HABARLAR

Algyn pendim, jigerbendim!

Dogry söz — ýüzüň tuwagy «Ynsanlyk mertebesi» diýlende çykmasy kyn, emma düşmesi aňsat bolan belentlik göz öňüňe gelýär. Halallygy, dogry sözlüligi, edepliligi we beýleki ýagşy gylyk-häsiýetlerdir amallary ruhy-ahlak ýörelgesine öwren her bir ynsan şol belentlik boýunça ýokary göterilýär.

Şadyýan tomus — 2024

Wagtlaryny hoş geçirýärler Şu günler güneşli Diýarymyzda bagtyýar çagalaryň tomusky dynç alşy ýatda galyjy pursatlara beslenip dowam edýär. Welaýatymyzdaky «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezini hem bagtyýar çagalaryň şatlyk-şowhuny, gülki sesleri gurşap aldy. Bu merkezde üç tapgyrda — her tapgyrda 300, jemi 900 çaga dynç alýar. Häzirki wagtda bolsa merkezde tomusky dynç alyş möwsüminiň birinji tapgyry dowam edýär. Ähli amatlyklary bolan merkezde dynç alýan çagalaryň şatlyk-şagalaňy bu ýerde guralýan dabaralaryň baý many-mazmuny bilen utgaşyp, göwünleri galkynan körpeleriň durmuşyna röwşenlik çaýýar. Merkezde kitaphanadyr muzeý, şeýle hem sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaklary üçin ýörite woleýbol, basketbol, tennis meýdançalary dynç alýan çagalaryň hyzmatynda. Bagtdan paýly balalar merkezde öz wagtlaryny diýseň gyzykly we many-mazmunly geçirýärler.

Giň dünýäniň geň habarlary

Polatdan hem berk Russiýanyň «MISiS» Milli tehniki gözlegler institutynyň alymlary alýuminiň esasynda polatdan berk, emma ýeňil hem-de çeýe täze kompozit materialy döretmegiň hötdesinden geldiler. Onuň ýene bir aýratynlygy 500 dereje gyzgynlykda-da mehaniki durkuny ýitirmeýänligindedir. Täze çig maly maşyngurluşyk senagatynda we howa gämileriniň önümçiliginde peýdalanmak göz öňünde tutulýar.

Şöhratymyz-şanymyz, dillerde dessanymyz

Merjen paýtagtymyzy synlanyňda, göwnüň göterilýär. Ak mermere we al-elwan güllere beslenen Aşgabat şäheri dünýäniň gursagynda täsin bir öwüşginli ak nur bolup lowurdaýar. Belentden seredeniňde, owadan binalaryň toplumy Aşgabadyň täsin binagärlik keşbini aýyl-saýyl görkezýär. Paýtagtymyzyň çar künji özgerişiň we täzelenişiň nurly ýalkymy bilen öwşün atýar. Tylla gupbaly köşkleri, belent ýaşaýyş jaýlary, kaşaň desgalary, biri-birinden owadan suw çüwdürimler toplumlary, ajaýyp seýilgähleri, şaýollary, ýaşyl baglary, al-elwan gülleri göreniňde, göwnüň galkynýar. Hawa, daş-töweregimizdäki özgerişleri gözümiz bilen görüp, olara buýsanýarys. Mermer paýtagtymyz Aşgabadyň gözelligini wasp etmezlik asla mümkin däl. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny durmuşa ornaşdyrýan hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda gurulýan ak mermere beslenen her bir bina özüniň binagärlik keşbi bilen göreni haýrana goýýar. Gysga döwrüň içinde ýurdumyzyň ähli künjekleri, şeýle-de gözel paýtagtymyz Aşgabat toplumlaýyn gurluşyklar meýdanyna öwrüldi.

Nesilleriň şatlygy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: «Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar» diýip, çagalaryň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Häzirki tomus paslynyň dowam edýän günlerinde bu eşretli durmuşyň höziri Gökdere jülgesinde wagtyny şadyýanlykda geçirýän körpejelerimiziň nurana ýüzlerinde hem aýdyň duýulýar. Ýurdumyzda ýaş nesilleriň sagdyn ösdürilmegine, kämil düşünjeli bolmagyna gönükdirilen uly işler häzirki wagtda özüniň oňyn netijelerini berýär. Bu ugurda üstünlikli hereket edýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň durmuşa geçirýän ägirt uly işleri hem biziň her birimizi guwandyrýar. Elbetde, çagalar durmuşymyzyň güli. Olaryň şadyýanlygy, bagtyýarlygy ýurt abadançylygyndan habar berýär. Şeýle şadyýan körpeleriň birnäçesi Gökdere jülgesindäki köpsanly çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde dynç alýarlar. Körpeleriň gülki sesleri ajaýyp mukam bolup ýaňlanýar. Çagalaryň dynç alyş möwsüminde Gökdere jülgesindäki «Çynar» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde döredilen şertler barada uly mugallym Annasoltan Baýramowa şeýle gürrüň berdi:

«Magtymguly, syrym çohdur...»

