HABARLAR

Durnukly ösüşiň möhüm ugry

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda maýa goýum syýasatyny berjaý etmek boýunça döwlet Maksatnamalary kabul edilýär hem-de durmuşa ornaşdyrmak bilen bagly işler üstünlikli amala aşyrylýar. Maýa goýum syýasaty ýurdumyzyň mundan beýläk hem ýokary depginli ösüşini üpjün etmäge, täze iş ýerlerini döretmäge we ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga giň mümkinçilikler berýär. Ýurdumyzda amala aşyrylýan maýa goýum taslamalary ykdysady we täjirçilik taýdan bähbitli bolmak bilen, sebitdäki we onuň çäkleriniň daşyndaky umumy ýagdaýa oňyn täsirini ýetirmäge, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilendir.

Bedew batly beýik işler

2021-nji ýylyň birinji ýarymynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň jemleri Ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň meýilnamalarynyň ýerine ýetirilişiniň seljermesiniň netijelerine laýyklykda, hasabat döwründe jemi içerki önüm 6,1 göterim artdy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 5,2 göterim ýokarlandy. Ýanwar-iýun aýlarynda 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bölek-satuw haryt dolanyşygy 17,5 göterim, daşary söwda dolanyşygynyň möçberi bolsa, 3,5 göterim ýokarlandy. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky geçen ýylyň degişli döwrüne görä, 10,5 göterim köpeldi. Alty aýyň netijeleri boýunça gurluşyk we durkuny täzelemek işleri göz öňünde tutulan 259 desganyň 34-sinde gurluşyk işleri tamamlandy, 166 desgada bolsa gurluşyk-gurnama işleri alnyp barylýar. 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende şu ýylyň alty aýynda hojalyk düzümlerine berlen karz serişdeleriniň möçberi artdy. Kiçi we orta telekeçilige goldaw bermek üçin berilýän ýeňillikli karz serişdeleriniň möçberi 2,6 göterim, hususy haryt öndürijilerine berlen karz serişdeleriniň möçberi bolsa 1,4 esse artdy. Şu yylyň ýanwar-iýun aýlarynda «Internet-bank» töleg ulg

Sebitiň sazlaşykly ösüşi

13-nji iýulda hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda döwlet Baştutanymyzyň Balkan welaýatyna boljak iş saparyna taýýarlyk çäreleriniň maksatnamasyna garaldy. Gün tertibine girizilen meseleler boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary hasabat bilen çykyş etdiler. Wise-premýerleriň hasabatlaryny degişli yzygiderlilikde diňläp, milli Liderimiz ähmiýet berilmeli meselelere ünsi çekdi we anyk tabşyryklary berdi. Ilki bilen göni aragatnaşyga ykdysadyýet we maliýe ulgamyna hem-de Balkan welaýatyna gözegçilik edýän wise-premýer çagyryldy. Wise-premýer ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň çäklerinde Balkan welaýatynyň senagat düzümini işjeňleşdirmek, günbatar sebitde medeni-durmuş maksatly binalaryň gurluşygyny çaltlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň günbatar sebite boljak iş saparynyň dowamynda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer Jebel şäherçesinde täze Halkara howa menziliniň düýbüni tutmak hem-de Balkanabat şäherinde gurlan «Türkmeniň ak öýi» binasynyň we onuň ýanynda 3 müň orunlyk sadaka jaýynyň açylyş dabarasyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek bilen baglanyşykly işler hakynda hasabat berdi

Garabogaz: ykdysady diwersifikasiýanyň «altyn halkasy»

Ýollar — ýurduň ýaraşygy Türkmenistan ulag ulgamynyň maddy-tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmakda, hereket edýän ulag-kommunikasiýa ulgamlaryny giňeltmekde we olaryň täzelerini döretmekde nusgawy işleri amala aşyrýar. Bu ýagdaý diňe bir ýurduň ykdysady kuwwatynyň mümkinçiliklerini ýüze çykarmak bilen çäklenmän, onuň geosyýasy hem-de geoykdysady täsirleriniň ýokarlanmagyna, sebitiň ösüşinedir asudalygyna goşant goşmagyna şert döredýär. Şu ýerde bir zady aýratyn nygtamak zerur: Türkmenistan geosyýasy, geoykdysady täsirlerini artdyrmak hem-de olary ösüşiň, parahatçylygyň we asudalygyň bähbitlerine ulanmak meselesinde özboluşly syýasy hem geografik aýratynlyklardan peýdalanýar. Olaryň ilkinjisi ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýy bolup, onuň dünýä döwletleri tarapyndan ykrar edilen wezipeleri, borçlary we mümkinçilikleri hiç bir döwletiň içerki işlerine gatyşmazdan hem-de hiç bir döwletiň içerki işlerimize gatyşmagyna ýol bermezden, döwleti dolandyrmaga, halkara başlangyçlarydyr teklipleri öňe sürmäge esas berýär. Şonuň bilen birlikde-de, halkara ähmiýetli tekliplerdir başlangyçlaryň hukuk esaslaryny döretmäge hem-de olary BMG-niň Baş Assambleýasynda tassyklatmaga şert döredýär. Bu ýagdaý parahatçylyk söýüjilikli tagallalary amala aşyrmakda T

Hormatly raýatlar!

Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky ýurdumyzyň raýatlaryna (kömekçi hojalygynda, bölünip berlen ýer böleginde) ekerançylygy we maldarçylygy ösdürmek, oba hojalyk önümlerini öndürmek, esasy we dolanyşyk serişdelerini edinmek hem-de iri önümçilikler üçin zerur bolan ýerli çig mallary öndürmek maksatlaryna nagt däl görnüşinde kiçi göwrümli karzlary hödürleýär. ► Karzyň möçberi — 30 000 (otuz müň) manada çenli.

Eşretli durmuşyň höziri

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyna ynamly barýan ata Watanymyzda durmuş ugurly bazar ykdysadyýetiniň milli nusgasyny kemala getirmek babatynda ägirt uly üstünlikler gazanyldy. Ýurdumyzda milli ykdysadyýetiň özboluşly nusgasy taryhy taýdan gysga wagtda kemala getirildi hem-de uzak möhletli geljekde döwletiň durnukly ösmegi üçin berk binýat döredildi. Bu gün ýurdumyzda ösen önümçilik düzümi, köpugurly ulag-kommunikasiýa, azyk senagaty, oba hojalyk ulgamlary ýokary derejede hereket edýär. Häzirki wagtda Türkmenistan iň täze tehnologiýalary peýdalanmagyň, ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny sanlylaşdyrmagyň, innowasion önümçilik düzümlerini döretmegiň, ýurduň dünýä ykdysady ulgamyna goşulyşmagyny çuňlaşdyrmagyň, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň hem-de maýa goýum işini işjeňleşdirmegiň esasynda, uzak möhletli geljegi nazarlap, durnukly ösüşiň berk binýadyny kemala getirmäge niýetlenen, hormatly Prezidentimiziň başyny başlan ykdysady özgertmeleri durmuşa geçirilýär.

Bagtyýar zamanamyzyň hormatly raýatlary!

Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik banky ýurdumyzy dürli görnüşli ekologiýa taýdan arassa, elýeter bahaly azyk önümleri bilen üpjün etmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi guramak we berkitmek ugrunda alnyp barylýan döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmäge ýardam bermek, şeýle hem raýatlara melleginde (kömekçi hojalygynda, bölünip berlen ýer böleginde) ekerançylygy we maldarçylygy ösdürmek maksady bilen, oba hojalyk önümlerini öndürmek, esasy we dolanyşyk serişdelerini edinmek hem-de iri önümçilikler üçin zerur bolan ýerli çig mallary öndürmek üçin kiçi göwrümli karzlary hödürleýär. Karzyň möçberi — 30 müň manada çenli;

Ýurdumyzyň sebitleri toplumlaýyn özgerdilýär

Garaşsyz ata Watanymyzda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» kesgitlenen wezipeleri amala aşyrmak ugrunda degişli düzümleriň sazlaşykly işi üpjün edilýär. Milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynyň senagat taýdan okgunly ösüşini gazanmak, halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek ugrunda zerur çäreler görülýär. Aýratyn-da, çäk taýdan amatly ýerleşen Türkmenistanyň halkara ähmiýetli üstaşyr ulag geçelgesi hökmündäki derejesini pugtalandyrmak, ulaglaryň ähli görnüşleriniň işini döwrüň talabyna laýyk ýagdaýda guramak we milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda sazlaşykly ösüşe gönükdirilen giň möçberli özgertmeleri amala aşyrmak, ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, çig maly gaýtadan işleýän senagat kärhanalaryny gurmak we öňki bar bolanlaryny döwrebaplaşdyrmak meselelerine möhüm ähmiýet berilýär. Bu babatda milli Liderimiziň baştutanlygynda daşary ýurtlar bilen işjeň häsiýetdäki halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrylýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz Türkmenistanyň islendik künjeginde milli ykdysadyýetimizi durnukly ösdürmeklige, halkymyzyň abadan durmuşyny has-da gowulandyrmaklyga gönükdirilen ägirt uly taslamalaryň durmuşa geçirilendigini görmek bolýar. A

Ykdysadyýet we durmuş

«7/24.tm», №28 (59), 12.07.2021. DURNUKLY ÖSÜŞIŇ BINÝADY

Harytlar we hyzmatlar ulgamynda hil meselesi

Harytlar we hyzmatlar babatynda ýurdumyzda netijeli ykdysady syýasatyň amala aşyrylýandygyny bellemek gerek. Çünki hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ähli ulgamlarda hil görkezijilerini ösdürmekde ykdysady özgertmeler durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigine ýurdumyzda öndürilýän önümleriň we ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler hem şaýatlyk edýär. Ýurdumyzda harytlar we hyzmatlar ulgamynda amala aşyrylýan özgertmelerden dünýä ülňülerine laýyk öňdebaryjy, döwrebap enjamlar, tehnikalar bilen bu pudagyň üpjün edilmegini, hil boýunça ylmy garaýyşlary beýan edýän «Standart, hil we howpsuzlyk» atly ýörite žurnalyň çap edilmegini, harytlary we hyzmatlary dolandyrmak ulgamynda geljekde zähmet çekjek hünärmenleri taýýarlaýan Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda «Hili dolandyrmak» hünäriniň açylmagyny we beýlekileri görkezmek bolar. Bu işler ulgamyň işiniň ilerlemegine uly itergi berýär.