«Kerki-500» — döwrebap elektrik bekedi
Şu ýylyň başynda hormatly Prezidentimiz Akina — Andhoý menzilleriniň arasyndaky 30 kilometrlik demir ýoluň, Kerki — Şibirgan ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt bolan 153 kilometrlik elektrik geçiriji ulgamyň, şeýle hem Ymamnazar — Akina hem-de Serhetabat — Turgundy optiki-süýümli halkara ulgamyň açylyşyna ak pata berdi. Şeýle desgalaryň ulanylmaga berilmegi Owganystanyň senagat we durmuş-üpjünçilik ulgamlarynyň dikeldilmegine, ýurduň ykdysady taýdan ösüşine kuwwatly itergi berer. Ýurdumyzda elektrik toguny artdyrmak barada uly wezipeler öňde goýulýar we amala aşyrylýar. Bu babatda goňşy Owganystan döwletine iberilýän kömek — elektrik togy uly ähmiýete eýedir. Öň owgan halkyna 110 kilowoltlyk geçiriji arkaly elektrik energiýasy iberilýärdi. Häzirki wagtda täze ulgamyň işe girizilmegi bilen kuwwatlylygy babatda sebitde ýeke-täk hasaplanylýan «Kerki-500» elektrik bekedi Owganystana 220 kilowoltlyk elekt