Ykdysadyýetiň rowaç ugry

18 Fewral 2021
1194

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti kemala getirmekde iň täze we döwrebap tehnologiýalara esaslanylýar. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» kabul edilmegi bu ugurda möhüm çözgütleriň biri boldy.

Şeýle hem şu ýylyň 12-nji fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiziň gol çeken Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny hem-de şu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň Meýilnamasyny tassyklamak hakyndaky Kararyny aýratyn bellemegimiz gerek. Munuň özi ýurdumyzyň ykdysady taýdan durnukly ösmegine kuwwatly itergi berjek öňdebaryjy sanly ulgamy kemala getirmekden, sanly hyzmatlaryň hilini yzygiderli ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Şeýle döwrebap işleriň netijesinde türkmen halky gündelik durmuşda, okuwda we işde, her ädimde häzirki zaman tehnologiýalarynyň giň mümkinçiliklerinden hem-de artykmaçlyklaryndan doly peýdalanýarlar. Bu ugurda alnyp barylýan tapgyrlaýyn özgertmeler ýurdumyzda uzak möhletleýin we köptaraplaýyn ykdysady ösüşi gazanmaga, jemi içerki önümiň düzüminde maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň paýynyň artdyrylmagyna, düýpli döwlet dolanyşygynyň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna itergi berýär. Döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy pudaklarda täze iş orunlarynyň döredilmegine ýardam bermek bilen halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini düýpli gowulandyrmaga hem gönükdirilendir.

Annadursun TATOWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar