HABARLAR

Döwletli tutumlar rowaçlanýar

Möhüm desgalaryň uly geljegi Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde durmuşa geçirilýän örän möhüm taslamalar Watanymyzy ykdysady taýdan çalt depginlerde we durnukly ösdürmäge gönükdirilendir. Munuň özi türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyny, abadançylygy, bagtyýarlygy şertlendirip, eşretli ertirimize sarsmaz ynamy döredýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyllarynda amala aşyrylýan döwletli tutumlaryň rowaç alýandygy guwandyrýar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk

Beýik başlangyçlaryň gözbaşynda Mälim bolşy ýaly, halkymyzda möhüm meseläniň çözgüdini il-gün bilen maslahatlaşyp çözmek, köpçülige sala salmak asylly däpleriň biri. Ýurdumyzda Halk Maslahatynyň hereket etmegi ata Watanymyzyň döwlet hem-de jemgyýetçilik syýasy gurluşynyň barha kämilleşýändigini we bu işleriň aňyrsynda ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän milli ýörelgeleriň öz beýanyny tapýandygyny alamatlandyrýar. Munuň şeýledigine Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly ajaýyp kitabynda: «Halk Maslahaty ata-babalarymyzyň ýaşululardan sorap, akyldar, ylymdar geňeşdarlary ýygnap, karara gelmek däbini, demokratiýany durmuşa ornaşdyrmagyň bir ugrudyr» diýen parasatly jümleleri dolulygyna güwä geçýär.

Adam. Jemgyýet. Kanun.

Döwrüň ýokary talaby Demokratik, hukuk we dünýewi döwlet bolan Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde hereket edýän milli kanunçylygymyz ýurdumyzda ähli ugurlar boýunça amala aşyrylýan özgertmeleriň rowaçlanmagyna bähbitli täsirini ýetirýär. Raýat jemgyýetimizde kanunlaryň hökmürowanlygy, döwletiň we jemgyýetiň kanuny bähbitleriniň goraglylygyny üpjün edýär.

Asudalygyň goragynda

Sazlaşykly işiň oňyn täsiri Ajap eýýamymyzyň üstümizdäki — “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginde il-günümiz tutanýerli zähmet çekýär. Hormatly Prezidentimiziň türkmen halkynyň bagtyýar, abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda edýän taýsyz tagallalary üstünliklere beslenip, il-gün bähbitli bu işlerde içeri işler edaralarynyň işgärlerine jogapkärli wezipeler ynanylýar.

“Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlyk dowam edýär

Guramaçylykly barýar “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň möhüm çäresi bolan “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlyk biziň welaýatymyzda-da guramaçylykly geçirilýär. Bu ählihalk çäresine gözegçilerimiz işjeň gatnaşyp, welaýatymyzyň köçe-ýollaryna gözegçiligi has-da güýçlendirýärler.

Raýat jemgyýetiniň kämil mekdebi

Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik Şanly Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygyny uly ruhubelentlikde garşylaýan berkarar Watanymyzyň okgunly ösüşini hem-de merdana halkymyzyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmek hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet syýasatynyň baş maksadydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş taglymatynyň mynasyp dowamy bolup, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan yglan edilen «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen esasy ýörelgämiziň çäklerinde üstünliklere beslenýän taryhy tutumlaryň özeninde şeýle asylly maksatlar jemlenendir. Bu döwletli maksadyň hemişe rowaçlyklara beslenmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň orny örän uludyr. Sebäbi halkyň bähbitlerine wekilçilik edýän bu ýokary wekilçilikli edara Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmek boýunça uzak möhletleýin maksatnamalarynda kesgitlenilen wezipeleri amala aşyrmakda jemgyýetçilik pikirini diňlemek hem-de şolar esasynda oňyn çözgütleri kabul etmek ýaly kämil durmuş ýörelgelerine daýanýar. Munuň üçin bu ýokary wekilçilikli edaranyň ýerlerde ýerli wekilçilikli edaralary bolan welaýat, etrap hem-

Halkymyzyň gadymy ýörelgesi dowamat-dowam

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz durmuş-ykdysady ösüşiň belentliklerine tarap batly depginde öňe barýar. Ýurdumyzda ýetilen belent sepgitler, taryhy wakalar halkymyzy guwandyryp, ýeňişli menzillere ruhlandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ata Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen tutumly işleri gün-günden rowaçlanýar. Döwletimiziň ykdysady kuwwaty ýylsaýyn ýokarlanyp, ähli ugurlarda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler oňat netijesini berýär. Bilşimiz ýaly, pederlerimiziň döwletlilik ýörelgelerinden ugur alnyp, ýylyň-ýylyna mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly toýunyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçirilmegi asylly däbe öwrüldi. Bu döwletli maslahatyň geçirilmegi milli demokratiýamyzyň, asyrlar aşyp gelýän ýol-ýörelgelerimiziň dabaralanmagydyr.

Taryhy ähmiýete eýe bolar

Ösüşlere beslenýän döwrümizde döwletimizi we jemgyýetimizi mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmak, raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny goramak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak babatda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Bu özgertmeler hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen taglymatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär. Jemgyýetimiziň bitewüligini, agzybirligini we jebisligini, ýurdumyzyň geljekki ösüşleriniň binýadyny berkitmekde Türkmenistanyň Halk Maslahatyna möhüm orun degişlidir. Halk Maslahatynyň işini kadaly alyp barmak üçin onuň hemişelik hereket edýän Prezidiumynyň döredilmegi aýratyn ähmiýetlidir. Prezidium Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlislerine taýýarlyk görmek boýunça işi guraýar, onuň mejlisleriniň gün tertibiniň taslamasyna meseleleri girizmek hakynda çözgütleri kabul edýär we öz ygtyýarlyklaryna degişli beýleki meseleleri çözýär.

Iş bitirseň, il tanaýar

Ýurdumyzda durmuş we iş tejribesi ýetik zähmet adamlarynyň sarpasy belent tutulýar. Şeýle adamlaryň biri-de ömrüni nebitgaz pudagyna baglan, Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medalynyň eýesi Nurmämmet Hançarowdyr. Ol 1946-njy ýylda Bereket etrabynyň Joýruk obasynda işçi maşgalasynda dogulýar. Orta mekdebi tamamlandan soň, Nebitdag, Ekerem nebitgaz meýdançalarynda täze gazylýan guýular üçin buraw erginlerini taýýarlaýjy bolup işleýän kakasy Hançar Ýarmämmedowyň ýanynda nebitçi bolup iki ýyla golaý wagt işleýär. 1965-nji ýylda Türkmen politehniki institutyna okuwa girýär. Ýokary okuw mekdebini 1970-nji ýylda tamamlap, Goturdepe buraw işleri müdirliginde inžener-geolog, uly inžener wezipelerinde işleýär. Günorta-Günbatar Türkmenistanyň çäklerinde uglewodorod gorlarynyň möçberini anyklamak maksady bilen, 1973-nji ýylyň ahyrynda gözleg-barlag işleri ýaýbaňlandyrylýar. Şonda «Türkmennebit» döwlet konserniniň düzüminde Ekerem buraw işleri müdirligi döredilip, onuň esasy wezipesi ýurdumyzyň günorta çetki çäklerinde nebitgaz känlerini gözlemek we açmak bolup durýar. Tejribesiniň bardygy sebäpli, N. Hançarow bu müdirligiň geologiýa bölüminiň başlygy wezipesine bellenýär. Ilkinji gözleg guýusyny gazmak Keýmir gözleg meýdançasyndan başlanýar. 1978-nji ý

Gülçi zenanlaryň üstünligi

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli şu gün – 18-nji sentýabrda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Aşgabat şäher häkimliginiň bilelikde yglan eden «Güller gözelligiň, parahatçylygyň aýdymy» atly hünär bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bäsleşige gatnaşan zenanlar owadan güllerden ajaýyp eserleri döredip, olara zamanabap at berip, gülleriň hem-de owazly goşgy-gazallaryň üsti bilen Watanymyzyň ösüşlerini wasp etdiler. Bäsleşik üç şertden ybarat bolup,  birinji şert «Bagy-bossan Watanym» diýlip atlandyryldy. Bu şertde olar owadan güllere beslenen Garaşsyz ýurdumyzyň ösüşlerini çeper sözler bilen wasp etdiler. Ikinji şert «Güller gözelligi senden öwrener» diýlip atlandyryldy. «Hünärim bar, hormatym bar» atly üçünji şertde hem toparlar özleriniň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezdiler.