HABARLAR

Dabaraly günleriň guwanjy

Abadan geljegimize ynam döredýär “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň häzirki günleri taryhy wakalara beslenip, abadan ertirimize sarsmaz ynamy döredýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan ýeňişli ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýöredýän parasatly we öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasatynyň rowaç alýandygynyň datly miwesidir. Ajap eýýamymyzda döwlet Baştutanymyzyň pähim-paýhasly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz ösüş-özgerişleriň aýdyň ýoly bilen ynamly öňe barýar.

«Ak altyn» ussatlarynyň arasynda

Häzirki günlerde ýurdumyzda pagta ýygymy gyzgalaňly dowam edýär. Etrabymyzyň janypkeş daýhanlary hem bereketli topraga alyn derlerini siňdirip, tutanýerli zähmet çekýärler. Ýylyň-ýylyna «ak altynyň» bol hasylyny ýygnaýan edermen daýhanlarymyzyň, kärendeçilerimiziň zähmet üstünliklerini şöhratlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Bereket etrap birleşmesiniň jogapkär işgärleri hem ýygym möwsüminiň dowamynda olaryň arasynda bolup, wagyz-nesihat işlerini yzygiderli alyp barýarlar. Jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň oba zähmetkeşleriniň arasynda ýygy-ýygydan bolup, olaryň armasyny ýetirip durmagynyň, iş şertleri bilen tanyşmagynyň, wagyz-nesihat çärelerini geçirmeginiň ekin meýdanlarynda ýadawsyz zähmet çekýän adamlaryň ruhubelentligini, işeňňirligini has-da artdyrýandygyny bellemek gerek. Geçirilýän çäreleriň dowamynda pagta ýygymynda tapawutlanýanlara dabaraly ýagdaýda sowgatlar gowşurylýar. Olar ýurdumyzyň her bir ýaşaýjysy, şol sanda oba zähmetkeşleri hakynda uly aladalary edýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarlar.

Beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygyna

Baş baýrama mynasyp sowgatlar Belent sepgitlere, şanly wakalara beslenýän “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň şanly senesi — Beýik Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň uly toýy ýetip geldi. Toýa sowgatly barmagyň asylly däbine eýerýän türkmen ili baş baýramyna zähmet sowgatly geldi. Buýsançly sene mynasybetli welaýatymyzda täze binalardyr desgalaryň ençemesi ulanylmaga berildi.

1-nji oktýabr — Ýaşulularyň halkara güni

Arzysy siz, sarpasy siz Watanyň “Ýaşulusy bolmadygyň, ýaş kiçisi bolmaz”, “Garryly öý — gaznaly öý”, “Edebiň ýagşysy — ulyny sylamak”, “Ulusyny sylan beg bolar” diýen pähimler milli medeniýetimiziň aýratynlyklarynyň biridir. Ulyny salmak, kiçä hormat goýmak ata-babalarymyzdan gelýän ýörelgedir. Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynda: “Toý güni obanyň ýaşulularynyň märekede aý gurap oturmaklary bilen toý özüniň hakyky görnüşine girýär” diýip, ýaşuly nesle goýulýan hormat-sylag barada aýratyn nygtaýar.

Adam. Jemgyýet. Kanun.

Aliment tölemegiň kadalary Ajap eýýamymyzda Türkmenistanyň Maşgala kodeksinde jemgyýetimizde maşgala gatnaşyklarynyň kämil kanunçylygy kesgitlenen. Kodeksiň VI bölüminde maşgala agzalarynyň aliment tölemek borçlary bellenendir. Şu Kodeksiň 142-nji maddasynda bellenilişi ýaly, ata-eneler kämillik ýaşyna ýetmedik, kämillik ýaşyna ýeten zähmete ukypsyz kömege mätäç bolan çagalary, şeýle-de bilim almagyň gündizki görnüşi boýunça, ýöne 23 ýaşdan uly bolmadyk okaýanlary ekläp-saklamaga borçludyrlar. Şeýle hem çagalary ekläp-saklamagyň şertleri ata-eneler tarapyndan özbaşdak kesgitlenilýär. Ata-eneler (olaryň biri) şu Kodeksiň 19-njy babyna laýyklykda, çagalary ekläp-saklamak barada şertnama baglaşmaga haklydyrlar. Eger ata-eneler çagalaryny ekläp-saklamaýan bolsalar, olary ekläp-saklamak üçin serişdeler kazyýet tertibinde tutulyp alynýar.

Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy

Ajaýyp zamanamyzda ýollaryň ugrunda döwrebap duralgalaryň, ýerasty, ýerüsti geçelgeleriň, ýolyşyklaryň we beýleki degişli belgileriň bolmagy sürüjilere we pyýadalara hereket etmekde amatly şertleri döredýär. Ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almakda sürüjileriň üstüne uly jogapkärçilik düşýär. Ýolda dyknyşyk döräp, haýal hereket edilende we durlanda, öňden barýan ulaga çenli aralyk, adatdan daşary ýagdaýlardan başga ýagdaýlarda, azyndan 2 metr bolmalydyr.

Asudalygyň goragynda

Netije başarnyga bagly “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýlip yglan edilen üstümizdäki ýyly belent sepgitler bilen şöhratlandyrmagy maksat edinýän il-günümiz döredijilikli zähmet çekýär. Şeýle ajap eýýamymyzda halkymyzyň asudalygyny, rahat, abadan durmuşyny üpjün etmegiň wezipesi içeri işler edaralarynyň işgärleriniň paýyna düşýär. Şu wezipäniň ýerine ýetirilmegi bolsa, ýadawsyz aladany talap edýär.

“Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlyk tamamlanyp barýar

Abadan durmuşyň kepili Hormatly Prezidentimiziň ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek bilen bagly aladalary halkymyzyň abadan, asuda durmuşy barada tagallalaryndan gözbaş alýar. Ýol hereketiniň howpsuzlygynyň biraýlygynda çagalar bilen bagly hadysalaryň öňüni almaklyga uly üns berýäris.

Howpsuz hereket — bagtyýar durmuş

Täze taryhy döwrümizde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ulag düzümini döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek bilen bagly giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Döwrümiziň bezegine öwrülen ýollar gözel paýtagtymyzy ähli welaýat merkezleri, şäherler we şäherçeler, obalar bilen birleşdirýär. Döwrebap ýollarda iň kämil, häzirki zaman yşyklandyryjylaryň goýulmagy, köçeleriň salgysyny görkezýän ugur görkezijileriň ýerleşdirilmegi, sowma ýollaryň gurulmagy ýol hereketine gatnaşyjylaryň ählisiniň howpsuzlygyna we ýol-ulag hadysalarynyň döremeginiň öňüni almaga gönükdirilendir. Giň ýollarymyzdaky döwrebap ýol belgileridir ýol çyzgylary hereket howpsuzlygynyň möhüm şertleriniň biridir. Çünki durmuşymyzyň möhüm bölegi bolan ak ýollaryň ugrunda döwrebap duralgalaryň, ýerasty we ýerüsti geçelgeleriň, kadaly hereketi üpjün edýän ýolyşyklaryň hem-de beýleki degişli ýol belgileriniň bolmagy sürüjilere, pyýadalara zerur şertleri döredýär.

Ýollar — abat, il — asuda

Golaýda polkownik Amangeldi Berdiýewiň ýolbaşçylyk edýän garnizonynyň çäginde ýerleşýän harby bölümlerde, harby edara-kärhanalarda zähmet çekýän hünärmenleriň, sürüjileriň, umuman, ýol hereketine gatnaşyjylaryň gatnaşmagynda Harby awtomobil gözegçiliginiň müdiri, podpolkownik Merdan Amadyýewiň guramagynda etrabyň polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçilik bölümçesiniň uly gözegçisi, polisiýanyň kapitany Tugur Tugurow bilen bilelikde wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çäräniň dowamynda oňa gatnaşyjylar bagtyýar döwrüň abadan ýollarynyň howpsuzlygynyň hemmämize baglydygy barada aýratyn nygtaldy. Rejepmuhammet TOKGAÝEW, borçnama boýunça harby gullugyň starşinasy.