Milli ykdysadyýetimizde kämil bank hyzmatlary
Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda köpugurly, uly möçberli ykdysady özgertmeler amala aşyrylýar. Şeýle tagallalar, ilkinji nobatda, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga, ykdysady ösüşlere okgunly häsiýet bermäge gönükdirilendir. Ýurdumyzy senagatlaşdyrmaga, ýerli önüm öndürijileri höweslendirmäge, alyjylaryň satyn alyjylyk ukyplaryny ýokarlandyrmaga gönükdirilen möhüm işlerden ýurdumyzyň bank edaralary hem çetde durmaýarlar. Olar öňde goýlan jogapkärli wezipeleri üstünlikli amala aşyrmakda möhüm hyzmatlary ýerine ýetirýärler. Alnyp barylýan işlere giň gerim bermek maksady bilen ýurdumyzyň milli ykdysadyýetine döwrebap sanly tehnologiýalar we innowasion häsiýetli täjirçilik usullary giňden ornaşdyrylýar. Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky hem müşderilerine döwrebap hyzmatlaryny hödürleýär. Interneti ulanyjylaryň sanynyň günsaýyn artýan şertlerinde häzirki wagtda «Internet-bank», «Mobil-bank» hyzmatlary has ýörgünli bolýar. Bu hyzmatlaryň üsti bilen, karz edarasyna barmazdan, nagt däl amallaryň birnäçesini, tölegleri geçirip bolýandygyny belläp geçmek ýerlikli bolar. «Internet-bank» hyzmatynyň esasy amatlylyklarynyň biri-de günüň islendik wagtynda, bankyň we beý