HABARLAR

TÄJIGISTAN 30 GÖTERIM ÝOKARLANDY

2024-nji ýylyň birinji ýarym ýyllygynda Täjigistanyň daşary söwda dolanyşygy 4,4 milliard amerikan dollaryna deň boldy. Bu görkeziji 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 30 göterim ýokarydyr. Hususan-da, ýurduň eksporty 1 milliard amerikan dollaryndan gowrak, importy bolsa 3,4 milliard amerikan dollaryndan gowrak boldy. Hasabat döwründe Täjigistan dünýäniň 106 döwleti bilen söwda amallaryny amala aşyrypdyr. Ýurduň esasy daşary söwda hyzmatdaşlary bolsa Russiýa Federasiýasy, Hytaý, Gazagystan hem-de Şweýsariýa bolupdyr.

KOFE BAHASY SOŇKY 15 ÝYLLYKDA 4300 amerikan dollaryna ýetdi

Häzirki wagtda dünýä bazarynda kofäniň bahasy çalt depginde gymmatlamagyny dowam etdirýär. Bahalar eýýäm soňky 15 ýyllykdaky rekordy täzeledi. Dowamly gymmatlamadan soňra kofäniň bahasy her tonna üçin ortaça 4 müň 300 amerikan dollaryna ýetdi. Bu bolsa soňky 15 ýyllykdaky rekord görkezijidir. Hususan-da, iň gymmat görnüşleriň biri bolan «Arabicanyň» dünýä bazaryndaky bahasy 2024-nji ýylyň dowamynda 30 göterim ýokarlandy. Iň arzan görnüşleriň biri bolan «Robusta» bolsa geçen ýyldakydan 65 göterim gymmatlady.

«DUTY FREE» dükanynda 7,5 million amerikan dollarlyk söwda

GDA girýän ýurtlaryň biriniň raýaty bolan syýahatçy Türkiýedäki howa menziliniň çägindäki «Duty Free» dükanyndan eden söwdasy bilen köpleri geň galdyrdy. Has takygy, ol syýahatçy bir gezekde dükandan 7,5 million amerikan dollarlyk söwda edipdir. Türk metbugatynyň berýän habaryna görä, gürrüňi edilýän syýahatçy howa menzilindäki «Duty Free» dükanyndan gymmatbahaly sagat we şaý-sepleri satyn alypdyr. Bu sahy müşderiniň Azerbaýjanyň raýaty bolan erkek adamdygy hem habarlarda bellenilýär. Emma müşderi barada doly maglumat beýan edilmändir.

Halk bähbitli işler

Häzirki ajaýyp döwrümizde ýurdumyz beýik ösüşlere beslenýär. Ykdysadyýetde, senagatda, ulag ulgamynda, ylym-bilimde, medeniýetde, umuman, ähli ugurlarda gazanylýan belent üstünlikler halkymyzyň röwşen geljegini üpjün edýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen durmuşa geçirilýän beýik işler ildeşlerimiziň köňül buýsanjyny goşalandyrýar. Çünki bu beýik işler ösüşleriň berk binýady bolup, halkymyza bagtyýarlygy peşgeş edýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly hem uly üstünliklere, beýik ösüşlere beslenýär. Şu ýylyň özünde Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda ýerleşýän Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň we Ak bugdaý etrabynyň Ýaşlyk şäherçesinde agyz suwuny arassalaýjy desganyň açylmagy hem aýratyn bellärliklidir. Häzirki wagtda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» esasynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny, şol sanda senagat we gurluşyk önümçiligi pudagyny ösdürmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Senagat taýdan uly ähmiýetli bolan bu desgalar hem halkymyzyň eşretli durmuşy üçin gönükdirilendir. Ilkinji nobatda, raýatlarymyza täze iş orunlarynyň, ol ýerde zähmet ç

Sanly ulgamyň mümkinçilikleri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Şonuň netijesinde bilim edaralarynda, şol sanda umumybilim berýän mekdeplerde hem ýaş nesle berilýän bilimiň hili we mazmuny yzygiderli kämilleşdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze tehnologiýalardan peýdalanylmagy, ylmyň soňky gazananlarynyň hem-de okatmagyň innowasion usullarynyň bilim ulgamyna ornaşdyrylmagy bilimiň hilini ýokarlandyrmaga ýardam berýär. Ýaşlara dünýä derejesinde bilim-terbiýe bermekde sanly bilim ulgamyna aýratyn orun degişlidir. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, bu ugurda alnyp barylýan işlerde has ýokary netijeler gazanylýar. Şunda bilim edaralarynyň arasynda özara ýeke-täk bilim toruny döretmek, ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak esasy wezipe bolup durýar.

Sazlaşykly ösüşler bilen röwşen geljege

Halkymyzyň bolelin durmuşyny üpjün etmek berkarar döwletimizde amala aşyrylýan ykdysady syýasatyň esasy wezipesidir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň 12-nji iýulda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde biz bu hakykata ýene bir ýola göz ýetirdik. Milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýurdumyzy ösdürmegiň maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişi we ikinji ýarym ýyllyk üçin ileri tutulýan wezipeler eziz Watanymyzyň rowaçlyklaryň ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny doly tassyklaýar. Ykdysadyýetde alty aýlyk möhlet gazanylan netijeleri içgin seljermäge hem-de şolaryň esasynda geljekki maksatlary kesgitlemäge mümkinçilik berýän möhüm sepgit hasaplanýar. Şoňa görä-de, 2024-nji ýylyň birinji ýarymynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüşini kesgitleýän esasy görkezijileriň oňyn häsiýete eýe bolmagy halk hojalygynyň pudaklarynyň sazlaşykly ösýändigini görkezýär. Mejlisde habar berlişi ýaly, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,3 göterime, jemi öndürilen önümiň ösüşi bolsa 11,5 göterime deň boldy. Bu bolsa ýurdumyzda ykdysadyýetiň pudaklaryny sazlaşykly ösdürmek, innowasion tehnologiýalar esasynda ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleriň öndürili

Geçginli önümler öndürilýär

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Türkmenabat pagta egriji fabriginde ýokary hilli nah ýüplükleriň öndürilişi barha ýokarlandyrylýar. Fabrikde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ýokary hilli nah ýüplükleriň 20-lik, 27-lik, 34-lik ýaly görnüşleriniň 2 müň 872 tonnasy öndürilip, alty aýlyk iş meýilnamasy üstünlikli berjaý edildi. Degişli döwürde öndürilen önümleriň pul hasabyndaky möçberi 93 million 736 müň 950 manatlyga deň boldy. Şeýle-de geçen alty aýda fabrigiň hil taýdan ýokary bolan nah ýüplükleriniň 1 müň 452 tonnasy, pul hasabynda bolsa 46 million 161 müň 514 manatlygy eksporta ugradyldy. Doly awtomatlaşdyrylan usulda dolandyrylýan bu dokma kärhanasynda işçi-hünärmenleriň 580-e golaýy yhlasly zähmet çekýär.

Azyk syýasaty: bolçulyk we köpugurlylyk

Durmuş-ykdysady strategiýanyň çäklerinde ýurdumyzda azyk bolçulygyny mundan beýläk-de üpjün etmekde, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmakda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Şunda ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolan oba hojalygyny sazlaşykly ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. 12-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hem hormatly Prezidentimiz obasenagat toplumyny ösdürmäge möhüm strategik ugur hökmünde garap, öňde wajyp wezipeleriň durandygyna ünsi çekdi. Häzirki wagtda oba hojalyk pudagyna uly möçberde gönükdirilýän maýa goýum serişdeleriniň netijesinde, bu ugurda ýurdumyzyň ähli sebitleri çalt depginler bilen ösdürilýär. Iň gowy dünýä tejribelerini önümçilige ornaşdyrmak arkaly oba hojalyk pudagy yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Daýhanlaryň öndürijilikli işlemegi, toprakdan bol hasyl almagy üçin ähli şertler döredilýär, olar topragyň berekedini artdyrýan mineral dökünler, tohumlar we ekinleriň zyýankeşlerine garşy ulanylýan himiki serişdeler bilen doly üpjün edilýär. Ekin meýdanlaryny işläp bejermek, ýetişdirilen hasyly çalt we ýitgisiz ýygnap almak maksady bilen, ýokary öndürijilikli tehnikalar satyn alynýar.

Maldarçylyk — hemmetaraplaýyn amatly ugur

Geljekde mundan-da ileri tutuljak pudak Awçylykdan maldarçylyga, çarwaçylykdan daýhançylyga geçmek, soňy bilenem senagat arkaly şäherleşme — taryhy ösüşiň basgançaklary. Ýöne munuň özi bu ugurdyr ulgamlaryň düýpden ýitip gitmegini aňlatmaýar. Gaýtam, dünýäniň ählumumylaşýan häzirki döwründe ylmyň hem tehniki usullaryň ösmegi bilen, her zady öz ýerinde ulanmaga, özi-de tebigata zeper ýetirmezden, has netijeli peýdalanmaga düýpgöter täze şertler döreýär. Biziň ýurdumyzyň tebigy şertleri we ösüş tejribesi, munuň üstesine telekeçiligi goldamakda alnyp barylýan oýlanyşykly döwlet syýasaty maldarçylygyň yzygiderli ilerlemeginde aýratyn oňyn mümkinçilikleri döredýär.

Täze kärhananyň batly gadamlary

Hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz ýurdumyzda hususy telekeçiligi ösdürmek, bu ugurda zähmet çekýän adamlar üçin zerur şertleri döretmek babatdaky taýsyz tagallalaryndan ýerlikli peýdalanyp, netijeli hereket edýän önümçilik kärhanalary welaýatymyzda hem az däl. Olaryň biri-de Boldumsaz etrabynyň Gubadag şäheriniň senagat zolagynda ýerleşýän, azyk we iýmit önümlerini öndürýän «Sadaja» toplumydyr.