatnaşmagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Etrap häkimliginiň, etrabyň prokuraturasynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de etrap hassahanasynyň bilelikde guramagynda bolan duşuşyk «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçirilýän çäreleriň üstüni ýetirdi. Duşuşykda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komitetiniň başlygy Arslan Rejepgulyýew, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň etrap komitetiniň başlygy Baýramgeldi Ballyýew, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň başlygy Batyr Goşaýew, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň başlygy Wepa Ýazgylyjow dagy çykyş edip, üstümizdäki ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçmegi ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň, Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen ynamly öňe gitmek bilen baglanyşykly ýörelgeleriniň özboluşly beýanydygy barada buýsançly gürrüň etdiler.

Ýylyň zenany

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň häzirki taryhy günlerinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi tarapyndan ýurdumyzyň zenanlarynyň arasynda yglan edilen “Ýylyň zenany” atly bäsleşigiň şäherdir etrap tapgyrlary welaýatymyzda guramaçylykly dowam edýär. Ýakynda Gökdepe etrap merkezindäki Medeniýet köşgünde bu bäsleşigiň etrap tapgyry geçirilip, oňa halk hojalygynyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän öňdebaryjy zenanlar gatnaşdylar hem-de jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ugurlarynda alyp barýan işleri boýunça ukyp-başarnygyny görkezdiler we çykyş etdiler. Şol çykyşlar zenanlarymyzyň guramaçylyk ukybyna eýe bolmak bilen, ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşýandygyny, ene-mamalarymyzdan gelýän el hünärini kämilleşdirmekde, gadymy ruhy gymmatlyklarymyzy, medeni mirasymyzy dünýä ýaýmak boýunça asylly işlerde işjeňlik görkezýändigini, nesil terbiýelemekde, obany ösdürmekde uly hyzmatlary bitirýändigini, telekeçiligiň ösmegine goşant goşýandygyny aýdyňlygy bilen göz ýetirmäge mümkinçilik berdi. Bäsleşigiň netijesinde «Ýylyň işewür zenany», «Ýylyň çeper elli zenany», «Ýylyň sungatda işjeň zenany», «Ýylyň mährem zenany», «Ýylyň öňdebaryjy oba zenany», «Ýylyň telekeçi zenany» diýen ugurlar b

Bäsleşigiň etrap tapgyrlary

Bäherden etrabyndaky 30-njy orta mekdepde «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly bäsleşigiň çägindäki taslama (ylmy döredijilik) bäsleşiginiň etrap tapgyry geçirildi. Etrap bilim bölümi tarapyndan guralan bäsleşige etrapdaky umumybilim berýän orta mekdeplerden zehinli ýaşlar gatnaşdy. Mekdebara tapgyrlarda öňe saýlanan okuwçylara bu bäsleşikde zehin we döredijilik başarnyklaryny doly açyp görkezmek üçin ähli şertler döredildi. Mekdebiň döwrebap derejede enjamlaşdyrylan ders otaglary bäsleşigiň guramaçylyk derejesine hem oňyn täsirini ýetirdi.

Hünär ussatlygy

Ýakynda Kaka etrabyndaky «Serdar» pamyk egriji fabriginde «Bagtyýarlyk döwrüniň çeper elli zenanlary» atly bäsleşigiň etrap tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de ýurdumyzyň Dokma senagaty ministrliginiň bilelikde yglan eden bäsleşiginiň çäginde guralan bu bäsleşige dokmaçy gelin-gyzlar gatnaşdy. Bäsleşigiň esasy maksady «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda uludan belleniljek Halkara zenanlar gününi has-da dabaralandyrmakdan, ýurdumyzyň dokma senagaty pudagynda gazanylýan üstünlikleri wagyz etmekden, ýokary görnüşli dokma önümlerini mahabatlandyrmakdan hem-de dokmaçy zenanlary höweslendirmekden ybarat boldy. Oňa gatnaşyjylar öz taýýarlan önümleri barada giňişleýin gürrüň etdiler we tikin önümlerini mahabatlandyrdylar.

Welaýat zenanlar bölüminde

Gymmatly esere bagyşlanylan bäsleşik Zenan sarpasy belende göterilýän Arkadagly ýurdumyzda türkmen zenanlarynyň bagtyýar ýaşamagy, ruhubelent, joşgunly zähmet çekmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Şeýle eşretli, döwletli döwranyň hözirini görüp ýaşaýan gyz-gelinlerimiziň arasynda dürli bäsleşikler guralýar. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ajaýyp kitabyny wagyz etmek, onuň many-mazmunyny her bir zenana, her bir maşgala ýetirmek maksady bilen «Gahryman Arkadagyň kitaby umumadamzat gymmatlygydyr» ady bilen bäsleşik yglan edildi.