HABARLAR

Giň dünýäniň geň habarlary

Gün ulgamynda iň uly kanýon «Mars Reconnaissance Orbiter» taslamasynyň hünärmenleri Marsda geçiren ylmy-barlaglarynyň dowamynda Gün ulgamyndaky iň uly kanýony ýüze çykardylar. Onuň suratyny «High Resolution Imaging Science Experiment (HiRISE)» diýlip atlandyrylýan älem giňişligine çykarylan teleskop bilen düşürdiler. Titona kanýony Zemindäki iň meşhur Uly kanýondan uzynlyk babatda 10 esse, ini boýunça 20 esse uludyr, ondan 7 esse çuňdur. Kanýonyň emele gelmegini alymlar «Gyzyl saýýaranyň» okunyň gyşarmagy bilen düşündirýärler. Marsyň oky Ýeriňki ýaly durnukly däldir. Geçirilen soňky hasaplamalara görä, onuň okunyň takmynan, 10-600C üýtgändigi anyklanyldy.

Gender deňligi: demokratik ösüşiň hukuk binýady

Jemgyýetiň demokratiýa ýoly bilen has-da ilerlemegi birnäçe görkezijiler bilen ölçelýär. Zenanlar we erkekler üçin deň hukuklaryň we mümkinçilikleriň üpjün edilmegi şolaryň biridir. Zenanlaryň hukuklarynyň goraglylygy, deňhukuklylygy, her bir maşgalanyň abadançylygy, sagdyn nesilleriň dowamaty hem-de jemgyýet üçin sagdyn ruhly, berk bedenli, kämil şahsyýetleriň kemala gelmegi nukdaýnazaryndan wajyp şertleriň biridir. Ýurdumyz Garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllaryndan başlap zenanlaryň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda alnyp barylýan işlere deňhukukly gatnaşmagyna ýardam berýän işjeň gender syýasatyny alyp barýar.

Dalaşgärleri hödürlemek başlandy

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygy bilen ähli ugurlar boýunça tutumly maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunuň netijesinde döwletimiziň syýasy, ykdysady we hukuk binýady barha berkeýär. Milli Liderimiziň sargytlaryndan ugur alnyp, jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly hazynasy bolan adamyň bähbitlerini, hukuklaryny we azatlyklaryny goramak hem-de kanunçylygymyza halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny ornaşdyrmak ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda ähli ugurlarda guwandyryjy üstünliklere eýe bolunýar. Ýurdumyzda milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen amala aşyrylýan özgertmeleriň ählisi ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da özgertmäge, bagtyýar geljegini üpjün etmäge, Watanymyzyň halkara abraýyny artdyrmaga gönükdirilendir.

Döwrebap hyzmatlaryň gurşawynda

Hojambaz etrap aragatnaşyk bölümi indi iki ýyla golaý wagtdan bäri täze binada işläp gelýär. Mälim bolşy ýaly, bölümiň täze binasy 2019-njy ýylyň aprel aýynda dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanylmaga berlipdi. Täze binadaky döwrebap mümkinçilikler etrabyň ýaşaýjylaryna ýokary hilli aragatnaşyk hyzmatlaryny bermäge we olaryň görnüşlerini barha köpeltmäge mümkinçilik berýär. Bu ýerde «Altyn asyr» mobil operatory, poçta aragatnaşyk bölümi, Internet, öý telefonlary, elektron poçtadyr beýleki hyzmatlar üçin operatorlaryň 9-sy uzakly gün müşderiler bilen işleşýär. Sanalan ulgamlarda işleriň sanly görnüşe geçilmegi bolsa, olaryň netijeliligini has-da artdyrýar.

Belent sepgitler kesgitlenildi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Prezidentimiziň ýadawsyz tagallalary netijesinde ýaş nesil hakynda alada döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi. Häzirki wagtda türkmen ýaşlaryna bilim-terbiýe, özbaşdak durmuşa gadam basanlaryndan soň saýlap-seçen hünärleri boýunça ylym-bilim almaga ähli zerur şertler döredilýär. Gahryman hem mähriban Prezidentimiz ýaşlar biziň geljegimizdir diýmek bilen biz, ýaşlara uly ynam bildirýär. Arkadag Prezidentimiziň şu uly ynamyny ödemek üçin bolsa biz gijämizi gündiz edip, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna döredijilikli zähmet çekmelidiris. Bilşimiz ýaly, üstümizdäki — Türkmenistan —– parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasy” kabul edildi. Bu Maksatnamada bellenilişi ýaly, ýaşlar baradaky döwlet syýasaty Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaş raýatlarynyň hukuklarynyň, erkinliginiň we goldanylmagynyň amala aşyrylmagyna gönükdirilen durmuş-ykdysady, syýasy, guramaçylyk hem-de hukuk çäreleriniň ulgamydyr. Şeýle hem bu resminamada Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy ýörelgeleri kesgitlenendir. Şu ýörelgeler bolsa ýaş raýatlaryň ömr

Bähbitli tagallalaryň netijesi

Hormatly Prezidentimiziň başyny başlan täze taryhy eýýamy sözüň doly manysynda ykdysady özgertmeleriň zamanasy boldy. Dünýäniň islendik döwletiniň ösüşli ýoly, halkyň maddy hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagy şol ýurduň ykdysady kuwwaty bilen aýrylmaz baglydyr. Şonuň üçinem milli Liderimiz ykdysadyýetimizde düýpli özgertmelere gönükdirilen tutumly işlere badalga berdi. Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda telekeçiligiň çalt depginler bilen ösdürilmegi üstünlikli amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň möhüm bölekleriniň biri boldy. Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamagyň hukuk binýady döwrebaplaşdyryldy. Kämil salgyt ulgamy milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda, şol sanda döwlete degişli däl çygyr bolan hususyýetçilikde önüm öndürijileriň has netijeli zähmet çekmeklerine giň ýol açdy. Telekeçilerimiziň bäsleşige ukyply önümleri, harytlary has köp öndürmekleri, olaryň görnüşlerini giňeltmekleri bilen bagly degerli işleriň gerimi giňedi.

