HABARLAR

1 kilogramy 1 million 200 müň amerikan dollara deň

Dünýäde iň gymmat çaýlaryň ikisi hem Hytaý Halk Respublikasynda ýetişdirilýär. Iň gymmat bahaly çaýlaryň biri «Wuyi Tea» diýlip atlandyrylýar. Çaý ýurduň demirgazygynda Fuzýan welaýatynda ösdürilip ýetişdirilýär. Onuň bir kilogramynyň bahasy 6500 amerikan dollaryna deň. Dünýädäki iň gymmat çaýlaryň ýene biri «Da Hong Pao» diýlip atlandyrylyp, ol Hytaýyň Wi daglarynda bitýär. Onuň bir kilogramynyň bahasy 1 million 200 müň amerikan dollaryna deňdir.

Türk­me­na­bat­da Öz­be­gis­tan­da ön­dü­ril­ýän ha­ryt­la­ryň mil­li ser­gi­si

«7/24.tm»: №48 (235) 25.11.2024 2024-nji ýy­lyň 20-nji no­ýab­ryn­da Le­bap we­la­ýa­ty­nyň Türk­me­na­bat şä­he­rin­dä­ki «Türk­me­niň ak öýi» bi­na­lar top­lu­myn­da Türk­me­nis­ta­nyň we Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Ikin­ji se­bi­ta­ra fo­ru­my­nyň çäk­le­rin­de ge­çi­rilen Öz­be­gis­tan­da ön­dü­ril­ýän ha­ryt­la­ryň mil­li ser­gi­si­niň açy­lyş da­ba­ra­sy bol­dy. Oňa ýur­du­my­zyň mi­nistr­lik­le­ri­niň, pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň, we­la­ýat­la­ryň hä­kim­lik­le­ri­niň, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry­dyr we­kil­le­ri, Öz­be­gis­ta­nyň we­ki­li­ýe­ti­niň ag­za­la­ry gat­naş­dy­lar.

Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar

Düýn — Özbegistanda öndürilen harytlaryň milli sergisiniň ikinji gününde Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň II sebitara forumy geçirildi. Foruma iki ýurduň söwda, maliýe düzümleriniň ýolbaşçylary, welaýat häkimleri, hususy pudagyň wekilleri gatnaşdylar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda sebitiň ýurtlary, şol sanda Özbegistan Respublikasy bilen özara gatnaşyklar hil taýdan täze derejä çykarylyp, anyk many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Ýurtlarymyzyň arasynda deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak esasynda guralýan hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürilýär. Türkmenistan we Özbegistan netijeli hyzmatdaşlygyň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, bilelikde geljegi uly taslamalary durmuşa geçirmek üçin uly kuwwata eýedir. Şu nukdaýnazardan, şu gezekki duşuşyk ileri tutulýan ugurlarda gatnaşyklary giňeltmäge mümkinçilik berer.

Ýurdumyzyň ulag diplomatiýasy

Gatnaşyklary açmakda-da, berkitmekde-de, ösdürmekde-de, ilki bilen, haýyrly boljak, oňyn ýollar gözlenilýär. Ynsanlaryň kalbyna barýan sahawat, ýagşylyk ýollary durmuşa many berýär. Onuň manylaryndan mazmunlar döräp, il-ýurt bähbitli sahawatly işleriň binýady emele gelýär. Uludan-uly ähli zatlaryň kiçiden-kiçi materiýalardan düzülişi ýaly, halkara gatnaşyklaryndaky umumadamzat ähmiýetli beýik ýörelgeler hem parasatly döwlet işgärleriniň ählumumy bähbitleri nazarlaýan taglymatlaryndan döreýär. Gahryman Arkadagymyzyň dür paýhasyndan gözbaş alýan Türkmenistanyň ulag diplomatiýasy onuň buýsançly dabaralanmasydyr. Bilşimiz ýaly, 2023-nji ýylyň maýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen her ýylyň 26-njy noýabryny «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýip yglan etmek hakynda Kararnama kabul edildi. Halkara jemgyýetçiliginiň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly tagallalaryna  bildirýän beýik buýsanjyny alamatlandyrýan bu ajaýyp baýramçylyk dünýäde parahatçylyga, ynanyşmaga, hoşniýetli gatnaşyklara barýan ajaýyp dostluk ýoluny açdy. Munuň özi türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň dünýäniň jebis bir maşgaladygy, nesillerimize parahatçylyg

Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilýän harytlaryň gözegçilikli iberilmegi nähili amala aşyrylýar

Türkmenistanyň Gümrük kodeksiniň 348-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilýän harytlaryň gözegçilikli iberilmegi operatiw-agtaryş çäresi bolup durýar, onda operatiw-agtaryş işini amala aşyrýan edaralaryň rugsady bilen we gözegçiligi astynda Türkmenistanyň gümrük çägine getirilmegine, bu çäkden alnyp gidilmegine ýa-da bu çäkde getirilen harytlaryň ondan-oňa geçirilmegine ýol berilýär. Harytlar gümrük serhedinden geçirilende gözegçilikli ibermek harytlaryň bikanun dolanyşygy bilen bagly jenaýatlaryň öňüni almak, olary ýüze çykarmak, olara ýol bermezlik we olaryň üstüni açmak maksady bilen amala aşyrylýar.

Sanly çözgütler

Ýakynda paýtagtymyzda telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2024» atly XVII halkara sergisi we ylmy maslahaty geçirildi. Ýurdumyzda maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary, ýokary tehnologiýalar, innowasiýalar, telekommunikasiýa ulgamlarynda ýetilen sepgitleri tanyşdyrmagy maksat edinýän bu halkara forumyň her ýylda geçirilmegi bu ugurda zähmet çekýän hünärmenleriň tejribe alyşmagyna mümkinçilik döredýär.

Möhüm ulgam — ROWAÇ MENZILLERDE

Ýurdumyzda ulag ulgamyny toplumlaýyn ösdürmäge hem-de hil taýdan täze derejä çykarylmagyna yzygiderli üns berilýär. Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýylyň 16-njy maýynda Birleşen Milletler Guramasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda, Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda 26-njy noýabry «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýip yglan etmek hakynda Kararnama kabul edildi. Şoňa laýyklykda, Türkmenistan BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleri, şol sanda Ýewropa ykdysady komissiýasy, BMG-niň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we Durmuş komissiýasy bilen ýakyn hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda yzygiderli çykyş edýär. Şeýle netijeli hyzmatdaşlyk ägirt uly tebigy serişdeleri bolan we Ýewraziýa giňişligindäki esasy ýollaryň çatrygynda amatly ýerleşen Merkezi Aziýanyň häzirki zaman ösüşiniň meýillerine laýyk gelýär. Çäginden Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm ugurlary geçen, geografik taýdan amatly ýerde, sebit hem-de sebitara gatnaw ýollarynyň çatrygynda ýerleşmek bilen Ýewraziýanyň halkara ýük akymlarynyň köp bölegini özünde jemleýär. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, irki döwürlerde-de, häzirki wagtda hem ýollar ýurtlary birleşdirýär, halklary dostlaşdyrýar, ulaglar bolsa, dünýäniň