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligi şeýle bir çuň we köptaraply bolup, onuň syrlylygy, çuň many-mazmunlylygy her bir ynsany özüne maýyl edýär. Nusgawy şahyryň şygyrlaryny okan adamyň öňünde ençeme soraglar, akyl ýetirilmeli syrlar dünýäsi açylýar. Okyjy olara näçe köp jogap tapdygyça, şahyryň döredijiligi bilen has hem ysnyşýar. Okyjysyny şol syrlary açmaga imrindirmegi Magtymguly Pyragynyň gaýtalanmajak ussatlygyny alamatlandyrýar. Pyragy ony şeýle setirler bilen beýan edýär: «Magtymguly, syrym çohdur. men neýläýin açan ýokdur». Pyragynyň şeýle setirleri bar:

Beýik danany hormatlap

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan döwletli başlangyçlaryny paýhasly dowam edýän hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy üstünlikli durmuşa geçirilýär we diwersifikasiýalaşdyrylýar. Gazanylýan uly üstünlikler halkymyzyň asuda hem bagtyýar durmuşyny üpjün edýär, toý-baýramlarymyza şan berýär, Gündogaryň beýik söz ussady, akyldar Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk dabaralary uludan bellenilýär. Şu ýylyň 17-nji maýynda agşam çagynda paýtagtymyzyň günorta böleginde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Magtymguly Pyragynyň ajaýyp ýadygärliginiň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasy hem täze taryhymyza altyn harplar bilen ýazyldy. Köpetdagyň gerişlerinde, tebigy belentlikde gurlan ýadygärligiň beýikligi 60  metre, şahyryň «Türkmeniň» goşgusyndan ganatly setirler hem-de Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusyndan setirler ýazylan binýadynyň beýikligi bolsa 25 metre deňdir. Gahryman Arkadagymyzyň goşgusynyň her bir setirinde, sözünde örän çuň many bar:

Demokratiýa dabaralanýar

Ýakynda Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň ýerine şu ýylyň 7-nji iýulynda geçiriljek saýlawlara taýýarlyk işleriniň çäklerinde, saýlaw çäreleriniň tassyklanylan meýilnamasyna laýyklykda, Merkezi saýlaw toparynyň hünärmenleri tarapyndan Aşgabat şäheriniň 1-nji «Garaşsyzlyk», 2-nji «Bitaraplyk» we 6-njy «Köpetdag» saýlaw okruglarynyň çäklerinde hereket edýän uçastok saýlaw toparlarynyň agzalary bilen okuw maslahatlary geçirildi. Okuw maslahatyna milli synçylar we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem gatnaşdylar. Maslahatyň barşynda ýurdumyzda saýlaw ulgamyny döwrebap derejede kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylýan işler, şeýle-de öňde boljak saýlawlary geçirmegiň tertibi, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine girizilen üýtgetmeler hem-de goşmaçalar bilen tanyşdyryldy.

Ykbalyň bagt ýyldyzy hemmelere miýesser etsin!

Hamal (guzy 21.03-20.04) Geljek hepdede ýakyn dost-ýarlary bilen gatnaşyklarynyň ýygjamlaşmagy hamallaryň bähbidine bolar. Meseleleriňiziň çözgüdinde olara rahatlyk bilen ynanyp bilersiňiz. Iş meýilnamalaryňyz babatda tejribe toplap biljek islendik mümkinçiligiňizden peýdalanyň!

Düzgünler berjaý edilmelidir

Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen badalga alan galla oragy barha gyzyşýar. Möhüm işe kuwwatly kombaýnlardyr ýük awtoulaglary we beýleki oba hojalyk tehnikalary giňden çekilýär. Ýetişdirilen hasyly çalt we ýitgisiz ýygnamak üçin ýangyn howpsuzlygyna hem uly üns berilmelidir. Gymmatly hasyla ýangynyň howp salmazlygy üçin aşakdaky düzgünler berk berjaý edilmelidir: — oba hojalyk kärhanalarynyň ýolbaşçylary oraga gatnaşýan adamlar tarapyndan ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý edilişine jogapkär işgärleri bellemeli. Olar sürüjileriň arasynda ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý edilişi barada gözükdiriş işlerini geçirmeli;