Berkarar Watanymyzyň ykdysadyýetiniň ösüş depgini elektrik energiýasynyň bolelin öndürilmegi bilen baglanyşyklydyr. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyny üpjün edýän esasy zerurlyklaryň biri bolan elektrik energiýasyny öndürmek wezipesi döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Şunuň bilen baglylykda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanda ähli ulgamlar bilen bir hatarda elektroenergetika pudagy hem ýokary depginde ösdürilýär.
Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen pudagyň düzümi gazturbinaly elektrik beketleri bilen yzygiderli ýetirilip dur. Energiýa üpjünçilik ulgamy, paýtagtymyzyň we beýleki şäherleriň hem-de ilatly ýerleriň yşyklandyryş üpjünçiligi yzygiderli gowulandyrylýar. Bu ulgamda düýpli özgerişlikleriň durmuşa geçirilmegi iri senagat toplumlaryny, köpsanly durmuş maksatly desgalary elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek bilen bir hatarda onuň belli bir möçberini goňşy döwletlere ugratmaga hem mümkinçilik berýär. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň eksporta iberýän elektrik energiýasynyň möçberiniň görnetin artmagy döwletimiziň energetika babatynda dünýä ykdysady giňişliginde ygtybarly hyzmatdaş hökmündäki ornuny has-da berkitdi. Häzirki wagtda Türkmenistan bir bitewi Merkezi Aziýa energiýa ulgamyna işjeň goşulmak bilen, türkmen elektrik energiýasyny halkara ugurlar boýunça ibermegiň möçberleriniň artdyrylmagy üçin goşmaça mümkinçilikleri döretmekde möhüm orny eýeleýär.