Çar ýana uzaýar nurana ýollar

Ulag babatynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň sessiýalarynda diňe soňky ýyllarda döwletimiziň öňe süren başlangyçlary boýunça Kararnamalaryň birnäçesi kabul edildi. Şolaryň birisi geçen ýylyň maý aýynda kabul edilen «Bütindünýä durnukly ulag güni» atly Kararnamadyr. Her ýylyň 26-njy noýabrynda dünýä ýurtlary bu güni dabaraly belleýärler. Ýurdumyz täze sebit we sebitara ulag-aragatnaşyk düzümini döretmekde möhüm ähmiýetli merkeze öwrüldi. Türkmenistanyň geoykdysady taýdan amatly ýerde ýerleşmegi bolsa ulag ulgamyny ösdürmekde öňbaşçy bolmaga şert döredýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, durnukly ösüş maksatlarynyň arasynda ulag babatyndaky ösüşler iňňän ileri tutulýan wezipe bolup durýar. Ulag babatyndaky ösüşleriň esasynda Gahryman Arkadagymyzyň dünýä jemgyýetçiliginde gyzgyn goldaw tapan Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek ýaly asylly başlangyjy durýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda ulag ulgamy boýunça halkara derejeli çäreler yzygiderli geçirilýär. Ata Watanymyz yklymara ulag-logistika üpjünçilik ulgamlaryny döretmäge hem işjeň gatnaşýar, Demirgazyk — Günorta, Günbatar — Gündogar ugurlary boýunça Aziýa bilen Ýewropany birleşdirýän

Işleri ileri kärhanada

Welaýat «Miwe» oba hojalyk senagat birleşiginde häzirki günlerde daýhan birleşikleri, daýhan hojalyklary we hususy önüm öndürijiler bilen baglaşylan şertnamalar esasynda gök önümleri kabul etmek işleri gyzgalaňly dowam edýär. Taýýar önümleriň müňlerçe tonnasy senagat birleşiginiň düzümindäki uly sowadyjylara ýerleşdirilýär.Türkmen telekeçileri tarapyndan alty ýyl mundan öň gurlan bu ammarlardaky uly sowadyjylar hil taýdan örän ýokary bolup, islendik azyklyk gök-miwe önümlerini terligine uzak wagtlap saklamaga mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda bu ýerde şeýle sowadyjy ammarlaryň ikisi bolup, olaryň biri 1 müň, beýlekisi bolsa 3 müň tonna önümleri terligine saklamaga niýetlenilendir. Kärhana degişli bolan ýük ulaglarynyň hem aglabasynyň sowadyjyly bolmagy azyklyk önümleriň terligine daşalmagyny üpjün edýär.

Ätiýaçlandyryş ulgamy

Belli bir ulgamyň tapgyrlaýyn ösüşini kepillendirmek üçin, galyberse-de, adamlaryň dürli tebigy, ykdysady, ekologiýa taýdan zyýanly önümçiliklerden goraglylyk ýagdaýlaryna taýýarlykly bolmaklary üçin ätiýaçlandyryş hökmanydyr. Bu ulgam häzirki wagtda ýurdumyzda gün geçdigi saýyn has-da rowaçlanýar. Ýurdumyzyň bazar ykdysadyýetine geçýän häzirki şertlerinde durnukly ösüşi üpjün etmek döwletiň baş maksady bolup durýar. Geçen döwürde halkyň ykdysady, ýaşaýyş-durmuş derejesini durnukly ösdürmek maksatlaryndan ugur alyndy. Şol sebäpden durnukly ykdysady ösüşi kepillendirýän ätiýaçlandyryş ulgamyna aýratyn üns berilýär. Häzirki wagtda bazar ykdysadyýetine geçiş şertlerinde telekeçilik işiniň ugry hökmünde ätiýaçlandyryşyň esaslary kesgitlenilýär. Şunlukda, ykdysady ýagdaýlaryň üýtgemegi bilen baglylykda bazar ykdysadyýetine halkara ölçeglerini girizmek babatynda netijeli işler amala aşyrylýar. Munuň üçin ätiýaçlandyrylyşa bildirilýän islegleriň we talaplaryň mümkin boldugyça doly kanagatlandyrylmagy zerur bolup durýar. Şol sebäpli hem «Ätiýaçlandyryş hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Bu Kanun häzirki wagtda ätiýaçlandyryş işiniň hukuk esaslaryny düzgünleşdirýär. Hut şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Döwlet ätiýaç