Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, soňky on ýylda Türkmenistanyň önümçilik pudagyna ägirt uly möçberde döwlet hem-de daşary ýurt maýa goýumlary gönükdirildi. Milli ykdysadyýetimizi yzygiderli we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek üçin pugta binýadyň döredilmegi uly ähmiýete eýe boldy. Şunuň bilen baglylykda has iri maýa goýumlaryň nebitgaz pudagyna gönükdirilendigi täze mümkinçilikleri açdy.
Şeýle hem, ähli pudaklara öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga, eksport ugurly we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän, Diýarymyzda çykarylýan önümleriň hilini gowulandyrmaga gönükdirilen önümçilikleri döretmäge uly üns berilýär.