Möhüm desgalaryň uly geljegi
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde durmuşa geçirilýän örän möhüm taslamalar Watanymyzy ykdysady taýdan çalt depginlerde we durnukly ösdürmäge gönükdirilendir. Munuň özi türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyny, abadançylygy, bagtyýarlygy şertlendirip, eşretli ertirimize sarsmaz ynamy döredýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyllarynda amala aşyrylýan döwletli tutumlaryň rowaç alýandygy guwandyrýar.