HABARLAR

Lebaply işewürler dünýä bazarynda

Eksporta önüm we haryt ibermäge ymtylýan telekeçileriň sany barha artýar. Içerki bazary zerur bolan önümler we harytlar bilen üpjün edip ugran lebaply telekeçileriň täze bazarlary gözläp başlamaklary olaryň iş tejribeleriniň has artýandygyny, öz işlerinde barha kämilleşýändiklerini aýdyň görkezýär. Döwlet goldawynyň netijesinde telekeçileriň innowasion tehnologiýalara esaslanýan önümçilikleri, şol sanda döwrebap ýyladyşhanalar toplumlaryny işledip başlamaklary içerki bazary has baýlaşdyrdy. Bu bolsa daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň öwezini dolýan önümleriň bolçulygyny döretdi, artyk öndürilýän önümleri eksporta ibermek mümkinçiligini giňeltdi. Ýogsa-da Türkmenistan döwletimiziň eksporta niýetlenilen önümçiligi artdyrmagy milli ykdysadyýeti ýokary derejede ösdürmegiň baş strategiýasy hökmünde öňe sürýändigini hem belläp geçeliň.

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 15-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna BAE-niň, Türkiýäniň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Azerbaýjanyň telekeçileri nah ýüplügi, tekiz reňklenen we tüýjümek žakkard önümleri satyn aldylar. Geleşikleriň bahasy ABŞ-nyň 6 million 224 müň dollaryndan gowrak boldy.

Bäsdeşlige ukyply önümler bazardaky ornuny pugtalandyrýar

Öňňin Gökdepe etrap merkezinde etrapdaky Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky Dokma toplumynyň tikinçilik bölüminiň durky döwrebaplaşdyrylan binasynyň işe girizilmegi hem-de bu binada täze «Gala» dükanynyň açylmagy mynasybetli dabara geçirildi. Oňa etrap häkimliginiň, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, il sylagly ýaşulular, mährem eneler, şeýle-de dokma senagaty pudagynyň işgärleri gatnaşdy. Dabarada gutlag sözleri bilen çykyş edenler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň dokma pudagynyň önümçilik kuwwatyny has-da ýokarlandyrmakda, daşary ýurtlardan getirilýän dokma önümleriniň ornuny tutýan hem-de daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyply eksport ugurly taýýar önümleriň öndürilýän möçberlerini artdyrmakda, ilaty ýokary hilli dokma önümleri bilen üpjün etmekde Gökdepäniň Dokma toplumynda işleýän işçileriň saldamly goşandynyň bardygyny guwanç bilen bellediler. Gürrüňi edilýän toplumyň tikinçilik bölüminiň durky döwrebaplaşdyrylan binasynyň işe girizilmeginiň, ol ýerde «Gala» dükanynyň açylmagynyň ähmiýeti dogrusynda aýdylanlar dabara gatnaşyjylar tarapyndan gyzgyn garşylandy. Bellenilişi ýaly, bularyň ählisi öndürilýän önümiň möçberini artdyrmakda, hilini has-da ýokarlandyryp, bäsdeşligini ýokarlandyr

Ösüşleriň röwşen ýoly

Öňňin Aşgabat şäheriniň güni we Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzda ýerleşýän Söwda-senagat edarasynda guralan «Ak şäherim Aşgabat» atly XX köpugurly halkara sergi öz işini üstünlikli jemledi. Ýurdumyzyň hem-de paýtagtymyzyň köpugurly ösüşini, eýe bolýan netijeli özgerişini ählitaraplaýyn açyp görkezen bu gözden geçirilişde ýurdumyzyň dürli pudaklary — Nebit we gaz, nebithimiýa, ulag, aragatnaşyk we kommunikasiýalar, energetika, dokma senagaty, obasenagat toplumy, saglygy goraýyş, bilim, medeniýet, sport, syýahatçylyk, neşirýat, telekeçilik ýaly pudaklar özleriniň işlerinde iň täze ýeten sepgitlerini, gazanan netijelerini görkezdiler. Sergide guralan diwarlyklarda Watanymyzyň hemmetaraplaýyn ösüşi aýdyň şöhlelendirildi. Sergide milli Liderimiziň halkymyza sowgat eden «Ak şäherim Aşgabat» atly täze kitabynyň neşir önümleriniň arasynda aýratyn orun eýelemegi serginiň ähmiýetini has-da artdyrdy. Köpugurly halkara serginiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Soňra sergä gatnaşyjylaryň ählisine degişli şahadatnamalar we diplomlar gowşuryldy.

