Nebitçileriň döwrebap işleri

18 Noýabr 2024
186

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz döwlet derejesindäki geçirýän mejlislerinde, maslahatlarynda, edýän maksatnamalaýyn çykyşlarynda, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli kabul edýän Kararlarydyr çözgütlerinde ýangyç-energetika pudagyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegi, şonuň bilen birlikde-de, gazylyp alynýan tebigy baýlyklary gözläp tapmagy we çykarmagy, täze ýataklary özleşdirmegi, uglewodorod çig mallaryny gaýtadan işläp, ýokary hilli harytlyk görnüşine getirmek boýunça göz öňünde tutulan taslamalary durmuşa ornaşdyrmagy, türkmen energiýa serişdelerini täze geçirijiler arkaly daşary ýurtlara ibermegi diwersifikasiýa ýoly bilen dowam etmegi baş wezipe hökmünde nygtaýar.

Şeýle belent wezipeleriň toplumlaýyn çözgüdini üpjün etmekde bu ulgamyň iň iri önümçilik-hojalyk düzümi bolup durýan «Türkmennebit» döwlet konserni boýunça Diýarymyzyň günbatar sebitinde bitirilýän işler barha giň gerime eýe bolýar. Nebiti, tebigy gazy we ugurdaş gazlary, gaz kondensatyny çykarmagy, gözleg-barlag we ulanyş guýularyny burawlamagy, ýangyç çig mallaryny turbageçirijiler arkaly ibermegi, gaz gysyjy we saýlaýjy desgalary gurmagy, abadanlaşdyrmagy, guýularyň düýpli we ýerasty abatlaýyş işlerini amala aşyrmagy üpjün edýän kärhanalaryň onlarçasyny özünde jemleýän konsern boýunça şu ýylyň hasabat döwründe zemin jümmüşinden alnan «gara altyndyr» «mawy ýangyjyň» möçberleri, degişlilikde, 3 million 126,2 müň tonna we 3 milliard 265 million kub metre barabar boldy. Şunda konsern boýunça guýulardan «gara altyn» çykarmagyň bellenilen meýilnamasy 74 müň 312 tonna artygy bilen berjaý edildi.

Hojaberdi BAÝRAMOW,
«Nebit-gaz».