Halypa žurnalistiň döredijilik ýoly

Durmuşda her bir ynsan manyly ömür ýoluny belli bir käre baglap, saýlan kesbiniň abyny-tabyny ele alyp, kärine kämilleşýär. Şeýle kämillige gol berip, ömrüniň kän ýyllaryny döredijilik işine we žurnalistika bagyşlap, halypalyga ýeten Allaberdi Sapargeldiýew hem şolaryň biri. A. Sapargeldiýew 1969 — 1970--nji ýyllar aralygynda Aşgabat şäherindäki 8-nji başlangyç hünär mekdebinde okap, bilim alýar. Soň bilimini has-da kämilleşdirmek maksady bilen 1970-nji ýylda Aşgabatdaky, şol wagtky Gidromelioratiw orta hünär okuw mekdebine okuwa girip, 3-nji ýylynda Watan öňündäki gulluk borjuny berjaý etmek üçin goşun gullugyna gidýär. Iki ýyl gulluk borjuny abraý bilen tamamlap geleninden soň, öňki okuwyny dowam etdirip, 1975-nji ýylda üstünlikli tamamlaýar. Ol 1975 — 1978-nji ýyllar aralygynda şol wagtky Garagum melioratiw tejribe stansiýasynda işçi, laborant, baş laborant wezipelerinde zähmet çekýär.

Adam. Jemgyýet. Kanun.

Döwrebap düzgünleriň ýörelgesi 2016-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje giren Türkmenistanyň “Notariat we notarial işi hakynda” Kanuny Türkmenistanda notariatyň guramaçylyk we hukuk esaslaryny, şeýle hem notarial işini amala aşyrmagyň tertibini kesgitleýär. Türkmenistanda notariat — bu jedelsiz hukuklary, şeýle hem ýuridik ähmiýeti bolan faktlary tassyklamak we olara ýuridik takyklygy bermek üçin notarial işini amala aşyrmak wezipeleri ýüklenen edaralardan we ygtyýarly adamlardan ybarat bolan ulgamdyr. Türkmenistanyň adyndan notarial hereketlerini amala aşyrmak arkaly fiziki we ýuridik şahslaryň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň, şeýle hem döwletiň bähbitleriniň goralmagyny üpjün etmek notariatyň esasy wezipesi bolup durýar. Notarial işi — bu döwlet notariusy tarapyndan şu Kanunda we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan notarial hereketleriniň amala aşyrylmagydyr.

Gyzyl. Sary. Ýaşyl.

Demirýol geçelgesiniň jogapkärçiligi Köçe-ýol hereket howpsuzlygynda demirýol geçelgelerinden geçilmeginde ulag serişdeleriniň ähli görnüşleriniň sürüjilerine ýokary talap bildirilýär. Ulaglaryň sürüjileri demir ýoldan diňe demirýol geçelgelerinden geçmelidirler. Şeýle hem demirýol geçelgesiniň golaýyna geleninde sürüji ýol belgileriniň, ýolyşygyň, çyzgylaryň talaplaryndan, ala agajyň ýagdaýyndan hem-de geçelge boýunça nobatçynyň görkezmelerinden ugur alyp, golaýlaşýan otlynyň ýokdugyna göz ýetireninden soň geçmelidir.

Düzgünler berjaý edilmelidir

Biz hususy awtoulaglaryň sanynyň ýylsaýyn artýandygynyň şaýatlary bolýarys. Bu bolsa halkymyzyň bolelinlikde ýaşaýandygynyň aýdyň mysallarynyň biridir. Birwagtlar hemmeler üçin elýeterli bolmadyk ulaglar indi her maşgalada diýen ýaly bar. Munuň özi halkymyzyň eziz Arkadagymyzyň döredip berýän eşretlerinden ýerlikli peýdalanyp, onuň hözirini görýändikleriniň subutnamasydyr. Bu guwandyryjy ýagdaý bilen bir hatarda biz ildeşlerimiziň aglabasynyň awtoulaglary dolandyrmagyň kadalaryny dogry berjaý edýändikleriniň hem şaýatlary bolýarys. Olaryň öz üstüne düşýän jogapkärçilige gowy düşünýändikleri we ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý edýändikleri, ulaglaryny gurat saklaýandyklary bizi begendirýär. Ýöne gynansak-da, ýol hereketiniň düzgünlerini äsgermezlik edýän sürüjiler hem tapylýar. Gullugymyzyň işgärleri şeýle ýagdaýlaryň öňüni almak üçin aladalanýarlar we şeýle sürüjiler bilen düşündiriş işlerini geçirýärler.