Döwrebap binalar — kämil hyzmatlar

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bank ulgamy yzygiderli kämilleşdirilýär, müşderilere hödürlenilýän hyzmatlar ulgamyna dünýä tejribesini, öňdebaryjy usullary we täzeçil tehnologiýalary ornaşdyrmak, milli töleg ulgamynyň mümkinçiliklerini artdyrmak, banklaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak işleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Raýatlarymyza amatly mümkinçilikleri döretmek, olara ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň hilini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen banklaryň täze, häzirki zaman binalary gurulýar hem maliýe we maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylýar. 2021-nji ýylyň 12-nji aprelinde hormatly Prezidentmiziň ak pata bermegi bilen ýurdumyzyň iri banklarynyň ikisiniň, ýagny Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň hem-de «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň täze binasynyň açylyp, ulanylmaga berilmegi-de muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik banky ýurdumyzda ilkinji täjirçilik banklarynyň biri hasaplanylýar. Bu ýerde goýumlary kabul etmek, milli we daşary ýurt walýutasynda amallary geçirmek, «Ýyldyrym» içerki pul ibermeleriniň ulgamyny hem-de «Western Union» halkara elektron ulgamynyň işini alyp barmak hyzmaty ýola goýlandyr. Şeýle-de bankda müşderilere gysg

Kiçi göwrümli karzlar

Ýurdumyzyň bank ulgamynda durnukly durmuş-ykdysady ösüşi üpjün etmäge, hyzmatlaryň hilini kämilleşdirmäge uly mümkinçilikler döredilýär. Şolaryň biri kiçi göwrümli karz serişdeleriniň berilmegidir. Türkmenistanyň karz edaralary tarapyndan ykdysadyýetiň dürli pudaklaryny karzlaşdyrmak bilen bir hatarda bellenilen tertipde bölünip berlen melleginde (ýer böleginde) şahsy hojalygyny ýöredýän raýatlara kiçi göwrümli karzlaryň berilmegi dowam etdirilýär. Bu bolsa şahsy hojalyklaryň sanynyň we işleriniň artmagy netijesinde bazar gatnaşyklarynyň we milli ykdysadyýetimiziň ösmegine, häzirkizaman telekeçilik ulgamynyň emele getirilmegine, hususy bölegiň oba hojalyk, azyk, ýeňil senagat we hyzmatlar ulgamynda ösdürilmegine ýardam berýär.

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 30-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Özbegistanyň, Owganystanyň, Gyrgyzystanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, tehniki kerosini we senagat ýagyny satyn aldylar. Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen suwuklandyrylan gaz owganystanly işewürleriň geleşikleriniň esasyny düzdi.

Kiçi göwrümli karzlar — önümçilige mümkinçilikler

Milli Liderimiziň ilaty ýerli önümler bilen üpjün etmek baradaky taýsyz tagallalarynyň netijesinde, ýurdumyzda oba hojalygy bilen meşgullanyp, bol mukdarda önüm öndürýän raýatlarymyzyň sany barha artýar. Oba hojalyk pudagyny ösdürmekde, ýurtda azyk bolçulygyny döretmekde hem-de öndürilen önümler üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmeginde barha kämilleşýän dürli bank hyzmatlaryny ýerine ýetirmek bank ulgamynyň hünärmenleriniň öňünde goýlan esasy wezipeleriň biridir. Muňa mysal edip, banklarda kiçi göwrümli karzlar ulgamyny ösdürmek hem-de bank hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek, şeýle hem bellenilen tertipde bölünip berlen melleginde (kömekçi hojalyklaryndaky, ýaýlalardaky ýer böleginde) şahsy hojalygyny ýöredýän raýatlara goldaw bermek, ekerançylygy, maldarçylygy ösdürmek, oba hojalyk önümlerini öndürmek üçin ýyllyk 10 göterim bilen 30 müň manada çenli 3 ýyl möhletli, 6 aýa çenli ýeňillikli karzlar berilýär.

Ylma we tehnologiýa daýanyp

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýan ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasy bilen Diýarymyzy senagat taýdan ösdürmek, dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň hataryna goşmak, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak boýunça belent wezipeler goýuldy. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda ekologiýa ugurly önümleri çykarýan önümçiligi ösdürmek üçin taýsyz tagallalar edýär. Muňa Ahal welaýatynda gurlan tebigy gazdan benzin öndürýän zawody mysal getirip bolar. Bu möhüm maýa goýum taslamasy döwlet Baştutanymyzyň başyny başlan ýurdumyzyň energetika strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň ýolunda nobatdaky ädimdir. Täze zawod öz keşbi bilen iň häzirki zaman äpet uly ylmy-tehniki barlaghanany ýatladýar. Bu ýerde ýokary basyşyň astynda hem-de örän uly temperaturalarda çylşyrymly himiki reaksiýa — gazyň suwuk uglewodoroda öwürmegi amala aşyrylýar. Zawodda çykarylýan sintetik ýangyç örän kämil ekologiýa häsiýetleri bilen tapawutlanýar. Milli Liderimiziň ak pata bermeginde açylyp ulanylmaga berlen bu zawod ylmyň we tehnologiýanyň täze gazananlaryny özünde jemleýär.

Ýangyç-energetika toplumynyň işi kämilleşdirilýär

Milli Liderimiz tebigy gazdan benzin öndürýän zawoda baryp gördi we iri gurluşyklary dikuçardan synlady 20-nji maýda döwlet Baştutanymyz Ahal welaýatynda gurlan iň döwrebap senagat toplumynyň — tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň işi bilen tanyşdy hem-de nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary bilen onuň ikinji nobatdakysyny gurmak boýunça pikir alyşdy. Şeýle hem dikuçardan birnäçe iri desgalaryň gurluşyk işleriniň barşyny synlady.